Türkmenabadyň toýly günleriniň şanly wakalary

16 Ýanwar 2021
2035

Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli teleköpri arkaly birleşdirilen dabaralaryň yzysüre şäheriň ýaşaýjylarynyň şatlygyna şatlyk goşan ýene-de bir dabara bolup geçdi. Şäheriň Alty Garlyýew köçesiniň ugrunda welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugynyň täze, döwrebap binalar toplumy ulanylmaga berildi.

Häzirki wagtda bu köçäniň ugrunda dolandyryş-edara jaýlarynyň döwrebap binalarynyň giden bir hatary ýerleşýär: ýangyn howpsuzlygy gullugynyň edara jaýy olaryň sazlaşykly hatarynyň üstüni ýetirdi.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.