HABARLAR

2021-nji ýylyň maýy: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

Geçen aýda geçirilen köp sanly işewür duşuşyklar, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler we ýurdumyzyň durmuşyndaky beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar durmuşyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan “Açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda geçirilýän bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyny açmaga hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — aýry-aýry daşary ýurt döwletleri hem-de iri halkara we abraýly sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary okgunly ösdürmäge ýardam etdi.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň binýady

Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

5. Bitaraplyk — asudalygyň aýdyň ýoly Türkmenistanyň Bitaraplygynyň düýp esaslaryny döwletimiziň Garaşsyzlygyny alan döwründäki taryhy şertlerden gözlemek dogry bolar. XX asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyry we 90-njy ýyllarynyň başy dünýäniň syýasy keşbini düýpli özgerden ägirt uly wakalaryň döwri hökmünde taryha girdi. Bu döwürde SSSR-iň dargamagy bilen, onuň düzümindäki respublikalar garaşsyzlyk ýoluna düşdüler. Netijede, Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny yglan edip, dünýä bileleşiginiň deň hukukly agzasyna öwrüldi.

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Parahatçylyk, ynanyşmak ynsan durmuşynda esasy zerurlyklaryň biridir. Ynanyşmagyň bar ýerinde hormat, sarpa dabaralanýar. Ynanyşmak we parahatçylyk ykdysady, syýasy, medeni ösüşleriň binýadydyr. Ählumumy howpsuzlyk, abadançylyk Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän taglymatlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň beýik işleri, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän başlangyçlary dünýäde ykrar edilýär. Halkara gatnaşyklaryna giň gerim berýän ýurdumyz sebitara hyzmatdaşlygyny, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýyny arşa galdyrýar. Diýarymyz BMG-niň alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerinde halkara jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar.

Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasaty, halkara gatnaşyklary milli bähbitler bilen birlikde dünýäniň, sebitiň ýurtlarynyň, halklarynyň bähbitlerine gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär we möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Dünýä bileleşigi baky Bitarap Türkmenistany umumadamzat we sebit ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmeginde mynasyp we ynamdar hyzmatdaş hökmünde giňden ykrar edýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm bolan Kararnamalaryň kabul edendigini ýatlap geçmek bolar. Özara hyzmatdaşlygyň täze mysallary hökmünde 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň üçüsine: 2020—2023-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020—2022-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020—2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanandygyny we beýleki

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 1-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekiliýeti onlaýn görnüşde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň ikinji baş maslahatyna gatnaşdy. Bu maslahat utgaşykly görnüşde Pakistanyň Yslamabat şäherinde öz işine başlady.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 28-nji maý (TDH). Türkmen parlamentarileri sanly wideoaragatnaşyk arkaly, şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar. GDA agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasy tarapyndan guralan forum “Planetanyň ekologiýasy — durnukly ösüş” ady bilen geçirildi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk Şu günler Parlamentara bileleşigiň wideomaslahat görnüşinde geçirilýän nobatdaky assambleýasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary gatnaşýarlar, maslahat şu gün — 28-nji maýda tamamlanýar.

Parahatçylyk ýurdumyzyň röwşen ýoludyr

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde sebitara hyzmatdaşlygy, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar we onuň barha ösdürilmegi üçin tagalla edýär. Ählitaraplaýyn bähbitli şeýle hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara gatnaşyklarynyň ykrar edilen ýörelgelerine esaslanýandygyna doly şaýatlyk edýär. Türkmenistan diňe Merkezi Aziýada däl-de, eýsem, bütin dünýäde ykrar edilen ylalaşdyryjy merkez, baky Bitarap döwlet hökmünde giňden meşhurdyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, Türkmenistan dünýäde parahatçylyga we köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlyklaryna gönükdirilen gatnaşyklary giňeltmek arkaly olaryň döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürilmegi ugrunda başlangyçlara badalga berýär. Iki sany uly yklymyň — Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň sepgidinde asudalygyň we durnuklylygyň gyşarnyksyz utgaşmagy bilen tapawutlanýan döwlet düzgüniniň özboluşly nusgasyny dünýä ýaýdy. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda durmuşa geçirilen ähli işler, ýetilen belent sepgitler, ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň synmaz syýas

Parahatçylyk hem ynam — baş ýörelgämiz

Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we durnukly ösüş ýoluny öňe sürdi. Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ygtybarly ýol bilen geljege barýan ýurdumyzyň saýlap alan ählumumy ösüş ýoly, taryhy gadymyýetden gaýdan halkymyzyň şöhratly geçmişinden gözbaş alýar. Türkmen halky islendik maslahat-geňeşde söz jemlenende «Dünýä abadan bolsun, iller — parahat!» diýip, köňül kelamyny ak ýürekden beýan edýär. Döwlet Baştutanymyz dana pederlerimiziň beýik parasadyndan ugur alyp, bir halkyň ýa-da ýurduň bagtyýarlygynyň ýeterlik däldigini, onuň ähli halklaryň, döwletleriň bagtyýar ýaşaýşyny öz içine almalydygyny tekrarlaýar we özüniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bu hakynda: «Türkmenistan bitewülik ýörelgelerine ynsanperwerligiň nukdaýnazaryndan baha berýär we onuň umumy esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda öňe hereket etmäge çalyşýar. Munuň özi umumadamzat bähbitli tagallalarymyzda öz beýanyny tapýar» diýen paýhasly jümleleri getirýär.