HABARLAR

Suw diplomatiýasynyň esasy ugurlary

Hormatly Prezidentimiz suw diplomatiýasyny we ekologiýa abadançylygyny oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak bilen bagly meseleler boýunça ýurdumyz halkara derejesinde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, oba senagat toplumyny, şol sanda suw hojalygyny ösdürmek boýunça giň gerimli we tutumly işler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýlelikde, suw serişdelerini tygşytly ulanmak meselesi aýratyn orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksad

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNYŇ MÖHÜM ŞERTI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty, öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi döwletimiziň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde dürli önümleriň dogry peýdalanylmagyna hen köp zat bagly bolup durýar. Olaryň hatarynda senagatda hem-de tehnologiýada ulanylýan iň zerur baýlyklaryň biri bolan nebiti aýratyn bellemek bolar. Onuň peýdaly taraplary bilen bilelikde zyýanly taraplary-da bardyr. Dogry we talabalaýyk ulanylmazlygy onuň  mukdarynyň azalmagyna hem-de Ýer şarynyň, onuň suwlarynyň hapalanmagyna getirýär. ITOPF (International Tanker Owners Pollution Federation) guramasynyň berýän maglumatyna görä, soňky ýyllarda deňizlere dökülýän nebitiň mukdarynyň artmagy netijesinde, deňiz suwlarynyň  hapalanmagy has-da artyp, ondaky janly organizmlere zeper ýetdi.

Ýalkawly işe işjeň gatnaşyp

Ata-babalarymyz bag oturtmagy, olara ideg etmegi iň sogaply işleriň biri hasaplapdyrlar. Şahyr aýtmyşlaýyn, bir agaç oturdanyň ady dünýäniň kitabyna baky ýazylýar. Eždatlarymyzyň bu röwşen ýoly häzirki nesiller tarapyndan ynam bilen ýöredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzda her ýylyň ýazynda we güýzünde bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi netijesinde obadyr şäherlerimiz gür baglyga bürenýär. Şeýle möhüm işe ýaşlary çekmek üçin olarda çagalygyndan tebigata söýgi döretmek möhüm bolup durýar. Ýaşlara ekologiýa terbiýesini bermek, olarda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek endiklerini terbiýelemek bilim ojaklarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işiniň möhüm bölegidir. Olarda ene topragyň mukaddesdigi, baglara ideg etmegiň her bir ynsanyň perzentlik borjudygy hakynda berk düşünjeleri kemala getirmek işinden ene-atalar hem çetde durmaýarlar. Bilelikde hereket etmek arkaly beýik döwrümize mynasyp şahsyýetleriň kemala gelýändigi guwandyrýar.

Jümle-jahan habarlary

Iň peýdaly agaç

Rysgal-berekediň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesillerimiz üçin aýawly saklamak maksady bilen ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çünki olary rejeli we netijeli peýdalanmak häzirki zamanyň talaby bolup, bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýän wajyp mesele. Hut şu nukdaýnazardan hem Gahryman Arkadagymyz 3-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitinde eden taryhy çykyşynda suwy netijeli ulanmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi. Sebäbi daşky gurşawy goramak, tebigy baýlygymyz bolan suwy aýawly saklamak we ýerlikli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmek döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem suwuň her bir damjasyny edil altyn dänesi ýaly tygşytly ulanmaga gönükdirilen çäreleriň halkara derejesindäki ähmiýeti günsaýyn artýar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy çölleşmäge, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirlerini peseltmek boýunça ýurtlaryň hem-de guramalaryň halkara, sebit we milli dereje

Ekologiýa abadançylygy

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi dünýä jemgyýetiniň möhüm wezipeleriniň biridir. Ekologiýany goramak boýunça dünýäniň dürli künjeklerinde sergiler, maslahatlar, ylmy gözlegler yzygiderli geçirilýär. Ekologiýa abadançylygy Durnukly ösüş maksatlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Halkara derejede uly üns-alada bilen gurşalan bu meseläniň iň ygtybarly çözgüdi bolsa, her bir ýurduň öz gezeginde, her bir raýatyň öz ornunda daşky gurşawa aýawly garaýşyny gazanmakdyr. Biziň Watanymyz hem ählumumy ekologiýa abadançylygyna saldamly goşant goşýar. Ýaşlara berilýän ekologik bilimleriň hatarynda kanunçylyk we medeniýet düşünjeleriniň baglanyşygyny döretmäge, ýaşlaryň bu ugurdaky düşünjelerini çuňlaşdyrmaga, bilimlerini artdyrmaga uly üns berilýär. Ösüp gelýän nesliň ekologiýa taýdan dünýägaraýşyny we düşünjelerini kemala getirmek maksady bilen, ýaşlara ekologiýa medeniýeti babatda maksatlaýyn ekologiýa terbiýesi berilýär. 2024-nji ýylda ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga gönükdirilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi bu işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Milli hem-de ählumumy derejede ekologik abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geç

Döredeliň bagy-bossan, goý, güllesin Türkmenistan!

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän okuwçylaryň hem-de olaryň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda bag ekmek dabarasy geçirildi. Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýa hem-de Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, bu ekologik çäre «Döredeliň bagy-bossan, goý, güllesin Türkmenistan!» şygary bilen guraldy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatyna ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmakda netijeli häsiýete eýedir. Biz hem bag ekmek dabarasyna gatnaşan okuwçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Iň ýyly güýz boldy

2024-nji ýylyň güýzi Moskwa şäherinde 1879-njy ýyldan bäri iň ýyly howaly güýz boldy. Russiýanyň paýtagtynda howanyň temperaturasy güýzde ortaça +8,8 gradus boldy. Bu barada «Fobos» howa merkeziniň öňdebaryjy hünärmeni Mihail Leus habar berýär. Maglumat üçin, mundan öň Moskwada iň ýyly howaly güýz 1938-nji we 1974-nji ýyllarda bolupdy.

Ýaşaýşyň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 3-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna  gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP 16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna  bolan iş sapary ýurdumyzyň suw diplomatiýasynyň ählumumy ähmiýetiniň aýdyň beýany boldy. Alymlar Ýer ýüzündäki ilkinji ýaşaýşyň hut suwly gurşawda emele gelendigini tassyklaýarlar. Zeminiň 70 göteriminden gowragyny suw düzýär. Adam bedeniniň hem 60 — 85 göterimi suwdan ybarat. Iň täsini — biziň beýnimizem 90 göterim suwdan durýar. «Suw — ýaşaýyş» diýilmeginiň asyl sebäbem, ine, şunda jemlenýär.

Ýene-de bag ekdik

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar» diýilýär. Bu aýtgylardan we atalar sözlerinden görnüşi ýaly, bag adam durmuşynda örän uly orun tutýar. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde-de täze nahallary ekmek we öňden bar bolanlaryna ideg etmek işleri asylly däbe öwrüldi. Ýakynda şäheriň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda bu mekany ekologiýa taýdan abadanlaşdyrmak, tokaý zolaklaryny döretmek maksady bilen agzybirlikde bag ekmek işleri geçirildi. Güýzki bag ekmek möwsüminde häzire çenli 17500 sany bag nahallary oturdylan bolsa, bu gezekki oturdylan 4000 düýp bag nahaly öňküleriň üstüni ýetirdi.