HABARLAR

Abadançylygyň aýdyň ýoly

Binýady pähim-parasatdan tutulan türkmen diplomatiýasy ynsanperwerligi, agzybirligi, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramakda dünýä nusgalyk taglymat bolup äleme dolýar. Dünýäde parahatçylyk hakyndaky taglymatlaryň barha kämilleşmegini isleýän türkmen Lideri parahatçylygy döretmek sungatyny dünýä ýaýýar. Kökleri ata-babalarymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerinden gözbaş alýan, dünýä ösüşiniň çarhyna bat beren türkmeniň Bitaraplyk daragtynyň köki has berkäp, parahatçylyk taglymatyna öwrülýär. Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk. Bu iki mukaddeslik indi çärýek asyrdan gowrak wagtyň içidir dünýä kartasyna sünnälenip çekilen keşde ýaly ýaraşyp duran Türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsidir.

BITARAPLYK, PARAHATLYK BIZIŇ SAÝLAN ÝOLUMYZ

Dünýä içre belent mertebä eýe bolan ata Watanymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän şanly ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasatynda parahatçylyk taglymatyna berk eýerýär. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine pugta eýerýän Türkmenistan döwletimizde hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiliginde eýeleýän orny barada bagtyýar ildeşlerimiz ýürek buýsançlaryny beýan edýärler. Bitaraplyk — milli ýörelgelerimiziň özeni

Watan goragy mukaddesdir

Hormatly Prezidentimiziň asly halallyga, nuranalyga ýugrulan halkymyzyň merdi-merdanalyga, watanperwerlige sarpasy Watan goragçylary hakynda yzygiderli edýän aladalarynda aýdyň ýüze çykýar. Uly rowaçlyklara beslenýän galkynyşly döwrümizde durmuşa geçirilýän harby özgertmeler giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Milli goşunymyzyň harby kuwwaty pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleri has-da gowulandyrylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 4-nji dekabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen bagly kesgitlän wezipeleri bizi jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün etmek ugrundaky mukaddes borjumyza has-da jogapkärli çemeleşmeklige ruhlandyrýar. Biz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargyt edişi ýaly

Baýramçylyga bagyşlandy

Golaýda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 29 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Hojambaz etrap we Türkmenabat şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk – bagtyýarlygyň binýady» atly maslahat geçirildi. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen maslahata TDP-niň Hojambaz etrap hem-de Türkmenabat şäher komitetleriniň işjeň agzalary, goňşy etraplardan gelen myhmanlar gatnaşdy.

Şöhratly zamana

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel Diýarymyzda toýlar toýlara ulaşýar. Häzirki ajaýyp günlerde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk toýuna uly buýsanç, ruhubelentlik bilen barýarys. Ata-babalarymyzyň arzuwlan şanly Garaşsyzlygy, baky Bitaraplygy bu gün beýik ösüşler bilen dabaralanýar. Mukaddes Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň goşa ganatydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan bäri geçen döwrüň dowamynda baky Bitarap Türkmenistan halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkidýär, parahatçylygy goldaýar, beýleki döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasy boldy. Garaşsyz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, parahatçylygy gorap saklamak we dürli döwletleriň arasynda özara ynanyşmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry — Halkara Bitara

Parahatlyk — dillerimiziň senasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 29 ýyllyk baýramyny ajaýyp wakalar, buýsandyryjy netijeler bilen garşylaýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilýär. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasynda «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir» diýlip bellenilýär. Şeýlelikde, Konstitusiýada hemişelik Bitaraplygyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy aýratyn orun alýar. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe sessiýalarynda wise başlyklyk etdi. Döwletimiz bu abraýly wezipäni 79-njy sessiýada hem ýerine ýetirýär. Häzirki wagta çenli türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň onlarçasy kabul edildi. Ýurdumyzyň teklibi boýunça her ýylda halkara seneleriň üçüsi — 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni, 3-nji iýunda Bütindünýä we

Belent mertebe

Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk eziz Watanymyzyň goşa ganaty, goşa baýramy. Bu gün ümmülmez Diýarymyz, bagtyýar halkymyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamasy bilen dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda tassyklanan şanly Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny uly joşgun, zähmet üstünlikleri bilen belleýär. Dünýäniň bu abraýly halkara guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek tassyklanmagy bolsa halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Geçen ýyllaryň dowamynda hemişelik Bitaraplyk syýasaty jemgyýetimiziň, halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu düşünje Esasy Kanunymyzda, Döwlet senamyzda, baýdagymyzda hemişelik orun aldy, dilimiziň senasy boldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen güni milli hem halkara baýram hökmünde kalplarymyza ornaşdy. Türkmenistan baky Bitaraplygyň mekanyna öwrüldi. Bitaraplyk syýasatynyň saýasynda halkymyz parahatçylyk tuguny buýsançly parladýar.

Asudalygyň Watany

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda tutuş dünýäde parahatçylygy we rowaçlygy berkarar etmek, durnukly ösüşi pugtalandyrmak babatda beýik işleri üstünlikli amala aşyrýar. Berkarar Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy dünýäsine, däp-dessurlaryna, beýik ynsanperwerligine esaslanýar. Bu bolsa häzirki döwürde umumadamzadyň arzuwydyr, islegidir. Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň durmuşynda bedew batly beýik ösüşleriň, rowaçlyklaryň, asudalygyň, parahatçylygyň dabaralanmagynda möhüm orun eýeleýär. Bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgeleri türkmeniň ýaşyl Tugunda hem aýdyň şöhlelendirilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi belent maksatlardan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň möhüm pelsepesi hökmünde garalýar.

Döwletlilik daragty

Bitarap Diýarymyz, gör, neneňsi bezemen, arassa, owadan toý lybasynda. «Türkmenistanyň baky Bitaraplygyna 29 ýyl» diýen owadan ýazgy, köçeleri nurlandyryp, bezäp oturan her dürli elektrik çyrajyklardaky şygarlar her bir türkmen raýatynyň kalbynda şatlykly toý joşgunyny döredýär, buýsandyrýar, guwandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen merjen şäherimiz Aşgabadyň merkezinde Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny dünýä tanatmaga şert döretdi. Şu ýyl Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de türgenlerimiziň dünýä ýurtlarynda geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşyp, gazanýan üstünlikleri, ýaşyl Tugumyzy ýeňişleri bilen buýsançly parlatmaklary döwletimiziň bize beren bagtydyr.

Bitaraplyk baky şuglasyn saçsyn!

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdepde baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk baky şuglasyn saçsyn!” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen dabarada mekdep okuwçylarynyň, çagalar ýetginjekler döredijilik öýüniň aýdym-saz, tans toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki belent owazly aýdym-sazlara, tans çykyşlaryna giň orun berildi. Sungat çykyşlarynda Watanymyzyň dünýäde arşa galýan şan-şöhraty, asuda, abadan durmuşymyz, dost-doganlyk joşgunly beýanyny tapdy. Çagalaryň labyzly okan goşgulary dabara gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi. Ruhubelentlige beslenen dabara gatnaşanlar baky Bitarap Watanymyzy bedew bady bilen uly ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.