«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Hormatly Prezidentimiziň «Bereketli bag-bakja, Erem baglary deýin pür-pudakly, miweli hem saýaly daragtly, taryhy hem tebigy gözellikler hakda söz açylanda, hut şu ýerleriň behişt saýaly ýene bir ajaýyp künjegi hökman göz öňüňe gelýär» diýen sözleri türkmen tebigatynyň keremli topragynyň ajaýyp waspyny ýetirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlarda ekologik bilimi we ekologik medeniýeti ösdürmek, daşky gurşawy goramak barada uly aladalar edilýär. Alym Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda «Perzent, çaga terbiýesine aýratyn üns bilen bakýan pederlerimiz nesilleriň sagdyn we aňly düşünjeli bolup ýetişmekleri, şeýle hem tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaklary üçin zerur bolan ähli zatlary öwredipdirler» diýip belleýär.