Ýaşaýşyň gözbaşy

5 Dekabr 2024
174

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 3-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna  gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP 16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna  bolan iş sapary ýurdumyzyň suw diplomatiýasynyň ählumumy ähmiýetiniň aýdyň beýany boldy.

Alymlar Ýer ýüzündäki ilkinji ýaşaýşyň hut suwly gurşawda emele gelendigini tassyklaýarlar. Zeminiň 70 göteriminden gowragyny suw düzýär. Adam bedeniniň hem 60 — 85 göterimi suwdan ybarat. Iň täsini — biziň beýnimizem 90 göterim suwdan durýar. «Suw — ýaşaýyş» diýilmeginiň asyl sebäbem, ine, şunda jemlenýär.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.