Nal ýasamak we bedew atlaryň toýnaklaryna kakmak hünäri has gadymy döwürlerden gözbaşyny alyp gaýdypdyr. Nal ikitaraplaýyn bolup, ýüzden we ýeňseden ybaratdyr. Ussalar demirleri körüge salyp, sandalda ýenjip, gerekli ölçegi alýarlar.
Adatça, demirçi ussalar gyzdyrylan demri suwly gaba salýarlar. Nal ýasaýanlar bu usuly oňlamaýarlar. Munuň sebäbi şeýle: nal demrine suw degrilse, ol demriň gaty ýagdaýa öwrülmegine getirýär. Şol sebäpli gyzdyrylyp suwa salnan demirden ýasalan nal atyň toýnagynda wagty döwlegen bolýar. Bu bolsa atyň teniniň şikeslenmegine getirýär.