HABARLAR

«ÝAŞYL» ösüşiň strategiýasy

Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, tebigy baýlyklary rejeli, tygşytly peýdalanmak döwrüň möhüm talaby bolup, ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek ýyllarda zyýanly galyndylaryň zyňyndylaryny kem-kemden azaldyp, az uglerodly we gaýtadan dikeldilýän energiýa geçilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda «ýaşyl» ösüş strategiýasy köpasyrlyk milli ýörelgelere daýanýan döwletimiziň durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň 24-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde «ýaşyl energetikanyň» mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtap, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän energetika desgalarynyň gurulmagy babatda meýilnamalary ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Tebigatyň eçilen serpaýy

Ýene bir gezek miweleriň peýdasy barada Miweler dogry iýmitlenmegiň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Olarda adamyň saglygy üçin peýdaly witaminler we minerallar saklanýar. Sitrus miweler  C, B witaminlerine, karotine, üzüm, armyt, kiwi, şetdaly, hurma, nar antioksidant häsiýetine eýe bolan E witaminine baýdyr. Haýsy miwäniň nähili peýdasy barka? Muny bilmek gyzykly bolsa gerek.

Tebigat gözellikleri — milli baýlygymyz

Baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň gözel tebigaty adamlary özüne maýyl edýär. Şeýle bolansoň, tebigatymyzy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine uly ähmiýet berlip, bu babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Daşky gurşawyň arassalygyny, tebigat gözelliklerini gorap saklamakda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmakda, biologiki köpdürlüligi baýlaşdyrmakda hem-de tebigatymyz bilen baglanyşykly beýleki meselelerde durmuşa geçirilýän döwletli tutumlar, gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň subutnamalarydyr. Tebigatymyzy goramak barada eziz Diýarymyzda alnyp barylýan köptaraply tutumlaryň kämil hukuk binýadyna daýanýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle kanunçylyk namalarynyň hem-de uzak möhletleýin maksatnamalaryň kabul edilmegi adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolmak bilen, ekologiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly oýlanyşykly başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine itergi berýär.

Aýawly sarp ediş — abadançylygyň binýady

Kagyz — adamzat taryhyndaky iň möhüm oýlap tapyşlaryň biri. Ýöne ony öndürmek üçin daşky gurşawa ep-esli zyýan ýetirilýär. Ylmyň we tehnologiýalaryň ösýän zamanasynda kagyz kitaplaryň, neşirleriň ornuny olaryň elektron görnüşleri tutup başlady. Muňa garamazdan, durmuşymyzda kagyzyň we kagyz önümleriniň ulanylyşy azalanok. Her birimiz peýdaly ýörelgeleri durmuş hemramyza öwürmek arkaly tebigaty goramaga goşant goşup bileris. Geçmişden şu güne

Daşky gurşawy goramak mukaddes borçdur

Ýurdumyzda daşky gurşawy we ekologiýany goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, tebigatymyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Aslynda, Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, tebigaty goramak, bu babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berip gelýär. Daşky gurşawy we ekologiýany gorap saklamagyň meseleleriniň birnäçe ugurlary bolup, olary çözmekde kanunçylyk möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin ýurdumyzda soňky ýyllarda «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologiki serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle Kanunlaryň çäklerinde tebigaty, biologik köpdürlüligi we tebigy landşaftlary gorap saklamak babatynda ägirt uly işler amala aşyryldy.

«Ýaşyl energetikanyň» ýalkymy

Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, tebigy baýlyklary rejeli, tygşytly peýdalanmak döwrüň möhüm talaby bolup, ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek ýyllarda zyýanly galyndylaryň zyňyndylaryny kem-kemden azaldyp, az uglerodly we gaýtadan dikeldilýän energiýa geçilmegi göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny 2024-nji ýyla çenli gurup, ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Bu taslama «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan. Bu desganyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, esasan hem, «ýaşyl energetikany» ösdürmekde, ekologiýa we daşky gurşawyň abadanlaşmagyna, elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer diýip uly ynam bilen aýdyp bolar.

Her damjasy — zer dänesi

Suw gaýtadan dikeldilýän tebigy baýlykdyr. Emma adam tarapyndan peýdalanylan suwuň tebigata gaýdyp barmagy üçin ep-esli wagt gerek. Ýer ýüzüniň ilatynyň köpelmegi we howanyň üýtgemegi netijesinde suwa bolan isleg artýar. Suwuň sarp edilişi bilen gaýtadan dikeldilişiniň arasyndaky tapawut hem ýokarlanýar. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, iýmit, şahsy arassaçylyk we hojalyk işleri üçin bir adama gije-gündiziň dowamynda ortaça 20 litr suw ýeterlikdir. Emma ösen ýurtlarda her bir adam günde 150-den 200 litre çenli suw harçlaýar. Şahsy rahatlygyňa we maddy ýagdaýyňa zyýan ýetirmezden hem suwy tygşytly peýdalanyp, tebigaty goramaga goşant goşup bolýar. Munuň üçin durmuşyňa käbir ýönekeý endikleri ornaşdyrmak we hojalyk işjeňligi bilen baglanyşykly tilsimleri peýdalanmak ýeterlikdir. Şahsy arassaçylykda

Önümçilikde ekologik deňeçerlik

Ekologik meseleleriň üstünlikli çözülmegi ähli döwletleriň we muňa degişli ululy-kiçili halkara guramalaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Bu ugurda öz jogapkärçiligine doly we dogry düşünýän Türkmenistan hem daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar. Ykdysady işiň Ýer ýüzüniň ýaşaýyş gurşawyna ýetirýän ýaramaz täsirini ýeňip geçmek dürli çeşmeleriň we ugurlaryň özara toplumlaýyn işlerini talap edýär. Hojalyk galyndylarynyň arassalanmagyna edilýän harajatlary, netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, şeýle-de serişdeleriň ikilenç ulanylmagyny şolaryň esasylary hökmünde görkezmek bolar. Häzirki döwürde tebigatdan peýdalanýan ulgamlardaky hereketler hem üýtgeýär. Ýaňy-ýakyna çenli şol hereketler maddy önümçiligiň çalt ösmeginiň bähbidine gulluk edýärdi. Indi ylmy-tehniki ösüşe laýyklykda, ykdysady barlaglaryň ekologik düzüm bölegi güýçlenýär, ekologik taýdan arassa taslamalary işläp taýýarlamak ileri tutulýar. Daşky gurşawy goramak boýunça wajyp çemeleşmeler belli bir maksada gönükdirilen makroykdysady syýasatyň alnyp barylmagyny talap edýär. Bu köp babatda ýurduň ykdysady ösüşiniň derejesine baglydyr. Önümçiligiň giň we bitewi ulgamlaryny

«Şäherdäki agaçlaryň» höziri

Gözel paýtagtymyz Aşgabat «Şäherlerdäki agaçlar» atly başlangyjy, bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin güwänama mynasyp boldy. Ak mermere bürenen gözel paýtagtymyzyň bu halkara güwänama mynasyp bolmagy Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ekologiýanyň we daşky gurşawyň goragy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin edilýän tagallalaryňdyr gazanylýan netijeleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini hem-de olara dünýä derejesinde ýokary baha berilýändigini doly tassyklaýar. Paýtagtymyzyň gözelligi älem-jahana ýaň salýar, ajaýyp binagärlik sungaty bilen sazlaşykly utgaşýan seýilgählerdir ýaşyl zolaklar diňe bir ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň sagdyn ýaşamaklary üçin zerurlyk bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigat gözelliklerini has-da baýlaşdyrmak, onuň biodürlüligini gorap saklamak, tokaý zolaklaryny döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat Diýarymyzyň ähli welaýatlardyr etrap merkezleri, obalary bilen utgaşyp, häzirki wagtda gür baglyga bürenip, tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär.

Baglar — dünýäniň görki

Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny, ekologiýa abadançylygyny goramak, bu gymmatly gözelligi geljekki nesillere geçirmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmak, täze ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler örän guwandyryjydyr. Halk arasynda «Bagym bar, barym bar» diýen nakyl bar. Baglar — dünýämiziň görki. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, miweli, saýaly we bezeg baglary ekmek ýaşaýşa dowamat bermekdir. Muňa oňat düşünýän bu günki ýaş nesillerimiz hem ata-babalarymyzdan gelýän bu asylly ýörelgä eýerip, bag nahallaryny ekip, olarda arassalaýyş we timarlaýyş işlerini geçirýärler, millionlarça düýp agaç nahallaryna yzygiderli ideg edýärler. Şeýdibem, il alkyşyna mynasyp bolýarlar. Günsaýyn özgerýän Diýarymyzyň oba-şäherlerinde saýaly baglaryň hatary gitdigiçe artýar. Miweli baglaryň ekilýän meýdany barha giňeýär. Bagy-bossanlyklaryň döredilmeginiň baş maksady bolsa daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak hem-de adamlaryň sagdyn ýaşamaklygyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr.