Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde sebitara hyzmatdaşlygy, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar we onuň barha ösdürilmegi üçin tagalla edýär. Ählitaraplaýyn bähbitli şeýle hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara gatnaşyklarynyň ykrar edilen ýörelgelerine esaslanýandygyna doly şaýatlyk edýär. Türkmenistan diňe Merkezi Aziýada däl-de, eýsem, bütin dünýäde ykrar edilen ylalaşdyryjy merkez, baky Bitarap döwlet hökmünde giňden meşhurdyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, Türkmenistan dünýäde parahatçylyga we köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlyklaryna gönükdirilen gatnaşyklary giňeltmek arkaly olaryň döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürilmegi ugrunda başlangyçlara badalga berýär.
Iki sany uly yklymyň — Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň sepgidinde asudalygyň we durnuklylygyň gyşarnyksyz utgaşmagy bilen tapawutlanýan döwlet düzgüniniň özboluşly nusgasyny dünýä ýaýdy. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda durmuşa geçirilen ähli işler, ýetilen belent sepgitler, ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň synmaz syýasy erk-isleginiň, pähim-parasatynyň we gujur-gaýratynyň netijesidir. Milli Liderimiziň döwleti dolandyrmakda, ýurdy ösdürmekde maksada okgunlylygy, syýasatda öňdengörüjiligi, halkyna bolan çäksiz ynamy hem söýgüsi ähli üstünliklerimiziň binýady boldy. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, öňdengörüjiligi bilen binýady berkden tutulan Türkmenistanda her bir raýatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady, medeni we syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.