HABARLAR

Balkan dagy — gözellikler mesgeni

Ýurdumyzyň tebigatynda daglar aýratyn orun tutýar. Dag gözelligi bilen özüne bendi edýär. Onuň sergin, jana tenekar howasynda seriň giňäp, keýpiň göterilip, ruhuň täzelenýär. Daga çykan adamyň göwni guş bolup uçýar. Uzaklardan howalanyp görünýän Balkan dagy gözelligi, howasynyň, çeşmeleriniň suwunyň arassalygy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy hem köpleriň ünsüni özüne çekýär. Uly Balkanyň iň beýik nokady Arlan deňiz derejesinden 1881 metr belentlikde durýar. Oňa başgaça Düneşgala gerşi hem diýilýär. Uly Balkan bilen Köpetdagyň arasynda ýerleşýän Kiçi Balkanyň iň beýik gerşi bolsa deňiz derejesinden 777 metr belentlikdedir. Uly Balkan dagynda 250-ä golaý janyňa şypa berýän süýji suwly, ululy-kiçili çeşmeler bar. Durnagöz çeşmeleriň suwy bu ýerlerde mekan tutup ýaşaýan bürgüt, käkilik, ýabany towuk, daşdeşen ýaly guşlar, dag goçy, dag tekesi, tilki, towşan ýaly ownukly-irili haýwanlar üçin ýaşaýyş çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi. Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde, sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledimegine aýratyn uly üns berýär. Şu maksat bilen biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.

Gülçi zenanlaryň bäsleşigi

Degre-daşy güller bilen bezelen eziz Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Ynha, bu gün hem, ýagny 15-nji sentýabrda  şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp ýurdumyzy gözelleşdirmek ugrunda zähmet çekýän gülçi bagbanlarymyzyň päk zähmetini dabaralandyrmak, ýaşlarda gözellige, zähmete, tebigata bolan söýgini döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralar merkeziniň «Nur» toý zalynda «Güller gözelligiň, parahatçylygyň aýdymy» atly hünär bäsleşigi geçirildi. Baýramçylyk bäsleşigine Aşgabat şäheriniň Berkararlyk, Köpetdag, Bagtyýarlyk we Büzmeýin etraplarynyň bagçylyk müdirlikleriniň gülçi gelin-gyzlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. 

Nurana geljegiň bähbidine

Bütin adamzady tolgundyrýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Çünki hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şu nukdaýnazardan, ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurlarda halkara dialoga işjeň gatnaşyjy hökmünde ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy (BMG), Araly halas etmegiň Halkara gaznasy (AHHG), BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy (UNEP), BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), BMG-niň Azyk we oba  hojalyk guramasy (FAO), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) we beýleki abraýly halkara guramalar hem-de düzüm birlikler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, häzirki döwrüň giň möçberli meselelerini çözmegiň netijeli ýollaryny gözlemäge işjeň gatnaşýar.

Ekologiýa howpsuzlygy – döwlet syýasatynyň esasydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär. Bütin adamzady tolgundyrýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Çünki hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologi

Ekologiýa abadançylygy — Zeminiň gözelligi

Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, geljekki nesillerimize gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi, Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy hem-de ýerleriň şorlaşmagynyň we çölleşme hadysasynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem örän uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda tebigaty, biologik dürlüligi goramak, ýer, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Ekologiýa kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, şäherleriň we obalaryň töwereginde tokaý seýilgählerini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän işler muňa şaýatlyk edýär. Güneşli Diýarymyzda tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda uzak möhletleýin maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ekologiýa abadançylygy — möhüm ugur

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14 – 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük iş saparyny amala aşyrar. Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň esaslandyryjylary bolan Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlary bilen duşuşar. Bulardan başga-da, iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda goňşy döwletler bilen dost-doganlykly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde birnäçe duşuşyklaryň bolmagyna garaşylýar. Ýer ýüzünde ekologiýa meselesi üns merkezinde saklanylýar, çünki ol ýaşaýşa özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle bolansoň, daşky gurşawy goramak Garaşsyz döwletimizde durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi. Ykdysady we durmuş ulgamyndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr.

Ekologiýa abadançylygy bagtyýarlygyň binýadydyr

Daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda her ýylda agaç nahallarynyň oturdylmagy indi asylly däbe öwrüldi. Bu gün baglar ýurdumyzyň obalaryna, şäherçelerine, şäherlerine görk bermek bilen birlikde, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga möhüm täsirini ýetirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwletimiz iri halkara guramalar, düzümler bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly sebitleýin we halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýar, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň ençemesine goşuldy. Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda öňe sürýän başlangyçlary dünýäde barha giň goldawa eýe bolýar.

Gözelligiň egsilmez çeşmesi

Nurly mekanymyzyň üýtgeşik, özüne çekiji we örän baý tebigaty bar. Awazada bolanyňyzda, deňziň kenarynda tolkunlaryň hereketine syn edýän adamlary ýygy-ýygydan görensiňiz. Özümem tolkunlaryň kenardan yzyna serpilip, çägäniň üstünde özboluşly «nagyş» galdyryşyny synlamagy halaýaryn. Tolkunlaryň hereketi, «çalýan sazy» ýadawlygy aýyrýar. Günüň ýaşýan wagtynda deňziň kenary, gör, nähili ajaýyp! Şol wagt Gün tolkunlary gyzyl reňkiň dürli öwüşginleri bilen reňkleýär. Gör, nähili gözellik! Daglarymyzyň uçut gaýalary, bagly dereleri, ýerasty baýlykly çöllerimiz, lummurdap akýan derýalarymyz biziň tebigatymyzyň özboluşly gözelligine gözellik goşýar.

Sogaply işler ýurdy bezeýär

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berkarar döwletimiz ösüşleriň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýdy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň depginli ösüşi dowam edýär.  «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022— 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ösüşler bilen öňe tarap hereket etmegiň esasy ýol görkezijisine öwrüldi. Bu maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak boýunça alnyp barylýan işlere, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni bagly bolup durýar.