HABARLAR

Ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek boýunça çuňňur ylmy binýada esaslanýan işler amala aşyrylýar. Aýratyn hem milli ykdysadyýetimiziň senagat, oba hojalyk pudaklaryndaky işler barha giň gerime eýe bolýar. Häzirki döwürde oba hojalyk pudagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň möhüm ulgamlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýy köp derejede ekologiýa durnuklylygynyň ösüşine baglydyr. Bular bilen baglylykda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny ugur edinýän döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişinde daşky gurşawy goramagyň, ony dolandyrmagyň hem-de ekoulgam hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň we hojalygy dolandyrmagyň düşewüntli usullarynyň ornaşdyrylmagyna, içerki we daşarky bazarda uly islegden peýdalanýan önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýaşaýşymyzyň tämiz çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak boýunça öňe sürýän ähli başlangyçlarynda we tekliplerinde adamzadyň ýaşaýşyny daş-töweregimizden aýry göz öňüne getirip bolmajakdygy baradaky esasy pikir örboýuna galýar. Ýaşyl öwüsýän daragtlar howanyň tämizligini, kislorod bilen baýlaşyp durmagyny, gysgaça aýdanyňda, ýaşaýşyň çeşmesini üpjün edýär. Adamzat — tebigatyň bir bölegi. Bu hakykat döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň özenini düzýär. Ine, şeýle syýasat bilen Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligine, jümle-jahana öz garaýyşlaryny bildirýär. Milli Liderimiz ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyna mydama üns çekip gelýär.

Şu gün — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

EKOLOGIÝA SYÝASATY — MÖHÜM UGUR Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşe binýat Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak babatdaky asylly işler barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda bu ugurda edilýän tagallalar ekologiýa syýasatynyň özenini düzýär.

Eziz Diýarymyzyň gözel tebigaty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň tebigatyny goramakda, has-da gözelleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda milli senenamamyza girizilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzda aýratyn bellenilýän seneleriň biridir. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak meselelerine degişli halkara forumlar, maslahatlar, tejribe okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär. Jemgyýetiň we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm meseleleriniň biri bolan ýokary ekologik medeniýeti kemala getirmek üçin okuw mekdeplerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaş nesle daşky gurşaw barada üznüksiz nazary we amaly bilimdir terbiýe berilýär.

Bagtyýarlygyň berk binýady

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy boýunça dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda bellenilýär. Bu baýramçylyk 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji mejlisinde döredildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu baýram Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Geçen ýyllaryň içinde Türkmenistan ekosyýasaty dünýä nusgalyk derejede ýöredip, bu ugurda möhüm halkara başlangyçlarydyr teklipleri bilen çykyş edip gelýär. Döwletimiziň ekologiýa syýasatynda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary köpeltmek we olary ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin netijeli peýdalanmak esasy maksat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýöredilýän ekologiýa syýasatynyň ähmiýetli tarapy bolsa onuň özeninde jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşygyň bolmagydyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly üns berilýär. Ekologiýa abadançylygynyň ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan şertleriň biridigi ykrar edilen ýagdaýdyr. Ýurtbaştutanymyzyň aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň bütin taryhy onuň mähriban topragy, gözel tebigaty, uç-gyraksyz Garagum çöli, bereketli dag-düzleri, gojaman Hazar deňzi we onuň ajaýyp kenary bile

Ýaşaýşyň sazlaşygy

Daş-töweregimizi gurşap alan tebigat biziň ählumumy öýümizdir. Ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanylýan tebigat bilen ysnyşykly we sazlaşykly durmuşy alyp barmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyz. Hut şonuň üçinem daşky gurşawy arassa saklamak, ony goramak, tebigy baýlyklary aýawly we rejeli peýdalanmak meselesi halkymyzyň durmuş ýörelgesine çuňňur ornaşypdyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bagtyýarlyk zamanamyzda tutuş adamzat bähbitli bu meseleler inçeden seljerilip, oňyn çözgütlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň bu ugurdaky tagallalary we dünýä jemgyýetçiligindäki syýasy işjeňligi dogrusynda ýakynda Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde geçirilen çärede täsirli gürrüňler edildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat we Saýat etrap komitetleriniň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrabyň edara-kärhanalarynyň işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar. «Ekologiýa abadançylygy ― ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilen çäräniň dowamynda ene ýere aýawly çemeleşmek, tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak ýaly möhüm meseleler dogrusynda pikir alşyldy. Türkmenistanyň Tebigat

Tebigat — bahasyz baýlyk

Ýakynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi we «Köýtendag» döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan bu goraghananyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi. Tejribe alyşmak maksady bilen geçirilen çärä jemgyýetiň işgärleri we goraghananyň wekilleri gatnaşdylar. Şu ýyl bu goraghananyň döredilenine 35 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň iň beýik gerşini goýnunda saklap oturan we iňňän baý ösümlik, haýwanat dünýäsi bolan Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny goramak maksady bilen döredilen goraghanada 2000-nji ýyldan bäri ýöriteleşdirilen muzeý işläp gelýär. Okuw maslahaty öz işine, ine, şol muzeýden başlady.

Daşky gurşawy goramak we milli kanunçylyk

Zeminde howanyň üýtgemegi, ösümlikleriň we haýwanlaryň biodürlüliginiň azalmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy, ozon gatlagynyň ýukalmagy bilen bagly global meseleleriň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak, dünýäniň ähli döwletleri bilen daşky gurşawy goramakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhüm wezipeleriň biridir. Bu meseleler boýunça dünýä möçberinde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýarym asyra golaý mundan ozal, has takygy, 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça geçirilen konferensiýasynda 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri Zeminiň 100-den gowrak döwletinde her ýylyň 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip bellenip geçilýär. Biziň ýurdumyzda hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp ylmy-amaly maslahatlar we medeni çäreler geçirilýär.

Ussat bagbanlaryň bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Diýarymyzyň çar ýany bagy-bossanlyga öwrülýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen, Garagum etrap häkimligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garagum etrap birleşmesi bilelikde dürli hünär bäsleşiklerini, wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýär. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we Garagum etrap häkimliginiň bilelikde guramaklarynda etrabyň bagban kärendeçileriniň gatnaşmaklarynda «Ussat bagban» ady bilen bäsleşik geçirildi. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bagbanlaryň bäsleşigine etrabyň daýhan birleşikleri bilen şertnama baglaşyp, azyndan 2 gektar ýerde saýaly hem miweli baglary ösdürip ýetişdiren kärendeçiler gatnaşdylar.