HABARLAR

Bitaraplyk ýörelgämiz rowaçlanýar

Ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrmak ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimiz birek-birege hormat goýmaga, dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen uly işleri alyp barýar, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly döwletimiz içeri we daşary syýasatda uly üstünlikleri gazanýan, tutuş adamzadyň ösüşiniň hatyrasyna başlangyçlary öňe sürýän, abraýy ýylsaýyn artýan döwlet hökmünde tanalýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, içeri hem-de daşary syýasatda alyp barýan işleri sebitde parahatçylygy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy, asudalygy gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Mertebe sütüni

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasy boldy. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Döwlet baýdagymyzda Bitaraplygymyzyň alamaty bolan zeýtun baldajyklary şekillendirildi. Döwlet Senamyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz bilen şöhlelendi. Halkara Bitaraplyk güni — ýurdumyzyň iň naýbaşy baýramlarynyň birine öwrüldi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi bilen, 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi we degişli Kararnamany kabul etdi. Bu resminamada, hususan-da, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigi, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde onuň orny bellenilýär.

Abadançylygyň we ösüşleriň ýoly

Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk ýoly hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde hil taýdan täze derejä eýe boldy. Baky Bitaraplygyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti artdy. Agzybirligiň, jebisligiň netijesinde durnukly ösüşlere beslenýän Türkmenistanyň baky Bitaraplyk gününiň — 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen ykrar edilmegi halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň aýdyň nyşanydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek we ilerletmek geljek otuz ýylda ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň dabaralanmagy

Berkarar Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygyny gazananyndan bäri 27 ýyl geçen hem bolsa, şol ajaýyp gün 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry güni asyrlarboýy edilen arzuwlaryň wysaly bolup, göwünlerimizi galkyndyrýar. Mähriban halkymyz hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan gününi şanly wakalaryň, mukaddeslikleriň hatarynda goýýar. Aslynda, ynsanyň arzuwda ýaşamagy tebigy ýagdaý. Pederlerimiziň berkarar döwletde ýaşamak, eşretli durmuşda ömür sürmek islegi asyrlarda kämilleşip, göwünleri galkyndyrypdyr. Bu şanly waka 27 ýyl mundan ozal ykballarymyzy nurlandyryp, maksadymyzy myradyna gowşurdy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uludan bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli golaýda Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Halkyň mertebesini belende göterýän gymmatlyk

Hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlaryndan gözbaş alan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän her günümiz agzybirlikden kemal tapan eziz halkymyzyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny barha beýgeldýär. Şeýle şatlykly günlerde biz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýuny uly dabaralara besläp, mynasyp derejede garşy alýarys. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň pederlerimizden gelýän nusgalyk ýoluny saýlap alan ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda örän uly üstünlikler gazanylýar. Bu ajaýyp taryhy eýýamda Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen ýörelgesine laýyklykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ykdysady, durmuş-medeni ösüş babatynda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzyň gün-günden gülläp ösüşi halkymyzyň guwanjyna we buýsanjyna öwrülýä

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygyna

Bitaraplyk ýoly — dünýä nusga göreldämiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.

Halkara Bitaraplyk gününe

Bitaraplyk — buýsanjymyz Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp, ymykly ösüşiň ýoluna düşdi. Şu ajaýyp ýolda Gahryman Arkadagymyzyň beýik ýörelgelerine eýerýän Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyz uly joşgun, belent ruh bilen döredýär, gurýar.

Baky bagtyň şuglasy

Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ze gu­wan­mak, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň he­mi­şe­li­k Bi­ta­rap­ly­gy­nyň iki ge­zek yk­rar edil­me­gi hal­ky­myz üçin iň uly mer­te­be­dir. Bi­ta­rap­lyk — be­lent de­re­je, hal­ka­ra ab­raý­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­myz­da ga­za­ny­lan uly üs­tün­lik. Türkmenistan dün­ýä ýurt­la­ry­na dost­luk­ly go­lu­ny uzad­ýar. Ýur­du­myz dost-do­gan­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän yl­my-ama­ly mas­la­hat­la­ryň, fo­rum­la­ryň mer­ke­zi­ne öw­rül­di.

Dünýä nusgalyk ýö­rel­ge­

Ýüreklerde bagtyýarlyk mukamy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda BMG-ä agza döwletler tarapyndan bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen döwletimiz hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyny belläp geçýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hünärmenleri hem dürli çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklaryny, dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirýär. Her bir geçirilýän çärede eziz Watanymyzyň dünýä ýüzündäki belent abraý-mertebesi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleri, ylalaşdyryjy merkez hökmünde ýurdumyzyň sebitde we dünýäde eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüňler edilýär. Şol dabaralarda halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň ady alkyşlara beslenýär. Şeýle dabaralaryň biri ýaňy-ýakynda merjen şäherimizdäki «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezinde geçirildi. «Ýüreklerde Bitaraplyk mukamy» diýlip atlandyrylan bu baýramçylyk dabarasyny Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilelikde guradylar. Oňa paýtagtymyzdaky hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky sungat mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynda