Döwletlilik daragty

4 Dekabr 2024
140

Bitarap Diýarymyz, gör, neneňsi bezemen, arassa, owadan toý lybasynda. «Türkmenistanyň baky Bitaraplygyna 29 ýyl» diýen owadan ýazgy, köçeleri nurlandyryp, bezäp oturan her dürli elektrik çyrajyklardaky şygarlar her bir türkmen raýatynyň kalbynda şatlykly toý joşgunyny döredýär, buýsandyrýar, guwandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen merjen şäherimiz Aşgabadyň merkezinde Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny dünýä tanatmaga şert döretdi. Şu ýyl Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de türgenlerimiziň dünýä ýurtlarynda geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşyp, gazanýan üstünlikleri, ýaşyl Tugumyzy ýeňişleri bilen buýsançly parlatmaklary döwletimiziň bize beren bagtydyr.

Mahym JUMAÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.