Uly Balkan dagy Hazar deňziniň kenar ýakasynyň gündogar çäginde ýerleşýär. Dag gerişleri Türkmenistanyň günbataryndan gündogaryna çenli 60 kilometr uzynlygyna uzalyp, ini bolsa 20 kilometr ýaýrap gidýär. Uly Balkan dagy deňiz derejesinden 1880 metr belentlikde ýerleşip, onuň iň beýik ýeri Arlan belentligi diýlip atlandyrylýar. Arlan belentliginiň demirgazygynda kert inelgeleri we günortasynda has ýapy eňňitleri bar. Taryha görä, ata-babalarymyz ir döwürlerde bu dag depelerini özlerine ýurt edinip, şol ýerlerde ýaşap, maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Bu ýerlerde maldarçylyga degişli düýedarçylyk, dowardarçylyk hem-de ekerançylyga degişli dänelik ekinler bolan arpa, bugdaý, şaly ýaly ekinleri ösdürip ýetişdiripdirler. Uly Balkan dagynyň 1660 metr belentliginde iki sany guýa gabat gelmek bolýar. Bu guýular gadymy döwürde ekerançylygyň we maldarçylygyň ösmegi üçin şol ýeriň ýaşaýjylary tarapyndan gazylypdyr. Bu guýularyň birini «goşa guýy», beýlekisini hem «ýekeguýy» diýip atlandyrypdyrlar. Goşa guýy diýilmeginiň sebäbi bu ýerde ululy-kiçili birnäçe guýulara gabat gelmek bolýar. «Goşa guýy» diýlip atlandyrylan guýynyň suwy örän süýji bolupdyr, ýeke guýy dag belentliginiň gündogar tarapynda ýerleşip, onuň suwy ajy bolup, suwdan ir döwürlerde mallary suwa ýakmak we ekinleri suwarmak işleri geçirilipdir. Häzirki wagtlarda bu guýulardan keýikler, dag tekeleri, käkilikler wagtal-wagtal suw içmäge gelýärler.
Uly Balkan daglary özüniň ösümlik dünýäsine örän baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde tebigy ösýän ösümlikler, agaçdyr gyrymsy agaçlar özüniň halk hojalyk we dermanlyk ähmiýeti babatynda uly meşhurlyga eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriň köp görnüşine bu ýerde duş gelmek bolýar. Olardan ýowşanlaryň birnäçe görnüşlerine — adaty ýowşana, bagşy ýowşana, käkilik otuna, selmeliklere duş gelinýär. Uly Balkan dagynyň ösümlik dünýäsi alymlar tarapyndan öwrenilýär. Onuň gyrymsy agaçlary toplumlaýyn tebigy ýagdaýda ösüp, dagyň gözelligine has-da gözellik goşýar. Olardan türkmen arçasy, zirk agajy, kerkaw agajy beýik dag belentliginde we dag gerişlerinde ösýär. Türkmen arçasy asyrlaryň dowamynda halk hojalygynda, lukmançylykda giňden ulanylypdyr. Balkan dagy gandyma, sazaga, borjaga, ýylgyna we beýleki dag hem çöl ösümlikleriniň görnüşlerine juda baýdyr. Olaryň arasynda badam, zirk, ülje ýaly miwesi jana derman agaçlar hem bar. Jülgelerinde injir, çeşmeleriniň gözbaşynda miweli agaçlar köp bitýär. Uly Balkan «gurtýowşan» diýlip atlandyrylýan täsin ösümligiň hem mekanydyr. Bu täsin ösümligiň depesinde mawy reňkli owadan güli bolýar. Balkan dagynda bitýän ýowşanyň bu görnüşi daşlaryň arasynda ýelden goranyp ösýär. Ol saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda gymmatly efir ýagyny berýän dermanlyk ösümlik hasaplanýar.