Garlyk gowaklary
Ägirt uly giňişlige uzaýan Köýtendag Garaşsyz we baky Bitarap ýurdumyzyň günorta-gündogarynda, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýär. Ol Gissar gerşiniň günorta-günbatar böleginiň dowamydyr. Onuň dag gerişleri günorta-günbatara 85 — 100 kilometre çenli uzap, ini bolsa 25 — 30 kilometre ýetýär. Hojapil obasynyň golaýynda 1300 — 1600 metr belentlikde ýerleşen dinozawrlaryň yzlary, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbar dere şaglawugy, gowakdaky köl suwunda ýaşaýan kör balyklar, Gaýnarbaba mineral çeşmesi, Kyrk gyz gowagy we beýleki täsinlikler jahankeşdeleri haýrana goýýar. Köýtendagyň ajaýyp täsinlikleriniň biri-de karst gowaklarydyr. Karst gowaklary ýerasty suwlaryň hereketi netijesinde emele gelipdir. Olara suwda tiz ereýän gips, duz, angdrid, hek daşy ýaly jisimleriň ýaýran ýerlerinde duş gelinýär.