Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, her bir türkmen raýaty pederlerimiziň arzuwlan berkarar ýurdunyň raýatydygyna guwanyp, buýsanyp ýaşaýar. Hukuk döwletimizde kanunyň mizemezligini gazanmak, Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, beýleki kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk hem-de birmeňzeş berjaý edilişine, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek möhüm wezipe bolup durýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dana Pyragy bilen baglanyşdyrylmagynda uly many bar. Munuň özi türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygryýetine goýulýan bimöçber hormatyň nyşanydyr. Dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny äleme äşgär eden beýik söz ussady her bir türkmeniň kalbynda, aňynda mydamalyk orun aldy. Akyldaryň halkyň söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp eserleri ýaş nesilleri terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň ebedi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri adamkärçiligiň, ahlagyň, mertligiň, salyhatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçegi bolup halkymyzyň arasynda asyrlarboýy ýaşap gelýär.