Ekoabadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly garamak Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Bu syýasat Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynda has kämilleşdi. Döwletimiziň ekologiýa babatynda tutýan tutumlary dünýä derejesinde ykrar edilýär. Munuň özi ýurdumyzda nusgalyk ekologiýa syýasatynyň emele gelendigini görkezýär. Bu syýasat ýaşaýşymyzyň öz gözbaşyny tebigatdan alýandygy baradaky hakykat bilen sazlaşykly ýöredilýär.
Ekologiýa ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlarynyň konsepsiýasynda esasy üç ugruň biridir. Mälim bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň konsepsiýasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryny birleşdirýär. Olaryň biri-biri bilen sazlaşykly ösdürilmegi il-ýurda gowulyklary getirýär. Dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýan, bäsdeşlige ukyply, ýurdumyzyň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün edýän döwrebap ykdysadyýetiň döredilmegi bilen durmuş we ekologiýa ugurlaryndaky görkezijiler yzygiderli ýokarlanýar. Şol bir wagtyň özünde durmuş we ekologiýa ugurlarynyň ösüşleriniň ähmiýeti biri-birinden kem däldir.