HABARLAR

Tebigat — biziň öýümiz

Derwaýys mesele Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga, aýap saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Tebigat adamzat ýaşaýşynyň gurşawydyr. Bir söz bilen aýdylanda, adam tebigatyň bölegidir. Adamyň daşky gurşawa täsiriniň derejesi, ilki bilen, jemgyýetiň tehniki taýdan üpjünçiligine baglydyr. Ýurdumyzda daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy baýlyklarymyzy aýawly hem-de netijeli ulanmagyň, durmuş we hojalyk desgalarynyň ekologiýa şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Äpet kerkaw agajy

Kerkaw kerkawlar maşgalasyna degişli bolup, boýy 3-12 metre ýetýän, daglarda we daşly eňňitlerde ösýän agaçdyr. Daragt mart-aprel aýlary gülleýär we iýul-awgust aýlary miweleýär. Ir bahar kerkaw güllände, tebigat ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Daglaryň barmasy kyn bolan ýerlerinde hem ösýän kerkaw agajy dag topragyny berkitmekde we ýuwulmakdan goramakda örän ähmiýetlidir. Hasar dagy täsinlikleriň hazynasy hökmünde açyk asmanyň astynda dörän tebigatyň muzeýidir. Bu dagyň üstünde düýbüniň sütüni 3 metrden gowrak bolan kerkaw bar. Bu goja kerkawyň ýogynlygy örän täsindir. Sumbar sebitinde ýaşaýan ýaşulular şunuň ýaly ýogyn kerkawa entek gabat gelinmändigini bellediler. Bu kerkawyň boýy 12 metrden gowrak bolup, 11 sany gapdal şahalary ýerleşýär. Gapdal şahalarynyň ýogynlygy 51-98 santimetre çenlidir.

Gülle, çöl agajy, gülle!

Sözi söze sepläp, syntgylap, renç baryny siňdirendirin öýdýän sözbaşyň sözbaşy şekilli bolsa, dowamy-da ýazylan deýin ýazylaýjak ýaly. Soňky sözüň tutuş sözleme gümürtiklik, gümanalyk çaýýanlygyny üşükli okyjy gürrüňsiz aňar, üstesine-de, ýene-de bir zady aňsa aňandyr. Aňylaýjak ol zat nämedir öýdýäňiz? «Ýazylmaly zada beletlik» diýýäňizmi? Iňňän dogry söz. Bu il-günüň «Çüýlemek çüýledi» diýýäni bolar. Eýsem näme?! Žurnalistikada, žurnalistleriň arasynda ykrar edilen bir pikir bar: gahrymanyňy, önümçiligiň pudaklaryny, ylmy, tehnikany, tebigaty... garaz, tutuş durmuşy näçe bilseň bil, ýazmak şonça-da kynlaşýar. Gurbannazaryň «Ýeri, ýazmak kärin tapdyň sen nirden?» diýen setiri, meger, söz sungatynyň şeýle çylşyrymlylyklary zerarly dörese dörändir. Çünki söz kämilligine çägiň çägi ýok. Tejribe toplaýa-toplaýa, jogapkärçilik duýgusy çuňlaşa-çuňlaşa, her sözi aň aýdyňlygynda durlap, paýhas eleginden eleýe-eleýe, ýürek ýylysy bilen ýugransoguň, diňe şondan soň, aňrybaş bolmasa-da, garaz, gazetçi ony okyja hödürläp bilse bilýär. A.Agranowskiý, I.Erenburg, K.Simonow, O.Butow ýaly žurnalistleriň sözi şeýle sözlerden bolansoň, olaryň ady pylankeslige ýetdi. Häzirki «Türkmenistan» gazetinde geçen asyry

Dünýäniň iň owadan buzlugy

Tebigatymyzyň owadan ýerleri sanardan kän. «Dünýäniň iň owadan buzlugy» ady bilen meşhurlyga eýe bolan Argentinanyň Santa-Krus welaýatynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Los-Glasýares milli seýilgähiniň çägindäki Perito-Moreno buzlugy hem şeýle ajaýyp tebigy ýerleriň biridir. Deňi-taýy bolmadyk bu owadan sebit El-Kalafat şäherinden 78 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Meýdany 250 inedördül kilometr bolan Perito-Moreno buzlugy tutuş dünýä boýunça süýji suwuň ätiýaçlyk gorunyň saklanyş göwrümi boýunça Antarktidadan we Grelandiýadan soň 3-nji orunda durýar. Bu buzluk Argentina we Çili döwletleriniň araçäginde Argentina kölüne ýanaşyk ýerde ýerleşýär. Buzlugyň ady argentinaly alym, tebigaty öwreniji, daşky gurşawy goraýjy Fransisko Paskasio Morenonyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Bu alym ilkinji bolup XIX asyrda bu sebiti öwrenýär. Perito-Moreno buzlugynyň ininiň iň giň bölegi 5 kilometr. Buzlugyň ortaça beýikligi suwuň tekizlik derejesiniň üstünden 50-60 metr beýiklikde ýerleşýär. Ortaça çuňlugy 170 metr hasaplanyp, iň çuň ýeri 700 metre ýetýär. Buzluk soňky 90 ýylyň dowamynda öz suw massasyny üýtgetmezden saklap gelýär. Ylmy çeşmelerde berilýän maglumatlara görä Perito-Moreno buzlugynyň ýaşy 30 müň ýyl töweregidir. Buzluk tutuşlygyna alnanda syrça

Mermer ördek

Mermer ýa-da dar burunly ördek (lat. Marmaronetta angustirostris) Marmaronetta urugynyň ýeke-täk wekili. Onuň dünýäde ortaça 55 — 61 müň görnüşi bar. Şonuň üçin ol Halkara Gyzyl kitabyna girizildi we suw guşlarynyň bu görnüşini awlamak gadagan edildi. Guşuň bedeniniň umumy uzynlygy 45 santimetr, ganatyny gerende uzynlygy 25 santimetr. Ol, esasan, kenarýaka ösümliklere baý, ýalpak, dury suwlarda ýaşaýar. Sebäbi bu guşlar suwdan iýmitlenýärler. Ol suwda ýüzüp barýarka suwa çümende, suwuň ýüzünde diňe guýrugynyň ujy görünýär. Köplenç ownuk mollýuska we suwdaky mör-möjekleri, balyklary tutup iýýär. Haçan-da suw howdanlary doňup, zerur iýmit ýetmezçilik edende, guşlar iýmite has baý bolan ýyly ýurtlara göçýärler. Bu guş agaçlaryň şahalarynda oturmagy, daş-töweregi synlamagy gowy görýär. Höwürtgesini gury otlardan agaçlaryň üstünde gurýar. Mermer ördek Ýewropanyň günorta sebitlerinde ýaşaýar. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa jülgelerine-de giňden ýaýrandyr.

Täsin daragt

Jakaranda — täsin ösümlik. Jakarandanyň watany Günorta Amerika hasaplansa-da, häzirki wagtda ol dünýäniň köp ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Jakarandanyň täsin gök, benewşe reňkli, jaňjagaza meňzeş gülleri bolýar. Bu ösümligiň käbir görnüşleriniň ak, sary we goýy gyzyl reňkli güllüleri hem gabat gelýär. Hemişe gök öwüsýän bu ösümlik oktýabr aýyndan dekabr aýyna çenli has owadan görünýär. Bu döwürde ol gülleýär we baldaklary güle bürenýär. Onuň boýunyň uzynlygy 20 – 30 metre çenli ýetýär. Jakaranda Awstraliýada giňden ýaýran agaçdyr. Her ýylda Grafton şäherinde Jakaranda festiwaly geçirilýär. Awstraliýada maşgalada çaga doglandan soň, jakaranda agajynyň nahalyny oturtmak däbi bar. Awstraliýaly talyplar bu agajy «synag agajy» diýip atlandyrýarlar. Jakarandanyň gülleýän wagty onuň güli kimiň kellesine gaçsa, bu onuň synagdan üstünlikli geçjekdigini aňladýar.

Bag — barlyk, bakylyk, bolçulyk, bagt

Döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyjy bilen geçen şenbe gününde — 9-njy noýabrda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekiş möwsümine badalga berildi. Bu ählihalk ýowar gününde gözel paýtagtymyzda, sebitiň ilkinji «akylly» şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynyň çar künjünde ýaşajyk nahallar oturdylyp, topraga kök uran baglara ideg işleri geçirildi. Möwsümiň Hasyl toýunyň öňüsyrasynda başlanmagy edermen babadaýhanlarymyzyň hem-de zähmetsöýer, agzybir halkymyzyň kalbyny çäksiz buýsanç bilen pürepürledi. Hemişelik Bitarap Watanymyzda her ýylyň iki, ýagny güýz, ýaz pasyllarynda agaç nahallarynyň millionlarçasyny ekmek, «ýaşyl» ykdysadyýetiň goruny baýlaşdyrmak, tebigy gurşawyň täsiri, iýmitlik, şerbetlik azyk önümleriniň esasyny düzýän dürli, datly miweler arkaly ynsan saglygyny berkitmek we ömrüni uzaltmak asylly däbe, döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda miweçilige ýöriteleşdirilen daýhan birleşikleriniň, kiçi we orta telekeçileriniň köpüsiniň ýerli hem-de toprak, howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan ştil-nahalçylyk, miweçilik bilen meşgullanmaklary, ýetişdiren hasyllaryny ýylyň islendik pasylynda ter ýagdaýda, şeýle-de olary gaplanan, gaýtadan işlenen görnüşlerde amatly bahadan halkym

Bäş reňkli derýa

Tebigatyň ajaýyp gözelliklerine ser salanymyzda onuň täsin gurluşyna, reňkleriň özara sazlaşygyna gözümiz düşýär. Olaryň hersiniň aýratyn owadanlygy bar. Emma käbir ýerleriň öwüşgini beýlekilerden aýratyn bir şekilde bölünip aýrylýar. Kolumbiýadaky Kano Kristales derýasy bolsa, köp reňkliligi bilen tapawutlanýar. Oňa ýerli ilat tarapyndan “Bäş reňkli derýa” ýa-da “Suwuk älemgoşar” hem diýilýär. Şol sebäpli hem ol akar suwly derýalaryň arasynda iň owadany hasaplanýar. Ýylyň käbir paslynda adaty derýadan tapawudy bolmadyk bu akaba, iýul aýynyň ahyryndan dekabra çenli aralykda ýaşyl, sary, gök, gara we gyzyl reňklere öwrülýär. Derýanyň ugrunda birnäçe şaglawuklar hem ýerleşýär. Bu derýa üç sany esasy ekoulgamyň – Amazonka derýasynyň, And daglarynyň we Gündogar Lýanos sährasynyň çatrygynda bolanlygy sebäpli ösümlik we haýwanat dünýäsine hem diýseň baýdyr. Onuň töwereginde guşlaryň 420 görnüşi, ýerde we suwda ýaşaýan jandarlaryň 10 görnüşi hem-de süýrenijileriň 43 görnüşi duş gelýär. Derýada endemik suw otlary hem bardyr. Ini 20 metr, uzynlygy 100 kilometrlik derýanyň dürli görnüşli reňkleri onuň içindäki otlaryň reňkine görä üýtgäp durýar. Ýagşyň köp ýagýan möwsüminde derýanyň suwy örän çasly akýar we bulanyk

Te­bi­ga­tyň aja­ýyp gör­nü­şi

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 25-nji okt­ýabr­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­sin­de ýur­du­myz­da güýz­ki bag ek­mek möw­sü­mi­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da hem ha­sa­bat be­ril­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, bu möw­sü­me go­wy taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bag­ly de­giş­li iş­le­ri ge­çir­mek ba­ra­da ýö­ri­te tab­şy­ryk ber­di. Agaç na­hal­la­ry­ny köp­çü­lik­le­ýin ek­mek ýurt de­re­je­sin­de, äh­li­halk iş­jeň­li­gi ne­ti­je­sin­de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hem üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Hor­mat­ly Prezidentimi­ziň ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin agaç na­hal­la­ry­ny ek­mek çä­re­si­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­la­ry pe­der­le­ri­miz­den gel­ýän bu asyl­ly işe ýurt de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Ýa­şyl te­bi­gat — sag­ly­gyň baş go­rag­çy­sy

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let de­re­je­li uly iş­ler bu gün Di­ýa­ry­my­zyň çar kün­jü­niň, şol san­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň, şeý­le hem Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ýy­lyň dört pas­lyn­da gy­zyl-el­wan, al-ýa­şyl öw­süp otu­ran gül­zar­ly­ga, ýa­şyl bos­san­ly­ga öw­rül­me­gi­ne ge­tir­di. Gö­zü­ňe hoş ýak­ýan şeý­le ýag­daý­lar gö­nü­den-gö­ni Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ýo­la goý­lan we bu gün­ki gün Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan do­wam et­di­ril­ýän, ýyl­da iki ge­zek ýaz hem güýz pas­lyn­da ge­çi­ril­ýän äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­nyň aý­dyň ne­ti­je­sidir. Hal­ky­my­zyň uly-ki­çi diý­män, ag­zy­bir­lik­de gat­naş­ýan bu asyl­ly çä­re­sin­de ýy­lyň-ýy­ly­na mi­we­li hem sa­ýa­ly agaç­la­ryň müň­ler­çe­si ekil­ýär. Te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi­ni art­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, yn­san sag­ly­gy üçin hem ta­pyl­gy­syz gym­maty bo­lan ýa­şyl bag­la­ryň, al-el­wan gül­le­riň äh­mi­ýe­ti luk­man­çy­lyk yl­myn