Miras — halkyň hazynasy

5 Ýanwar 2021
3034

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzda adamzat mirasynyň genji-hazynasyna öwrülen taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri aýawly saklamaga gönükdirilen işleriň uly tapgyry amala aşyrylýar. Türkmenistanyň taryhy-medeni goraghanalarynyň üçüsiniň ýadygärlikleriniň — gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaý galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem ýurdumyzda milli mirasymyzyň goralyp saklanmagy üçin durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň netijesidir.

Halkymyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasynyň ýadygärlikleriniň müňden gowragy häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan hasaba alyndy. Bu sanaw taryhy ähmiýetli açyşlaryň hasabyna yzygiderli artýar. Taryhy-medeni mirasa juda baý bolan ata Watanymyza jahankeşdeleriň gyzyklanmasy hem has-da artýar. Daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip, täsin bezegleri bilen haýran galdyrýan ýadygärliklerimiz olarda uly gyzyklanma döredýär.

Süleýman AHMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.