5. Bitaraplyk — asudalygyň aýdyň ýoly
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň düýp esaslaryny döwletimiziň Garaşsyzlygyny alan döwründäki taryhy şertlerden gözlemek dogry bolar. XX asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyry we 90-njy ýyllarynyň başy dünýäniň syýasy keşbini düýpli özgerden ägirt uly wakalaryň döwri hökmünde taryha girdi. Bu döwürde SSSR-iň dargamagy bilen, onuň düzümindäki respublikalar garaşsyzlyk ýoluna düşdüler. Netijede, Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny yglan edip, dünýä bileleşiginiň deň hukukly agzasyna öwrüldi.