HABARLAR

Türkmen tebigaty

Sergin şemal sypap geçer ýüzüňden,Seýran etseň türkmen tebigatyna.Hatar gurap, durna geçer düzünden,Seýran etseň türkmen tebigatyna. Gök gürlese, arşdan iner ýagyşlar,Daga, sähra berekedi bagyşlar,Haýran eder älemgoşar nagyşlar,Seýran etseň türkmen tebigatyna.

Türkmen tebigaty – täsinligiň nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň netijeli okamagy, göwnejaý bilim almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, ýagşy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunda umumybilim berýän edaralarda okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda olara milli mirasymyz, döwletlilik ýörelgelerimiz, gözel tebigatymyz barada hem giňişleýin düşünjeler berilýär. Çünki, mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp giň türkmen sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi türkmen tebigatynyň iňňän täsin we ajaýyp tebigy gözelligini gorap saklamak, bu ümmülmez sähranyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de geljekki nesillere miras goýmak meselesine ägirt uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Çünki, türkmen tebigaty, onuň täsin ösümlik dünýäsi milletimiziň gymmatly mirasydyr, baýly

EKOLOGIÝA MEDENIÝETINIŇ ESASY ÝÖRELGELERI

Ekologiýa düşünjesi we tebigata söýgi bilen terbiýelenen ýaş nesillerde kämil ynsanperwer garaýyşlar kemala gelýär. Ýaşlarda tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýaşaýyş endiklerini terbiýelemek jemgyýetiň möhüm wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ekologiýa medeniýeti– bu adamzadyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyşyny üpjün edýän ýörelgeleriň jemidir. Şeýle hem tebigy gurşawa aýawly çemeleşmegine täsir edýän ynsanperwer garaýyşlara esaslanýan düşünjeleriň jemidir. Ekologik bilim – bu ugra dahylly düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir.

MEN GEÇEN GÜÝZDE BAŞGADYM...

Men geçen güýzem beýle däldim. Pikirlerim telper, duýgularym ýöntemdi. Bu güýzde bolsa, men hut çalşylan ýaly. Kalbyma nähilidir bir asudalyk aralaşyp, beýnim rahatlanypdyr. Hemişekim ýaly, içimde düşnüksiz howlukmaçlygam ýok. Ähli zada özümçe paýhas bilen garaýan. Elbetde, öňki halamaýan zatlaryma söýgi döränok, ýöne ýigrenjimem hetden aşyp baranok. Şeýlemi? Şeýle. Dälmi? Däl. Sähel öňki özüme dönjek bolsamam, güýz dadyma ýetişýär. Ol «Ýo-ok, beýle etmek asla gerek däl...» diýen manyda pyşyrdap goýberýär welin, ol pyşyrdynyň badyna baglaram «Ýok-ýok! Ýok-ýok!» diýip başlaryny iki-ýana yraberýärler. Men güýzüň maňa bu gezekki beýle hamraklygyny nämä ýorjagymy bilemok. Ýa ol meniň özüni ilkinji gezek kakasyz garşylaýanym üçin dözmezçilik edýärmikä? Şeýledir. Güýz şeýdip, meniň agyryly ýüregime üç aýlyk hem bolsa melhem ýapjak bolýandyr...

Ynsan we tebigat gatnaşygynyň sazlaşygy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Be­re­ket­li bag-bak­ja, Erem bag­la­ry de­ýin pür-pu­dak­ly, mi­we­li hem sa­ýa­ly da­ragt­ly, ta­ry­hy hem te­bi­gy gö­zel­lik­ler hak­da söz açy­lan­da, hut şu ýer­le­riň be­hişt sa­ýa­ly ýe­ne bir aja­ýyp kün­je­gi hök­man göz öňü­ňe gel­ýär» di­ýen söz­le­ri türk­men te­bi­ga­ty­nyň ke­rem­li top­ra­gy­nyň aja­ýyp was­py­ny ýe­tir­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baştutanly­gyn­da ýaş­lar­da eko­lo­gik bi­li­mi we eko­lo­gik me­de­ni­ýe­ti ös­dür­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­ra­da uly ala­da­lar edil­ýär. Alym Ar­ka­da­gy­myz «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ki­ta­byn­da «Per­zent, ça­ga ter­bi­ýe­si­ne aý­ra­tyn üns bi­len bak­ýan pe­der­le­ri­miz ne­sil­le­riň sag­dyn we aň­ly dü­şün­je­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri, şeý­le hem te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şa­mak­la­ry üçin ze­rur bo­lan äh­li zat­la­ry öw­re­dip­dir­ler» di­ýip bel­le­ýär.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +22... +27 gradus maýyl bolar.

Iň gaty sesli balyk

Ýer ýüzündäki adamlaryň köpüsi balyklaryň ses çykarmaýandygyna ynanýarlar. Emma nemes biolog alymlarynyň soňky ylmy açyşlary balyklaryň «lal» däldiklerini subut etdi. Ululygy bary-ýogy 12 millimetrlik bolan Danionella cerebrum balyklarynyň sesiniň edil reaktiw hereketlendirijileriniňki ýaly, örän çasly çykýandygy ýüze çykaryldy. Ýörite ses barlaýjy gurallaryň kömegi arkaly barlananda, bu balyklaryň sesiniň 140 desibele (dB) deňdigi anyklanyldy.

Güýz hakynda setirler

Güýz ýylyň iň sahawatly möwsümi. ***

Bag ekmek — sogap

Agaç nahallaryny oturtmak ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, gorag zolaklar döredilende pürli, saýaly, miweli, üzüm, tut nahallary köp ekilýär. Sebäbi olar howadaky zyýanly gazlara durnukly bolup, awtomobillerden, senagat kärhanalaryndan emele gelen tozany özüne siňdirýär. Daş-töweregi gurşap alan tebigaty, onuň baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak, tygşytly peýdalanmak we ony nesillere geçirmek ekologiýa syýasatynyň esasy özenidir. Baglaryň daş-töweregine, ýollaryň gyrasyna, saýaly agaçlaryň arasyna, köçeleriň çatryklaryndaky meýdançalaryň, kärhanalaryň, edaralaryň, okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň, myhmanhanalaryň öňlerine bezeg beriji agaçlary we gülleri ekmegiň örän uly ähmiýeti bardyr.

Tylla güýzüň örküji

Türkmen milli ýyldyz senenamasynyň ýedinji döwri bolan mizan tyllaýy reňkli güýz paslynyň tüýs örküjine gabat gelýär. Ýylyň 23-nji sentýabr — 22-nji oktýabr aralygyny öz içine alýan bu möwsüm daýhan üçinem, çarwa üçin-de möhüm döwürleriň biri. Aslynda-da, güýze beýleki pasyllara meňzemeýän özboluşlyklar mahsus. Tomsuň jöwzasy-ha mazaly sowlandyr, gyşyň sowugyna hem heniz biraz maý bardyr. Ine, şu häsiýeti bilen güýz her bir zähmet adamyna «hany, tomus yssy diýýädiň, ol-a sowuldy, gyşyň doňaklygyna hem entejik wagt bar, näme eliňden gelýän bolsa gaýgyrma, goluňy çerme-de giriş, dek oturma» diýýän ýalydyr. «Gije diýýäniň bir tutam, gysga, gündiz bolsa aňyrsyna ýetdirmeýän uzaklyk» diýjek gümanyň ýok, gije bilen gündiziň deňleşýän günlerem, ynha, şu möwsüm bilen baglanyşykly. Tüýs deňagramlylyk! Adyna kybap, mizan — terezi!