HABARLAR

Merdanalygyň belent sarpasy

Watansöýüjilik, ynsanperwerlik babatda bize görelde bolup durýan hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda gahrymançylyga beslenen baý taryhymyzy, pederleriň beýik watançylyk mekdebini, Garaşsyz döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň geçen ýoluny örän ussatlyk bilen seljermek hem-de beýan etmek bilen, bagtyýar ildeşlerimiziň watansöýüjilik duýgusyny joşdurýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, beden we ruhy taýdan kemala getirmek, bilim almaga, hünär edinmäge bolan hukuklary amala aşyrmak ýaly ugurlara uly ähmiýet berilýär. Halkymyz Watany owal-ahyr beýik mukaddeslik saýyp, nesillerini hut şu ruhda terbiýeläpdir. Mukaddeslik ähli sarpalanýan, hormatlanýan, eziz saýylýan zatlary öz içine alýar. Gymmatlyklaryň mukaddes bolşy ýaly, olaryň goragy-da mukaddesdir. Her ýylyň 27-nji ýanwarynyň Watan goragçylarynyň güni hökmünde giňden, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi ähmiýeti taýdan çuňňur mazmuna eýedir.

Ýyl ýylydan başlanandyr, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzyň goldamagy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adyny dakynan täze ýylymyzyň düşümli bolmagyny arzuw edýärin. Ýyl adyna eýe bolsun! Saglyk, salamatlyk, abatlyk, rahatlyk dowam bolsun! Ýüzüni açan günleriniň ajaýyp wakalar bilen başlanmagy juda ýakymly. Hormatly Prezidentimiziň, mähriban Arkadagymyzyň ilkinji sahawatly iş saparynyň Günüň dogýan ýerinden, ýagny Lebap welaýatynyň çäklerinde başlanmagynda uly many bardyr. Akylly baş oýlanyşykly oýunyň çuňdan alýan pikiriniň esasynda guraýandyr. Rysgaldan, döwletden alamat bardyr. «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýýändir türkmen.

Sungat eserlerinde parahatçylyk

Ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan «Diýarym asuda, ýurdum parahat» ady bilen sungat eserleriniň sergisi hem ýylyň şygaryna bagyşlandy. Sergide ussat nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň ýerine ýetiren sungat eserleri görkezildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Annadurdy Almämmedowyň, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, şeýle-de ussat suratkeşler Rustam Abdullaýewiň, Şemşat Mämmedowanyň, Mekan Nurýagdyýewiň, Dmitriý Filipçenkonyň dürli ýyllarda döreden nakgaş eserleri sergilendi. Dürli keramika eserleri bilen milli şaý-seplerimiz hem serginiň bezegine öwrüldi.

Oguz hanyň sekizburçluk nyşany

Soltan Sanjaryň kümmetiniň gümmezindäki sekizburçlugyň, ondan bölünip gidýän şahalaryň şekili Oguz hanyň ýyldyzynyň we nesilbaşymyzyň nesil şejeresiniň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady bilen bina edilen Oguz hanyň ýyldyzynyň şekilindäki täze gurlan «Mahabat» binasy atalarymyzyň ruhy siňen döwletlilik ýörelgelerimize täze röwüş — döwrebap öwüşgin çaýýar.

Türkmenistan — parahatçylygyň mekany

Hormatly Prezidentimiz XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewüliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmek bilen, Zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän parahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ähli şertleri döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem milli Liderimiziň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasy boldy. Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmekligiň teklip edilmegi hem parahatçylygyň adamzat üçin iň zerur şertleriň biridigini doly subut edýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi hemişelik Bitaraplygymyzyň daşary syýasatymyzdaky beýanydyr. Türkmenistan diňe bir sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenm

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen geçirilen nobatdaky onlaýn duşuşygyň çäklerinde “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mary welaýaty: döredijilikli zähmetiň miweleri

Diýarymyzyň Mary welaýatynyň ilaty döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekmek bilen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemledi. Döwlet hem-de hususy eýeçilikdäki kärhanalarda zähmet çekýän işgärlerdir hünärmenler, telekeçiler ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň hasabyna uly özgertmeleri geçirip, ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşdular. Senagat kärhanalarynda alnyp barylýan oňyn işleriň netijesinde welaýatda senagat harytlarynyň öndürilişi görnetin artdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän oba özgertmelerinden, obasenagat toplumynyň işgärlerine berilýän yzygiderli goldawdan ruhlanan welaýatyň oba zähmetkeşleri bugdaýy, pagtany, gant şugundyryny, gök-bakja ekinlerini ýetişdirmekde we bereketli hasyly ýygnamakda ussatlyklaryny görkezdiler. Olar daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmekde köpleriň alkyşyna mynasyp bolýarlar. Welaýatyň daýhanlarydyr hususyýetçileri özlerine bölünip berlen ýer böleklerinde bugdaýy, gowaçany, gant şugundyryny, ýeralmadyr, gök-bakja ekinlerini, miweli baglary hem-de banan ösdürip ýetişdirmek bilen, bazarlarymyzda bolçulygy has-da berkitmäge ýakyndan goldaw b

Taryhy wakalara bagyşlandy

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparynyň barşynda birnäçe halkara taslamalara badalga berildi. Olaryň arasynda Akina — Andhoý demir ýoly, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisi we «Malaý» gaz käninde açylan kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr gaz gysyjy desga bar. Dünýä ýaň salan bu taryhy wakalar halklaryň parahatçylygyna, birek-birege ynanyşmagyna gönükdirilip, ähli watandaşlarymyza uly şatlyk, buýsanç duýgularyny paýlady. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi Türkmenabat şäherinde «Arkadagyň sapary ― halklaryň parahatçylygy» atly hoşallyk maslahatyny geçirdiler. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Watany beýgeldýän ýyl bolar

Bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň ýoly Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda dost-doganlykdan, agzybirlikden we ynsanperwerlikden badalga alyp, ol dünýä nusgalykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda halkymyzyň her güni şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy kalbymyzy buýsanja besledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, her bir ýylyň özboluşly atlandyrylmagy öňde goýýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň dabaraly belleniljek ýylynyň şeýle atlandyrylmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Taryhy döwrüň möhüm ähmiýetli desgalary halklaryň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri goňşy halklar bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklap gelipdir. Merdana halkymyzyň bu asylly däpleri Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has-da belentden dabaralanýar. Dünýä medeniýetiniň ösdürilmegine uly goşant goşan gadymy Beýik Ýüpek ýoly täze röwüşde gaýtadan dikeldilýär. Bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz goňşy halklar, şeýle-de dünýä döwletleri bilen özara hem netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär. Türkmen topragyndan dünýä ýüzüne dostluk ýollary çekilýär. Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly orun berilýär. Türkmen we owgan halklaryny taryhy kökler bilen birlikde, häzirki taryhy döwürde agzybirlikli, dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ysnyşykly ýola goýulmagy netijesinde iki ýurduň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga itergi berýän ykdysady ösüşlere eýe bolunýar. Bu babatda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezmek bolar. Bular goňşy halklaryň müdimi dostlugynyň aýdyň ke