Irki döwürlerde hem adamlar tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň ähmiýetine düşünmek bilen, dürli şekilleri döredenlerinde, lybaslaryň bezeginde, haly, keçe sungatynda ösümlik we haýwanat dünýäsine ýüzlenipdirler. Adam tebigatyň goýnunda ösüp, zähmet çekip, daşky gurşawyň gözelligini kalbyna siňdiripdir. Şeýlelik bilen, tebigat ynsanyň ýakyn hemrasyna öwrülipdir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Çogly güneşi, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan türkmen topragynyň tebigaty täsin gözelligi bilen tapawutlanýar». Bu günki gün türkmeniň kalby ýaly, tebigaty-da özüne çekiji, ruhuňy göteriji güýje eýe. Bu topragyň müň öwüşginli tebigatynda gözüň eglenen ýeri durşy bilen gudrat. Onuň belent-belent daglarydyr derýalaram, çöl-sährasam durşy bilen gözellik, ummasyz hazyna.