HABARLAR

«Bir nahal ekseň, ýaşyň baky»

Bag ekmek ýaly sogaply işler ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň biridir. Häzirki döwürde iň gowy tejribä laýyklykda dürli görnüşli ekilmeli baglar saýlanyp alnyp, ylmy taýdan öwrenilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan baglary saýlap almak hem-de daşky gurşawa edýän täsirini bilmek wajyplygy ýüze çykýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda gorag zolaklar döredilende pürli, saýaly, miweli, üzüm, tut nahallary, eldar sosnasy, tuýa, arizonka, garaagaç, ýasen (dar-dar), çynar, ýaprakly tut, gyrymsy agaç, bag-bezeg gülleri ekilýär. Bu ösümlikler şäher ýerlerinde we zawod-fabrikleriň töwereginde ekilse gowy bolýar. Sebäbi olar howadaky zyýanly gazlara durnukly bolup, awtomobillerden, senagat kärhanalaryndan emele gelen tozany özüne siňdirýär. Ekilen baglaryň daşky gurşawa we raýatlarymyzyň rahat ýaşamagynda, howany arassa kislorod bilen baýlaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr.

Türkmenistan — bagy-bossan

Döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawyň goraglylygy bilen bagly syýasaty netijesinde Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülen bu işler tebigaty gorap saklamak, ony geljekki nesillere aýawly ýetirmek bilen baglanyşykly bütindünýä işine goşulýan saldamly goşant bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglanyşykly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda däbe öwrülen ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, bag ekiljek ýerleri we nahallary taýýarlamaga, geçiriljek döwlet ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Il bähbitli, ekologik ähmiýetli bu ählihalk bag ekmek dabarasy, ilki bilen, ekologiýa nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem örän zerurdygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi her ýylyň ýazky we güýzki köpçülikleýin bag ekmek çäresi ilatly ýerleriň, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, raýatlaryň arassa howadan dem almagyna, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyna mümkinçilik döredýär. Öz çäk

Ylhamyňa ylham goşýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen günsaýyn gözelleşýän mähriban Diýarymyzda 9-njy noýabrda ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine badalga berilýär. Biziň mekdebimiziň mugallymlary we okuwçylary bu ählihalk watançylyk hereketine bir adam ýaly bolup agzybirlikde gatnaşýarlar. Şol gün mekdebimiziň daş-töwereginde miweli we saýaly daragtlaryň nahallarynyň ýüzlerçesini oturdarys, öňden bar bolan daragtlaryň bolsa düýplerini ýumşadarys. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky tagallalary mähriban Diýarymyzyň mukaddes topragyny has-da gözelleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bag ekmek işi hakyky watançylyk hereketine öwrüldi. Bu asylly hereketiň üsti bilen mähriban Watanymyza, dogduk depämize söýgimiziň, dürli ýatlamalarymyzyň, asyl bütin durmuşymyzyň tebigat bilen baglanyşyklydygyny ýaşlarymyza öwüt-ündew edýäris. Ýaşlar tebigatyň ylhamyňa ylham goşýan güýjüniň bardygyna sogaply işe agzybirlikli gatnaşanlarynda we bilelikde zähmet çekenlerinde göz ýetirýärler. Biz olara ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak we tebigy baýlyklaryň üstüni ýetirmek, halkymyzyň mynasyp durmuş derejesi üçin oňaýly ekologiýa şertleriniň döredilmegini üpjün etmek ugrunda amala aşy

BAG EKMEK – ÖMRE DOWAMAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny özgertmek, oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek barada giň möçberli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäginde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak we baýlaşdyrmak meselelerine uly üns berýär. Indi birnäçe ýyllardan bäri güneşli ülkämiziň ähli künjeginde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar. Munuň özi, Diýarymyzyň tebigatyny baýlaşdyrmaga, ynsan ýaşaýşy üçin zerur bolan kislorody köpeltmäge, howany arassalamaga, ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga we durnukly saklanmagyna gönükdirilen syýasatdyr. Ýurdumyzda bagçylygy ösdürmek üçin gurply ýerler, suw we amatly howa şertleri bar. Bu bolsa ýurdumyzy bagçylygyň ösen mekanyna öwürmäge mümkinçilik berýär. Geljekki baglaryň hasyllylygy hem-de uzak ömürliligi köp derejede nahalhanalarda ýetişdirilýän nahallaryň hiline we sort arassalygyna baglydyr.

Baglar — tebigatyň gözelligi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümine başlamak barada aýdanlary halkymyzda şatlyk duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiz her bir işde pederlerimizden gelýän ajaýyp ýol-ýörelgelere, asylly däplere eýerýär. Gözel Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň mysalynda-da bu hakykata buýsanç bilen göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda we özüniň gatnaşmagynda her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümine dabaraly ýagdaýda badalga berilýär. Şonuň çäginde güneşli Watanymyzyň giň çäklerinde täze tokaý zolaklary emele gelýär, daş-töweregimiz bagy-bossanlyga bürenip, türkmen tebigaty barha baýlaşýar. Dürli görnüşli baglar, güller, bezeg ösümlikleri bu gün obalarymyzyň, şäherçedir şäherlerimiziň döwrebap keşbine özboluşly gözellik goşýar.

Güýzki bag ekmek möwsüminiň bosagasynda

Ministrler Kabinetiniň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu möwsüme gowy taýýarlyk görmek bilen bagly degişli işleri geçirmek barada ýörite tabşyryk berdi. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, Mili tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant bolar. Türkmenistanda tebigaty goramak, ondan netijeli peýdalanmak, ekologiýa syýasaty babatdaky milli kanunçylyk binýady barha kämilleşdirilýär. Halkara ylalaşyklardaky möhüm hukuk kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we ýörite kanunlarda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzyň 14-nji maddasynda: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumy milli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanmaga degişlidir» diýlip beýan edilmegi biziň ählimizi bu tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga, olary gözümiziň göreji deýin goramaga borçlandyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, Suw kodeksi, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerl

Eko­lo­gi­ýa we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Ýa­şa­ýan gurşawymyz — bu bi­ziň öýü­miz. Ony go­rap sak­la­mak ýer ýü­zün­de ýa­şa­ýan her bir yn­sa­nyň mu­kad­des bor­ju­dyr. Jem­gy­ýe­tiň sy­ýa­sy gu­ra­ma­sy hök­mün­de döw­le­tiň eko­lo­gik we­zi­pe­si onuň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän we­zi­pe­le­ri­niň ul­ga­myn­da aý­ra­tyn orun tut­ýar. Jem­gy­ýe­tiň we te­bi­ga­tyň öza­ra gat­na­şy­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­niň art­ma­gy, eko­lo­gik ýag­da­ýyň ýi­ti­leş­me­gi döw­le­tiň içer­ki we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de öz­baş­dak eko­lo­gik we­zi­pä­niň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­di. Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, te­bi­gy se­riş­de­ler ada­myň ýa­şaý­şy­nyň we işi­niň esa­sy hök­mün­de re­je­li peý­da­lan­ma­ga we go­ral­ma­ga de­gişl­dir. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ada­myň, ra­ýa­tyň eko­lo­gik hu­kuk­la­ry­ny go­ra­ýar, ke­pil­len­dir­ýär.

Dünýäniň we ýaşaýşyň bezegi

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berkarar döwletimiz ösüşleriň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýdy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň depginli ösüşi dowam edýär.  «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ösüşler bilen öňe tarap hereket etmegiň esasy ýol görkezijisine öwrüldi. Bu maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak boýunça alnyp barylýan işlere, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni bagly bolup durýar. Ýene bir zerur bellemeli ýagdaý döwletimiziň ekologik syýasatynda häzirki zamanda adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmegiň mümkin däldigi esasy öňe sürülýän ýörelgedir. Hut şonuň üçin ýurdumyzda oba-kentlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gorap saklamak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Her ýylda miweli we saýaly agaçlaryň millionlarça düýbi oturdylýar. Bag ekmek işi sogap işe öwrüldi. Sogaply işleriň netijesinde tut

Ýaşyl dünýä, arassa gurşaw

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa şert­le­ri üp­jün et­mek hem­de Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li stra­te­gi­ýa­syn­da we Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­ giň ge­ri­me eýe­dir.

Suwly ýer – gülzar

Ata-babalarymyz suwa keramat hökmünde garapdyrlar. Suwdan tygşytly peýdalanmagy ýagşy endik, adat hökmünde nesillere miras goýupdyrlar. Milli terbiýe mekdebimizde hatda bol suwuň kenarynda, akar ýabyň boýunda, gözbaşynda oturan hem bolsa türkmen suwy bisarpa tutmandyr, isrip etmändir. Biz muny ýazuw edebiýatymyzdan, nesilden-nesle geçip gelen yrym-ynançlarymyzdan bilýäris.