Gür baga bürelýär gözel ülkämiz

17 Mart 2021
1894

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Milli bahar baýramynyň öň ýanynda ýurdumyzyň oba-şäherlerinde bag daragtlary köpçülikleýin ekiler. Welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem, ýurdumyzyň hemme ýerinde bolşy ýaly, köpçülikleýin bag ekişlige agzybirlik bilen gatnaşyp, bu güni hakyky zähmet baýramçylygyna öwrerler.

Zähmet baýramçylygyna welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri hem aýratyn taýýarlykly geldiler. Olar obalarymyzdyr şäherlerimiziň saýaly we miweli gür baglyga bürenmegi üçin pürli, saýaly we miweli daragtlaryň, üzümiň dürli görnüşlerini ýetişdirýärler.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.