HABARLAR

Hudaýaty, atbakar, düýebakar hakda

Hudaýaty türkmen tebigatynyň täsin wekilleriniň biridir. Özüniň reňkini daş-töweregiň ýagdaýyna görä üýtgedip bilýän, köplenç, üzümlikde gezýän uly kelleli, çekirtgä çalymdaş bu jandar ilimizde köpsanly atlar bilen tanalýar. Olar ýurdumyzyň dürli sebitlerinde «atbakar, düýebakar, hudaýdüýe, bişikçi, ýylangözçykaryjy» diýlip atlandyrylýar. Bular barada dilçi alym Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmen diliniň etimologik sözlüginde» gyzykly maglumatlar getirilýär. Sözlükde hudaýatynyň rusça adynyň «bogomol» — «Hudaýa doga okaýan», latynça bolsa «manrus religiosa» diýen ylmy adyň hem «dindar» ýa-da «doga okaýan» diýmekdigi nygtalýar. Ýokarda agzalan atlaryň ählisi hem bu jandaryň haýsydyr bir aýratynlygy, edýän hereketleri bilen gönüden-göni baglydyr. Meselem, iki öň aýagyny döşüne tutup, doga okaýan ýaly yrgyldap durşunyň doga okaýan dindar we hudaý bilen baglanyşdyrylmagy-da jüpüne düşen meňzetmedir. Onuň awuna topulandaky çalasyn hereketi atadyr ýylka, yrgyldap, haýallyk bilen hereket edişi bolsa düýä meňzedilýär. Bu möjejigiň türkçe «Pygamberiň düýesi» diýlip atlandyrylýandygy-da bellärliklidir. Şu ýerde gürrüňi edilýän jandaryň nusgawy edebiýatda «kişmir» görnüşinde atlandyrylyşy hakynda durup geçmek ýerlikli bolar. Oňa akylda

Gözel tebigatyň goragynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Türkmenistanyň Gyzyl kitaby — Türkmenistanyň haýwanlarynyň, ösümlikleriniň we kömelekleriniň seýrek we ýitmek astyndaky görnüşleri, olaryň biologiýasy, ýaýraýşy, sanynyň azalmagynyň we ýitip gitmeginiň sebäpleri baradaky maglumatlary özünde jemleýän, yzygiderli täzelenýän döwlet sanawydyr. Ýurdumyzda haýwanlaryň we ösümlikleriň sanynyň we ýaýrawynyň azalmagyna, ýaşaýyş şertleriniň ýaramazlaşmagyna eltýän islendik hereket gadagan edilýär. Biologik dürlüligi, aýratyn-da, seýrek duşýan gymmatly görnüşleri gorap saklamak we köpeltmek döwlet ähmiýetli meseleleriň derejesine galdyryldy. Ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy ýerlerinde biologik dürlüligi gorap saklamak, dikeltmek we sanyny artdyrmak boýunça malhanalarda köpeltmek, haýwanlaryň seýrek we ýitip barýan görnüşlerini öňki ýiten ýerlerine göçürmek, täze ýerlere uýgunlaşdyrmak, ösümlikleriň seýrek görnüşlerini medeni şertlerde ösdürip ýetişdirmek we olaryň tebigy ýaýran ýerlerini gorap saklamak, tebigatyň ýyl ýazgysyny yzygiderli ýöretmek, täze ylmy maglumatlary toplamak, wagyz işlerini, ekologik terbiýäni hem-de ilatyň habarlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler al

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +28... +33 gradus maýyl bolar.

Gözel tebigatyň goragynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda amala aşyrylýan tutumly işler rowaçlyklara beslenýär. Bu işler tebigy gurşawyň arassalygyny üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň ekologiýa syýasatyndan ugur alnyp, günbe-günden gözelleşýän ýurdumyzda ýylyň-ýylyna saýaly, pürli we miweli baglaryň nahallary oturdylyp, seýilgählerdir aýna ýaly tekiz ýollar dürli görnüşdäki güller bilen bezelýär. Bag nahallarynyň oturdylmagy, olara ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak baradaky aladanyň buýsançly beýanyna öwrülýär. Tebigatyň eçilýän gözelliklerini gorap, daş-töweregimizi abadanlaşdyrmak, bag nahallarynyň ösüp, saýa bermegini gazanmak bolsa nesilleriň geljegi baradaky alada bolup durýar. Şeýle asylly işlere goşandymyzy goşmak hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr.

Tebigat nygmatynyň gymmaty

aň-düşünjämiziň we sarp edişimiziň ösüşine görä artýar Tebigatyň keşbi — keşt eýläniňki, eşreti — netijeli işläniňki

Säher buşlukçysy

Ir säher guşlaryň jagyl-da-jugul seslerini eşidip oýanamda, daň ýaňy tilkiguýruk bolan eken. Golaýdan horazyň sesi eşidildi, ol üç öwra gygyrdy. Üçüsinde-de şeýle bir yhlas bilen gygyrdy welin, bolsa-da, maňa: «Bo-ho, bokurdagy ýyrtylmadyk bolsa-da biridir» diýdirdi. Ýogsa-da, özüne näçe zor salsa-da, ol horazyň garrandygy mese-mälim bildirip dur, sesiniň öňki durulygy galmandyr. Şeýle oýlara gümra bolup otyrkam, gögele oglan döwrümde wäşi gojalardan eşiden bir hekaýatym serimde köwsarlady: Öňde bir ýaşuly bolup, oňa Gökgöz aga diýer ekenler. Onuň birnäçe towugy bilen owadan gyzyl horazy bar eken. Meşhur basnýaçy şahyr Ata Salyh aýtmyşlaýyn: «Şagal bir gün ajykdy, awuň gözlegine çykdy» diýleni bolup, garaňky gijeleriň birinde bir aç şagal gelip, onuň towuklaryny ogurlamaga gözüni dikip, ketege sümülmekçi bolan. Ogry şagalyň bet pyglyny aýny wagtynda aňan gyzyl kekeçli horaz howatyrlanyp, öz ýanyndan: «Dur entek, seniň gözüňe görkezerin!» diýipdir-de, gojany oýarmak, bu howply ýagdaýy oňa habar bermek üçin tumşugyny göge tutup: «Gök-göz-aga — Gök-göz-aga...» diýip, bogazyna sygdygyndan, ala-zenzele turuzyp gygyrmaga başlanmyş. Biwagt çagy ýaňlanan bu sese allaniçigsi bolan Gökgöz aga derhal eline taýak alyp, ýaňky ogry şagalyň merkini beri

Tebigat — ylham çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Adamzat hem tebigat biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gözelligiň çeşmesi, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanylýan tebigat müňýyllyklaryň dowamynda öz baýlyklaryny adamlara sahylyk bilen eçilip gelýän genji-hazynadyr. Tebigatda her zadyň öz orny, öz ýeri bar. Howa, suw, Gün, gözel tebigat — bular birigip, ýaşaýşy hem-de özüneçekiji gözelligi emele getirýär. Bedew bady bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, daş-töweregimiziň gözelliklerini gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak we olary halkymyzyň eşreti üçin ulanmak barada beýik işler alnyp barylýar. Çünki ýurdumyzda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugrudyr.

Tebigaty goramak — möhüm mesele

Ýurdumyzda tebigatyň bize eçilen gözelliklerini hem-de onuň biodürlüligini gorap saklamak babatda uly işler geçirilýär. Bu ugurda kabul edilen maksatnamalar we bag nahallaryny ekmek bilen, tebigaty has-da baýlaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler munuň subutnamasydyr. «Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynda tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasy maksady tebigy baýlyklarymyzy rejeli we netijeli peýdalanmakdan, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr. Halkymyzyň tebigaty goramak we oňa aýawly çemeleşmek baradaky ýörelgeleri asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty goramak, oňa aýawly çemeleşmek baradaky ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça kanunçylyk binýady

Dünýädäki täsin güller

Amorfofallus titanika Sumatra adasynda ösýän bu ösümlik dünýäniň iň uly infloresensidir (gül toplumy). Onuň güli açylanda çüýrän etiňki ýaly ysy bolýar, onuň gülleýiş döwri birnäçe gün dowam edýär.

Sazak — çölüň bezegi

Sazak çölüň täsin ösümlikleriniň biridir. Onuň ak sazak we gara sazak diýen iki görnüşi bolýar. Ak sazagyň şahalary selçeňligi, gara sazagyňky ýogynlygy we uzynlygy bilen tapawutlanýar. Sazak tokaýlygy adaty tokaýlara meňzemeýär. Agaçlar özara 2-5 metr aradaşlykda ýerleşýär. Sazak çölüň tupanynda janly-jandarlara penalanmaga peýdaly bolsa, Günüň ýakyp barýan jöwzasyndan goranmaga ýaramlydyr. Çölde tomsuň jokrama yssysynda onuň kölegesi janly-jandarlara ýaşaýşyň zerur çeşmeleriniň biri bolup hyzmat edýär. Sazagyň ösüşine syn etmek özüne çekijidir. Düýp tutan ýaşajyk sazak derrew ýeriň yzgar gatlagyna ýetmäge ymtylýar. Bir ýylda sazagyň köki üç metre çenli ösýär. Sazagyň ýeriň aşagyndaky ösüşi üstündäki ösüşinden bäş esse çaltdyr. Ýigrimi bäş ýylyň dowamynda bäş-ýedi metr boý alýan sazagyň köki ýigrimi-otuz metre çenli uzaýar. Ýeriň jümmüşindäki suwa köküni ýetiren sazak aşa guraklyga-da tap gelýär.