Ýurdumyza, onuň tebigatyna ählihalk söýgüsiniň nyşany

24 Maý 2021
1937

22-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow irden paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere geldi. Bu ajaýyp, döwrebap şaýollar Köpetdagyň eteginden uzalyp, Aşgabadyň kemala gelýän işewürlik merkezi bilen ajaýyp sazlaşýar.

«Balkan».