HABARLAR

Baglar — bereketli topragyň bezegi

Irki döwürlerde hem adamlar tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň ähmiýetine düşünmek bilen, dürli şekilleri döredenlerinde, lybaslaryň bezeginde, haly, keçe sungatynda ösümlik we haýwanat dünýäsine ýüzlenipdirler. Adam tebigatyň goýnunda ösüp, zähmet çekip, daşky gurşawyň gözelligini kalbyna siňdiripdir. Şeýlelik bilen,  tebigat ynsanyň ýakyn hemrasyna öwrülipdir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Çogly güneşi, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan türkmen topragynyň tebigaty täsin gözelligi bilen tapawutlanýar». Bu günki gün türkmeniň kalby ýaly, tebigaty-da özüne çekiji, ruhuňy göteriji güýje eýe. Bu topragyň müň öwüşginli tebigatynda gözüň eglenen ýeri durşy bilen gudrat. Onuň belent-belent daglarydyr derýalaram, çöl-sährasam durşy bilen gözellik, ummasyz hazyna. 

Oba-şäherler görke gelýär

Baharyň her güni ajaýyp, ýöne şu güni welin hemişekilerinden hem has üýtgeşik, has ýakymly täsirlere beslendi: Milli Bahar baýramynyň öňüsyrasynda — 20-nji martda Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň dowamynda 30 million daragt ekmek ýaly belent maksada gönükdirilen beýik başlangyjyny goldap, köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna çykdylar. Bag ekmek boýunça baş dabara welaýat boýunça Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtomobil köprüsiniň etegindäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu ýer hakyky zähmet baýramçylygynyň dabaralaryna beslendi. Aýdym-sazlaryň süýji mukamy bag ekmäge gelenleriň iş keýplerini we ruhlaryny belende göterdi. Il sylagly ýaşululardyr kümüş saçly eneler Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ilatynyň il-ýurduňy, tebigaty söýmek ýaly ajaýyp sypatlarynyň ýüze çykmasy hökmünde kemala gelen bag ekmek ýaly dabaraly däbi berjaý etmäge işjeň gatnaşdylar. Welaýat boýunça bu däbi berjaý etmäge başlangyç berlen giň meýdanda baýramçylyk dabarasyna dürli öwüşginleri çaýýan pursatlar örän köp boldy.

Nesilleriň abadançylygy hakyndaky alada

Hormatly Prezidentimiz ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi 20-nji martda milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy.

Tebigata söýginiň dabaralanmagy

Milli Liderimiz ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi 20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy.

Bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan dünýäde ekologiýanyň, daşky gurşawyň goralmagy ugrunda işjeň çykyş edip, nusgalyk işleri amala aşyrýar. Çöllük ýerlerde sazak, daglyk ýerlerde arça, derýa boýlarynda bolsa dürli agaçlaryň tokaýlyklary döredilýär. Olar oňaýly mikroklimaty emele getirýär, daşky gurşawy arassa saklaýar. Bag ekmek diňe howany arassalamak ýa-da adamlaryň jan saglygyna oňat täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Halkymyzda örän irki döwürlerden bäri zeminiň baýlyklary we gözellikleri bolan suwa, ýere, bag-bakja we haýwanat dünýäsine aýawly garamak babatda nesilden-nesle geçip gelýän asylly ýörelgeler kemala gelipdir. Olar häzirki bagtyýar zamanamyzda-da özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Ählihalk bag ekmek dabarasy

ÖŇŇIN berkarar Watanymyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýazky bag ekmek möwsümine badalga bolan bu asylly çäre welaýatymyzyň ähli ýerinde toý ruhuna beslendi. Nobatdaky ählihalk bag ekmek dabarasyna ildeşlerimiziň uly höwes we hyjuw bilen goşulmagy eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň, ýaşyl zolaklaryň gerimini giňeltmegiň hem-de ekologiýa abadançylygyny gazanmagyň ýolunda möhüm ähmiýete eýe boldy. Welaýat derejesindäki esasy ählihalk bag ekmek dabarasy Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesinde ýaýbaňlandyryldy. Bag ekmäge niýetlenip, birkemsiz taýýarlanan 4 gektar meýdanyň töweregi saba-säherinden toý ruhubelentligine beslendi. Pasyllaryň soltany saýylýan baharyň ir-säheriniň hoştap howasy ol ýere ýygnananlara özboluşly keýpiçaglyk eçildi. Türkmeniň alty ganat ak öýleriniň hatary bolsa, ol ýerdäki toý öwüşginleri bilen özara sazlaşygy emele getirdi. Şeýle göwün göteriji pursatlarda asylly çärä — bag nahallaryny oturtmak işine dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi bilen giň meýdandaky ruhubelentlik has belende göterildi.

Ekologiýa abadançylygy — bagtyýarlygyň gözbaşy

Tebigata aýawly garamak, daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, ýer-suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyna, çölleşmä garşy göreşmek, tebigatyň täsin künjeklerini gorap saklamak, deňiz gurşawyny we Hazar deňziniň biologiýa köpdürlüligini goramak, Araly guramakdan halas etmek ýaly ekologik meseleler şol ugruň çözülmesini talap edýän esasy şahalarydyr. Her bir türkmenistanlynyň muňa dogry akyl ýetirip, agzybirlikde göreş alyp barmagy bolsa bu babatda gazanjak iň uly ýeňşimizdir. Hut şu aýdylanlardan ugur alyp hem, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlary bolan daşky gurşawy, tebigatyň biodürlüligini, gözelligini goramak bilen bagly düýpli işler durmuşa geçirilýär. Şol alnyp barylýan işler tutuş adamzadyň şu günki hem ertirki ýaşaýşynyň kadaly, durmuşynyň abadan, sagdyn bolmagyna gönükdirilendir. Bu babatda Türkmenistan halkara derejesinde çözülmegini talap edýän suw-energetika, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi, tebigaty goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny, ekologik biodürlüligi goramak, bütin adamzady agyz suwy bilen

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň ekologiýa maksatnamalarymyz nesilleriň abadançylygy hakyndaky aladadyr

Milli Liderimiz ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy.

Bag — bakylyga goşant

Nowruz — jümle-jahanyň jana gelip, täze keşbe, täze görke girýän pursady. Şonuň hormatyna-da bu baýramda täze eşik geýmek, bolmanda, bagjygyňy täzelemek — gadymdan gelýän däp. Ol gowulyga ýorulýar. Bu gün döwletli halkymyz Nowruz baýramynda diňe bir öz donuny täzeläp, öz üst-başyna serenjam bermek bilen oňaýanok. Mertebeli millet, derejeli il bolup, tutuş ýurduna ýaşyl baglardan täze don, täze serpaý ýapýar!

Tebigata yhlas — Watana söýgi

Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz boýunça miweli we saýaly agaç nahallarynyň 30 million düýbüni oturtmak baradaky beýik başlangyjy ählihalk joşgunyny döretdi, nurana eýýamymyzy asylly zähmeti bilen beýgeltmek, arassa yhlasy bilen has-da gözelleşdirmek bagtyna eýe bolan agzybir halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Bir günüň dowamynda edilmeli iş säher bilen, bütin bir ýyla niýetlenilen iş bahar bilen başlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň gül-gülüstan ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça täze başlangyçlary beýiklere mynasyp döredijilik kuwwaty bilen rowaçlanýar. Düýn milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýazky bag ekiş möwsümi badalga aldy, sogaba baý bu döwletli iş täzelenmek, özgertmek, döretmek hem gurmak gözelligi bilen görklenýän ýurdumyzyň bagt baharyna gaýtalanmajak gözellik eçildi.