HABARLAR

Türkmen alabaýlary — halkymyzyň buýsanjy

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine öz goşandyny goşan halk. Gözelligi bilen dünýäni haýrana goýýan el halylary, ýelden ýyndam türkmen bedewleri, toý-baýramyň gelşigi bolan dokma önümleri, şeýle hem wepadarlygyň nyşany bolan alabaý itleri halkymyzyň dünýä beren ruhy we maddy gymmatlyklarydyr. Bu gymmatlyklar ata-babalarymyz tarapyndan arzylanyp, nesilden-nesle geçirilip, milletiň buýsanjyna, halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülendir. Türkmen halkynyň itşynaslyk sungatynyň taryhy kökleri öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn kömekçisi, wepaly dosty hasaplapdyr» diýip, belläp geçýär.

Juwaz hakynda rowaýat

Arkama-arka juwaz işledip gelýän juwazçylaryň biri juwazyň döreýşi hakynda şeýle bir rowaýaty gürrüň berdi. Öňki döwürde depseň yranmaz sahawatly baýlaryň biriniň dört ogly bilen juda owadan bir gyzy bar eken. Kakasynyň nahar-şoruna ol gyzyň özi sereder eken. Ol künjini sokuda döwüp, soňam gazanda gaýnadyp, galkman edip, ýag alypdyr. Şol ýagdan hem kakasyna palaw bişirip beripdir.

Taryhyň gatyna siňen gatnaşyklar

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky haryt alyş-çalşygy senetkärçiligiň pajarlap ösmegine itergi beripdir. Halkara söwdanyň ösüp başlan ilkinji zamanlarynda hytaýly täjirler Parfiýadan owadan hem ýel deý ýüwrük ahalteke bedewleri, şeýle hem olaryň iýmini äkidipdirler. Hytaýlylaryň islegli harytlarynyň ýene biri-de üzüm eken. Ýurdumyzda gazuw-agtaryş işlerini geçiren arheologlar eneolit we irki bürünç eýýamynyň ýadygärlikleriniň medeni gatlaklaryndan üzüm dänejiklerini tapdylar. Hytaýlylar özge ýerlerden getirip, öz ýurduna hoz, nar, injir ýaly miweli agaçlary, şeýle hem sogan, käşir, noýba, hyýar ýaly gök ekinleri hem ýaýradypdyrlar. Orta Aziýalylar şetdalydyr gawun-garpyzlar, şeýle-de tazylar, elguşlar, guýrugy elek ýaly goýunlar kimin öý haýwanlaryny-da kerwenlerde alys ýerlere äkidipdirler. 

Watan

Saba säherleri aklyga we päklige beslenen gözel, Watanym! Tamdyrda bişip durka enelerimiz ýüzüne suw sepende, reýhanlara öwrülen çöregimize siňen mukaddeslik ýaly eziz sen! Saňa bolan söýgimiz edil, seniň parahat asmanyň ýaly uç-gyraksyzdyr. Sallançakdaky ak bäbekleriň gözmonjuk deý meňziniň mähri, atalarymyzyň aýdyp beren dessanlary bize Watan mukaddesligini ýatladýar. Boýlary asmana uzaýan belent binalaryňa seredip, gözümiz röwşen tapýar. Asmandan ýagýan ýagyşlaryň damjasy topragymyzyň berekedidir. Başyndaky ýaglygyndan edebiniň yşaraty gelip duran enelerimiziň dessury ezizdir bize.

Söz soltanlygy

Bir danyşmentden: «Dünýäde iň lezzetli zat näme?» diýip soranlarynda, ol: «Söz» diýip jogap beripdir. Ata-babalarymyz çeper sözi iň esasy gymmatlyk hökmünde gadyrlapdyrlar. Şonuň üçinem hikmet we sungat derejesindäki eserler döräpdir. Şol sebäpli halk döredijiligi hem söz soltanlygyna öwrülipdir. Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi ýaly çeper söze ussat şahyrlarymyz söz soltanlygynyň ägirtleri hökmünde bakylygyň bagtyna mynasyp boldular. Parasat mülküniň eýesi Alyşir Nowaýynyň «Hamsasynyň» birinji kitaby bolan «Ýagşyzadalaryň haýranlyklary» atly eseriniň «Ajaýyp şäher» diýen bölüminde şeýle setirler bar:

Ýagşy niýet ýarym döwletdir

Şahyrana ene-mamalarymyzyň dünýäleri — durşuna ruhy hazyna. Olar her bir janly-jandaryň häsiýetini, özüne mahsus aýratynlygyny öwrenip, bular bilen baglanyşykly şahyrana söz oýnatmalaryny döredipdirler. Şol sözler bolsa, dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Goýun eýesine: «Etiňi iýmän, etimi iýdirmerin» diýipdir. Özem: «Garnym ýarym, ýerim ýyly bolsun! Artyk zadym bolmaz: ýüňüm ýorgan, süýdüm sargan, bir artyk zadym — ýel, ol-da eýämiň sakgalyny ýelejireder» diýipdir.

Hünärmentçiligiň irki nusgalary

Orta Aziýada aýna işlenilip bejerilendigi baradaky ýazuw ýatlamalaryna Hytaý ýyl ýazgylarynda gabat gelinýär. Olarda biziň eýýamymyzyň V asyrynyň birinji çärýeginde reňkli aýna ýasaýan ussalar barada habar berilýär. Alymlar olaryň ýerli ussalar tarapyndan öndürilendigi baradaky netijä gelýärler. Abu Bekr Muhammet ar-Raziniň  alhimiýa degişli traktatynda aýna ýasalyşy, onuň görnüşleri barada käbir maglumatlar bar. Bu eseri okap, aýnanyň ýasalyş usulynyň ýola goýluşyna akyl ýetirmek bolýar. Ýygyndyda aýnanyň dürli görnüşiniň bolandygy barada aýdylýar.

Ýantorbalar

Milli nagyşlar bilen bezelen ýantorbalar ony göterýän zenanlaryň görküne-görk goşýar. Berkligi, gözelligi bilen tapawutlanýan ýantorbalar dokmaçylyk önümleriniň hataryna girýär. Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýaşaýjysy, eli çeper Akjemal Abdyrahmanowa ýantorbalary dokamagyň usullary barada şeýle gürrüň berdi: — Ýantorbalar çitme, palas, kilim görnüşlerinde we kakma usulynda ýerine ýetirilýär. Palas ýantorbalar öýdüm bilen çitilýär. Şeýle ýantorbalara «buýnuzy», «bossany», «gülýaýdy» ýaly nagyşlar salynýar. Haly ýantorbalary dokamagyň tärleri köpdürli bolýar. Onuň sütüklerini emele getirmek üçin dokmaçylar iki görnüşli ýara we düwe çitimleri peýdalanýarlar.

Ussalardan galan miras

Nal ýasamak we bedew atlaryň toýnaklaryna kakmak hünäri has gadymy döwürlerden gözbaşyny alyp gaýdypdyr. Nal ikitaraplaýyn bolup, ýüzden we ýeňseden ybaratdyr. Ussalar demirleri körüge salyp, sandalda ýenjip, gerekli ölçegi alýarlar. Adatça, demirçi ussalar gyzdyrylan demri suwly gaba salýarlar. Nal ýasaýanlar bu usuly oňlamaýarlar. Munuň sebäbi şeýle: nal demrine suw degrilse, ol demriň gaty ýagdaýa öwrülmegine getirýär. Şol sebäpli gyzdyrylyp suwa salnan demirden ýasalan nal atyň toýnagynda wagty döwlegen bolýar. Bu bolsa atyň teniniň şikeslenmegine getirýär.

Gözellik dessany — türkmen halysy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ägirt uly maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ösüşiň bagtyýarlyk ýoly bilen öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar, Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýy barha belentliklere sary barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýetimiz, sungatymyz, medeni-taryhy mirasymyz, däp-dessurlarymyz ösdürilýär we giňden wagyz edilýär. Milli medeniýetimizi aýawly saklamak, goramak we geljekki nesillere ýetirmek, milli mirasymyzyň gymmatlydygyny, gadymy taryhy ähmiýetlidigini bütin dünýä açyp görkezmek ugrunda BMG bilen bilelikde netijeli işler alnyp barylýar. Gadymy Merwiň, Nusaýyň, Köneürgenjiň taryhy medeni ýadygärlikler toplumynyň BMG-niň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi baky Bitaraplygymyzyň miwesidir. Haly sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy halyçylar üçin has-da tolgundyryjy waka bolup, ol zenanlarymyzyň deňsiz-taýsyz gözelligi döredýändiginiň dünýä ýüzündäki ykrarnamasy boldy.