Säher buşlukçysy

30 Awgust 2024
540

Ir säher guşlaryň jagyl-da-jugul seslerini eşidip oýanamda, daň ýaňy tilkiguýruk bolan eken. Golaýdan horazyň sesi eşidildi, ol üç öwra gygyrdy. Üçüsinde-de şeýle bir yhlas bilen gygyrdy welin, bolsa-da, maňa: «Bo-ho, bokurdagy ýyrtylmadyk bolsa-da biridir» diýdirdi. Ýogsa-da, özüne näçe zor salsa-da, ol horazyň garrandygy mese-mälim bildirip dur, sesiniň öňki durulygy galmandyr.

Şeýle oýlara gümra bolup otyrkam, gögele oglan döwrümde wäşi gojalardan eşiden bir hekaýatym serimde köwsarlady: Öňde bir ýaşuly bolup, oňa Gökgöz aga diýer ekenler. Onuň birnäçe towugy bilen owadan gyzyl horazy bar eken. Meşhur basnýaçy şahyr Ata Salyh aýtmyşlaýyn: «Şagal bir gün ajykdy, awuň gözlegine çykdy» diýleni bolup, garaňky gijeleriň birinde bir aç şagal gelip, onuň towuklaryny ogurlamaga gözüni dikip, ketege sümülmekçi bolan. Ogry şagalyň bet pyglyny aýny wagtynda aňan gyzyl kekeçli horaz howatyrlanyp, öz ýanyndan: «Dur entek, seniň gözüňe görkezerin!» diýipdir-de, gojany oýarmak, bu howply ýagdaýy oňa habar bermek üçin tumşugyny göge tutup: «Gök-göz-aga — Gök-göz-aga...» diýip, bogazyna sygdygyndan, ala-zenzele turuzyp gygyrmaga başlanmyş. Biwagt çagy ýaňlanan bu sese allaniçigsi bolan Gökgöz aga derhal eline taýak alyp, ýaňky ogry şagalyň merkini berip kowanmyş. Şeýlelikde, ýaglyja etden agzy ýagjarmadyk aç şagalyň «arzyly» hyýaly pak çykypdyr. Ine, şondan bäri-de horaz janawar her saba-säher daň agaryp, tilkiguýruk boluberende, yzly-yzyna: «Gök-göz-aga» diýip, gygyryp adamlary örüzýärmiş. Wäşi gojalar bälçiräp gürrüň berseler-de, dogrudanam, mazalyja üns berip diňläniňde, horazyň gygyryşy hem: «Gök-göz-aga» diýen ýalyrak eşidilýär. Belli çagalar şahyry Aky Baýmyradowyň «Gurbagalar» atly goşgusyny:

Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan».