Gülle, çöl agajy, gülle!

13 Noýabr 2024
241

Sözi söze sepläp, syntgylap, renç baryny siňdirendirin öýdýän sözbaşyň sözbaşy şekilli bolsa, dowamy-da ýazylan deýin ýazylaýjak ýaly. Soňky sözüň tutuş sözleme gümürtiklik, gümanalyk çaýýanlygyny üşükli okyjy gürrüňsiz aňar, üstesine-de, ýene-de bir zady aňsa aňandyr. Aňylaýjak ol zat nämedir öýdýäňiz? «Ýazylmaly zada beletlik» diýýäňizmi? Iňňän dogry söz. Bu il-günüň «Çüýlemek çüýledi» diýýäni bolar. Eýsem näme?! Žurnalistikada, žurnalistleriň arasynda ykrar edilen bir pikir bar: gahrymanyňy, önümçiligiň pudaklaryny, ylmy, tehnikany, tebigaty... garaz, tutuş durmuşy näçe bilseň bil, ýazmak şonça-da kynlaşýar. Gurbannazaryň «Ýeri, ýazmak kärin tapdyň sen nirden?» diýen setiri, meger, söz sungatynyň şeýle çylşyrymlylyklary zerarly dörese dörändir. Çünki söz kämilligine çägiň çägi ýok. Tejribe toplaýa-toplaýa, jogapkärçilik duýgusy çuňlaşa-çuňlaşa, her sözi aň aýdyňlygynda durlap, paýhas eleginden eleýe-eleýe, ýürek ýylysy bilen ýugransoguň, diňe şondan soň, aňrybaş bolmasa-da, garaz, gazetçi ony okyja hödürläp bilse bilýär.

A.Agranowskiý, I.Erenburg, K.Simonow, O.Butow ýaly žurnalistleriň sözi şeýle sözlerden bolansoň, olaryň ady pylankeslige ýetdi. Häzirki «Türkmenistan» gazetinde geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ikinji ýarymynda Ahal welaýaty boýunça habarçysy bolan Hekimberdi Hümmedow, agzalan gazetde ömrüniň dürli ýyllarynda işlän Allaguly Ýusubow žurnalistik sözüň nädipler söz bolýandygyny özleri aňyp, yzdan gelýänlere-de mekdep bolan adamlardy. Öňde biriniň «Eýläm törüm, beýläm tärim» diýşi ýaly, žurnalistem bir ýany okyjyly, beýleki ýany redaktorly, aralykdaky hasabatly adam. Hasabatlylyk ýaly zat barmy? Jogapkärçilik bar ýerinde iş iş ýaly bolýar. Ähtimal, şonuň üçindir, sazak, çerkez hakdaky şujagaz ýazgy ýyllarboýy arkanjaklap, nesibesi şu güne çekse çekene meňzeýär, belkem!

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW.
«Türkmenistan».