HABARLAR

Aşgabat: köne heňňam — täze eýýam

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen döwleti täze belentlikleri nazarlaýar. Ösüşleriň we zamanabap özgertmeleriň ählisiniň özeninde «Döwlet adam üçindir!» diýen belent maksatly şygar bolup, ol tutuş ýurdumyzyň we ähli halkymyzyň bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýan döwlet Baştutanymyzyň bütindünýä derejesindäki ýokary ynsanperwer başlangyçlary bilen sazlaşykly utgaşýandyr. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny», şeýle-de beýleki maksatnamalary amala aşyrmak ugrunda takyk işler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, paýtagtymyz Aşgabat bu günki günde diňe bir gözel Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň işewürlik, medeniýet, ulag, söwda we ylym-bilim, innowasion merkezleriniň birine öwrüldi.

Garaşsyzlygyň aýdyň ýoly

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy biziň iň uly gymmatlygymyzdyr. Ol ene topragyny, ata Watanyny jandan söýýän halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşup, röwşen geljege bolan ynamyny artdyrýar. «Eziz Watanymyzyň iň täze taryhy, biziň üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlykdan başlanýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Hawa, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyzda dünýä ýaň salan tutumly işleriň ençemesi amala aşyryldy, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetildi. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bolsa bu üstünlikler has-da berkidilip, ägirt uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyz dünýäniň senagat taýdan ösen, kämil syýasy ulgamy bolan, adalatly we demokratik jemgyýetli ýurtlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde bu gün ata Watanymyz ähli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ýurdy hökmünde sebitde hem-de bütin dünýäde uly abraý-hormatdan peýdalanýar.

Baky bagty peşgeş beren Arkadaga alkyş bolsun!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe durmuşymyz turuwbaşdan özgerip, tutumlarymyz rowaçlyga beslendi. Hut şonuň üçinem dört ýyl mundan ozal Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň raýatlary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna agzybirlik bilen bir adam ýaly bolup gatnaşdylar we öz milli Liderini döwlet Baştutanlygyna täze möhlete saýladylar. Munuň özi halkyň erk-isleginiň aýdyň beýanyna öwrüldi we şol bir wagtyň özünde-de örän dürs ädim boldy. Taryhy wakalary peşgeş berip, tirkeş gurap geçip barýan ýyllar bu hakykaty bütin aýdyňlygy bilen görkezýär: ata Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly-uly ösüşlere eýe bolup, täze belentliklere bedew bady bilen ynamly barýar, halkara derejesindäki at-abraýy bolsa has-da belende göterilýär. Biz «Garaşsyz Watanymyz biziň her birimiz üçin ezizdir, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermek uly bagtdyr» diýýän pähimdar Baştutanly ýurduň, «Hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistanyň alyp barýan halkara işiniň esasyny düzýär» diýýän milli Liderli döwletiň we «Biziň ähli işlerimiz mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň hatyrasynadyr» diýýän G

Arkadag

Döwletlisiň, döwranlysyň, halatlysyň, Arkadag!Gaýratlysyň, uçar guş deý ak atlysyň, Arkadag!Bu gün dünýä haýran galýar ýurdumyzyň badyna,Zemin içre at-abraýly, şöhratlysyň, Arkadag! Eziz Diýar ösüşlere beslenýändir gün-günden,Bütin älem nusga alýar bagtyýarlyk döwrüňden,Dowamat-dowamly bolsun şöhratyň hem, ömrüň hem,Ýer ýüzünde sylaglysyň, sarpalysyň, Arkadag!

Işde we durmuşda hemişe öňde

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşikde her bir gatnaşyjy özüniň iş ýeri, zähmet we durmuş ýoly, bagtyýar maşgalasy we jemgyýetçilik işlerine gatnaşyşy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly barada çeper sözlerde gürrüň berip, eşretli döwrümiziň hözirini görmäge ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdy. Netijede, Balkanabat şäherindäki 34-nji çagalar bagynyň müdiri Gülaýym Nyýazmämmedowa «Ýylyň işewür zenany», «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň ammarçysy Tuwaktäç Mämmetgeldiýewa «Ýylyň çeper elli zenany», welaýat medeniýet merkeziniň işçisi Gözel Hudaýberdiýewa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», 24-nji orta mekdebiň mugallymy Bibigül Nurjanowa «Ýylyň mährem zenany», harby gullukçy Aýna Haýdarowa «Ýylyň watançy zenany» diýen atlara mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga h

Ýurt goragçylarynyň waspy

Golaýda maýor Aganazar Allaberenowyň serkerdelik edýän harby bölüminde «Biz — Watanyň goragçysy, galkany» atly diwar synlamalarynyň bäsleşigi geçirildi. Ökdelerden ökdeleri saýlan bäsleşik diýseň çekeleşikli geçip, oňa gatnaşan çagyryş boýunça harby gullukçylar öz döredijilik ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde maýor Narly Garaýewiň serkerdelik edýän diwiziony 1-nji, maýor Guwanç Garagulowyň serkerdelik edýän diwiziony 2-nji, uly leýtenant Atabaý Muhammetmyradowyň serkerdelik edýän batareýasy 3-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere harby bölümiň serkerdesi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Adalat HOJAKULYÝEWA,kapitan.

Parahatçylyk — asylly ýörelgämiz

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanýandygynyň aýdyň we anyk subutnamasydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda sebit we ählumumy abadançylygy üpjün etmekde dost-doganlyk gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Aslynda parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk — bularyň ählisi milli Liderimiziň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapýar.

Taryhy ähmiýetli tutumlar

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy okgunly ösüşe eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän uly möçberli maýa goýum taslamalary we tehniki-ykdysady maksatnamalar şol ösüşiň esaslary bolup durýarlar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, nebitgaz ulgamynda önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Daşary ýurtlar, şol sanda goňşy döwletler bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işleriň barha giň gerime eýe bolýandygy aýratyn buýsandyryjydyr. Ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmekde, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany munuň aýdyň subutnamalarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Häzirki wagtda bu taslamanyň durmuşa geçirilişiniň ýokary depgine eýe bolandygyny bellemek gerek. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasy

Arkadaga alkyş — kalplarda sena

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly üstünliklere beslenjek ýene bir ýylynyň — 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler şu günler ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri TDP-niň Balkanabat şäher komitetiniň guramagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilip, ol «Bagtyýar halkymyz Siziň bilendir, eziz Arkadagymyz!» diýlip atlandyryldy. Partiýanyň şäher komitetiniň hem-de welaýat merkezindäki edara-kärhanalaryň ilkinji partiýa guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen söhbetdeşlikde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda edilen işlere seljerme berildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän 2021-nji ýylda amala aşyrylmaly wezipeler çäredäki çykyşlarda esasy orny eýeläp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda beren tabşyryklary, maslahatlary

Bitaraplyk — baky bagtymyz

Arkadag Prezidentimiziň her bir eserinde döwrüň beýik ruhy galkynyşy örboýuna galýar. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýyl bilen adybir «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabyny giň okyjylar köpçüligine peşgeş berdi. Täze kitapda döwrüň aýratynlygy, milletiň pähim-paýhas hazynasy, ruhy gaýduwsyzlygy çeper beýanyny tapýar. Bilşimiz ýaly, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy umumadamzadyň geljegi hakyndaky wezipeleriň maksadalaýyk çözgütleriniň üpjün edilmeginde möhüm orna eýedir. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ynsanperwerlik, parahatçylyksöýüjilik, ynsan mertebesini dabaralandyrmak ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen taryha şan beren milletimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki gazananlary, hemişelik Bitaraplygymyzyň milli kökleri, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara-hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegindäki mynasyp orny düýpli teswirlenilýär hem-de dünýäniň ählumumy wezipelerini amala aşyrmagyň mümkinçilikleri içgin seljerilýär.