HABARLAR

Arça — dagyň bezegi

Arça gyşyn-ýazyn ýaşyl öwsüp, gojaman daglara ýaşaýşyň öwüşginini çaýýan täsin we peýdaly daragtlaryň biridir. Onsuz dag tebigatyny göz öňüne getirmek-de kyn. Arça gaýa daşlarynyň düýbünden kök urup, tebigatyň gaý-tupanyna, syrgyn-harasadyna, ýel-ýagmyryna per bermän, misli daglaryň özünden nusga alýan ýaly, uzak ömür sürýär. Olar Ýer ýüzünde 50 million ýyl bäri ösýän gadymy daragtlaryň biri hasaplanýar. «The Plant List» («Ösümlikleriň sanawy»—ösümlikler baradaky ensiklopedik maglumat çeşmesi) internet-taslamasynyň maglumatlaryna görä, arçanyň dünýäde biri-birinden ösüşi, durkunyň gurluşy, ýapraklarynyň reňki, miwesi taýdan tapawutlanýan 75 görnüşi hasaba alnypdyr. Häzirki wagtda bu daragt Wengriýada, Italiýada has köp ösdürilip ýetişdirilýär. Ýabany arça Ýewropada, Amerikada, demirgazyk Aziýada duşýar. Arça gyrymsy agaç görnüşinde 1-3 metr, uly daragt görnüşinde 12-30 metre çenli ösüp boý alýar. Ýöne bu agaç örän haýal ösýär. Ýüz ýaşan käbir arçanyň boýy 5 metrden geçmeýär. Ol ortaça 200-300 ýyl ýaşaýar. Ýöne 500-600 ýyl bäri ösüp oturanlaryna-da duş gelmek mümkin. Häzirki wagtda iň uzak ýaşan arça Krymda ösýär. Alymlaryň çaklamasyna görä, agajyň 2000 ýyl ömri bar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 7-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 7-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 6-njy sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Güýz paslynyň täsinligi

Ýaşaýyş pasyllaryň sazlaşykly aýlanyşygy bilen dowam edýär. Adam ykbaly hem bu ýaşaýyş aýlawynyň tizligine goşulyp hereket edýär. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň aýdyşy ýaly: Biziň täleýlermiz, ykballarymyz aýlanyp dur dört pasylyň içinde.

Zümerret agajy

Wengriýa döwletiniň çäginde ýerleşýän Balaton kölüniň golaýynda ekilen täsin gibrid agaçlary ýurtda howanyň arassalygyny saklamaga ýardam edýär. «Paulownia Clone In Vitro 112» atly bu agaçlar başgaça, zümerret agajy diýlip hem atlandyrylýar. Bu agaçlaryň her gektary bir ýylda 100 tonna kömürturşy gazyny özüne siňdirip bilýär. Kökleriniň hapalanan topragy arassalamaga bolan ukyby bolsa, onuň ýene bir özboluşly aýratynlygydyr. Zümerret agajy daşky üýtgäp durýan şertlere, ýylylyga hem-de aýaza çydamly bolup, onuň ösmegi üçin adatça, beýleki agaçlaryň talap edýän suwunyň ýarysy hem ýeterlikdir. Şeýle-de, ol 5 – 6 ýylda 20 metre çenli ösýär, otuz ýylda olar eýýäm kesmäge ýaramly bolýar. Mebel önümçiligi üçin ýöriteleşdirilen agaçlaryň kesmäge ýaramlylyk wagty 60 – 80 ýyla golaýdyr. Bu agajyň ýapraklary uly bolup, gowy kölege berýär, howany arassalaýar we çyglandyrýar. Wengriýada ösdürilýän bu agaç bilen dünýäniň birnäçe ýurtlary, şol sanda Afrika döwletleri hem gyzyklanyp ugrady. Çünki zümerret agajy önümçilik üçin çalt ýetişýän peýdaly çig maldyr. Ondan ýasalan gapylardyr penjireler ýeňil we amatly bolup, ýasalan mebel önümleri ekologiýa taýdan arassa hem-de howpsuzdyr.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 06-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 4-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre, wagtal-wagtal 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 3-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Gal­ma­gal­ly jan­dar­lar

Kä­bir jan­dar­lar göw­re­si ki­çi bol­sa-da, bat­ly ses çy­kar­ýar­lar. Olar şeý­le se­si haý­sy­dyr bir how­puň go­laý­la­ýan­dy­gy­ny beý­le­ki­le­re ha­bar ber­mek, baş­ga bir jan­da­ry gor­kuz­mak we baş­ga-da bir­nä­çe se­bäp­ler­den çy­kar­ýar­lar. Şeý­le ga­ty ses­li jan­dar­la­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris: Ka­şa­lot. Kit­ler toparyna de­giş­li uly süý­dem­di­ri­ji de­ňiz jan­da­ry bo­lan ka­şa­lot Ýer ýü­zü­niň iň bat­ly ses çy­kar­ýan jan­da­ry ha­sap­lan­ýar. Onuň se­si 200 de­si­bel­den geç­ýär. Em­ma ses suw­da ho­wa­da­ky­dan, ýag­ny ýer­dä­ki­den has çalt he­re­ket ed­ýär. Bu ýag­daý göz öňün­de tu­tu­lan­da, alym­lar onuň se­si­niň howada, ýagny gury ýerde 170 de­si­be­le ba­ra­bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.