Ministrler Kabinetiniň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu möwsüme gowy taýýarlyk görmek bilen bagly degişli işleri geçirmek barada ýörite tabşyryk berdi. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, Mili tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant bolar.
Türkmenistanda tebigaty goramak, ondan netijeli peýdalanmak, ekologiýa syýasaty babatdaky milli kanunçylyk binýady barha kämilleşdirilýär. Halkara ylalaşyklardaky möhüm hukuk kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we ýörite kanunlarda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzyň 14-nji maddasynda: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumy milli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanmaga degişlidir» diýlip beýan edilmegi biziň ählimizi bu tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga, olary gözümiziň göreji deýin goramaga borçlandyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, Suw kodeksi, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzyň bu ugurdaky kanunçylyk binýadynyň esaslaryny düzýär.