Mary welaýaty: döredijilikli zähmetiň miweleri

21 Ýanwar 2021
1892

Diýarymyzyň Mary welaýatynyň ilaty döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekmek bilen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemledi. Döwlet hem-de hususy eýeçilikdäki kärhanalarda zähmet çekýän işgärlerdir hünärmenler, telekeçiler ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň hasabyna uly özgertmeleri geçirip, ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşdular. Senagat kärhanalarynda alnyp barylýan oňyn işleriň netijesinde welaýatda senagat harytlarynyň öndürilişi görnetin artdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän oba özgertmelerinden, obasenagat toplumynyň işgärlerine berilýän yzygiderli goldawdan ruhlanan welaýatyň oba zähmetkeşleri bugdaýy, pagtany, gant şugundyryny, gök-bakja ekinlerini ýetişdirmekde we bereketli hasyly ýygnamakda ussatlyklaryny görkezdiler. Olar daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmekde köpleriň alkyşyna mynasyp bolýarlar. Welaýatyň daýhanlarydyr hususyýetçileri özlerine bölünip berlen ýer böleklerinde bugdaýy, gowaçany, gant şugundyryny, ýeralmadyr, gök-bakja ekinlerini, miweli baglary hem-de banan ösdürip ýetişdirmek bilen, bazarlarymyzda bolçulygy has-da berkitmäge ýakyndan goldaw berýärler.

Welmuhammet GALANDAROW.
«Türkmenistan».