Arassa suw — ýaşaýşyň gönezligi

25 Noýabr 2024
226

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesine uly üns berilýär. Häzirki adamzat jemgyýetiniň üns merkezinde ekologik meseleleriň iň wajyp ugurlarynyň biri hem ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekdir. Mälim bolşy ýaly, Ýer ýüzüniň 70 göterimine golaýy suw bilen örtülendir. Ýöne şonuň diňe 2,5 göterimi süýji suwdur. Süýji suw gorlarynyň aglaba bölegi barmasy kyn daglarda we buzluklarda ýerleşýär. Soňky asyrlarda süýji suwuň sarp edilişiniň, önümçilikde peýdalanylyşynyň artmagy netijesinde onuň çeşmeleri ep-esli kemeldi.

Bütin dünýäde arassa suwa we elektrik energiýasyna bolan isleg artýar. Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa sebitlerinde suw baýlyklarynyň gymmaty has-da ýokarydyr. Şoňa görä-de, bu ugurda netijeli çözgütleri gözläp tapmak zerurlygy ör-boýuna galýar. Häzirki döwürde suwy süýjetmek boýunça işjeň hereket edýän ýa-da işlenip düzülmek tapgyryndaky dürli taslamalar bar. Emma olaryň hemmesi diýen ýaly gazylyp alynýan ýangyç — nebit ýa-da gaz peýdalanyp işleýän desgalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Muhammetgeldi ÇOPANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy, tehniki ylymlarynyň kandidaty.