HABARLAR

Dünýä bezeg, döwürlere ýaraşyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu ýylyň 9-njy noýabrynda ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ählihalk bag ekmek dabarasy üstünlikli geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şeýle-de «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýän dabarada saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň millionlarça düýbi ekildi. Bag ekmek dabarasyna mähriban halkymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdy. Bu iş häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Türkmen topragy ýylyň islendik paslynda gaýtalanmajak, özboluşly gözellikleri bilen adamlary özüne maýyl edýär. Ajaýyp tebigatymyzy şahyrlar şygyrlarynda, bagşylar aýdymlarynda wasp edýärler. Tebigatymyzyň her paslyna mahsus aýratynlyklaryny, gözelliklerini synlan adamyň durmuşa bolan söýgüsi, buýsanjy has-d

Zemin goýnunyň baglygy — ýaşaýşyň bakylygy

Zeminiň ýaraşygy saýylýan baglarda ylahy kerem, ynsan zähmetiniň rehnedi örboýuna galýar. Bagbanyň yhlasy bilen ene topraga kök uran nahallaryň ýene sanlyja wagtdan zemin kürtesine salnan keşde mysaly jahany görke getirjekdigine şübhe ýok. Aý-günler aýlanar, ýyllar geçer. Şonda dal kamatly ýaş nahallar bu jelegaýlary gül-pürçük bossanlyga, gür çarbaglyga öwrüp, saýasyny salar, bol miwe eçiler. Ana, onsoň keremli baglary ýetişdirip, «dünýä kitabyna adyny ýazan» şol ynsan soňky nesilleriň hakydasynda ebedi orun alar. Bag adam eli bilen döredilen ajaýyp ýadygärlik mysaly onuň ömrüni, dowamatyny bezeýär. «Bag — gudrat, gül — keramat» diýýär türkmen. Baglyk, gülzarlyk ynsan ýüreginde nepis duýgulary, gözellige söýgini oýaryp, gursakdaky arzuw-hyýallara gönezlik gatýar, ruhuny galkyndyrýar. Ynsan zähmeti, alyn deri bilen döredilen bag adam bilen tebigatyň özara sazlaşygyny, bitewüligini alamatlandyrýar.

Tebigat — ynsan kalbynyň ylham çeşmesi

Tebigat we onuň gözellik dünýäsi, adam bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşyk baradaky çeper oýlanyş asyrlarboýy türkmen edebiýatynyň üns merkezinden düşmän, ýyllarboýy taraşlanyp, şu günlerimize çenli kämilleşip gelipdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa medeniýetini ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ekologiýa düşünjesi we tebigata söýgi bilen terbiýelenen ýaş nesillerde kämil ynsanperwer garaýyşlar kemala gelýär. Ýaşlarda tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýaly asylly ýaşaýyş endiklerini terbiýelemek jemgyýetiň möhüm wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ekologiýa medeniýeti — bu adamzadyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşyny üpjün edýän ýörelgeleriň jemidir. Şeýle hem tebigy gurşawa aýawly çemeleşilmegine täsir edýän ynsanperwer garaýyşlara esaslanýan düşünjeleriň toplumydyr. Ekologik bilim — bu ugra dahylly düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir.

Tebigat — biziň öýümiz

Bagy-bossanly Diýarymyz Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen topragynyň tebigatyny goramakda, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmakda giň möçberli işlere badalga berilýär. Bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilip, bu babatda öňde durýan meseleleriň oňyn çözgütlerine giň ýol açyldy. Hakykatdanam, gözel tebigatymyz öýümiz bolany üçin onuň baý we gaýtalanmajak haýwanat we ösümlik dünýäsini aýawly saklamaga çalyşmalydyrys.

Ajap tebigatly Köýtendag

Lebap welaýaty Türkmenistanyň örän köp syýahatçylyk mümkinçiliklerini özünde jemleýän gündogar welaýaty bolup, bu ýerde gadymy taryhy-arhitektura ýadygärliklerinden başga-da, “Köýtendag”, “Amyderýa” we “Repetek” döwlet tebigy goraghanalary ýerleşýär. Biz söýgüli gazetimiziň okyjylaryna bu welaýatda ýerleşýän “Köýtendag” döwlet tebigy goraghanasy barada gürrüň bermegi makul bildik. “Köýtendag” döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň, Magdanly pes daglygynyň hem-de olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, tebigaty goramagyň we ekologiki ulgamlary dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr.

Ýylgyn

Ata-babalarymyz ýylgynyň syrdam, gaty çybyklaryny dürli maksatlar üçin peýdalanan bolsalar, ene-mamalarymyz onuň aşagyna dökülýän pürüni alyp, tamdyryň iç ýüzüni suwamakda ulanypdyrlar. Şonda suwag berk bolup, çöregiň arkasy keseksiz bolýar. Ine, şeýle bähbitli taraplary bilen tapawutlanýan ýylgyn agajy ýurdumyzyň ähli ýerinde ösýär. Hatda şorluk, batgalyk ýerlerde hem ösüp bilýän bu agajyň birnäçe görnüşi belli. Ol tohumyndan-da, çybygyndan-da köpelip bilýär. Özem ýabany usulda köpelýär. Iň peýdaly taraplarynyň biri, ol şor ýerlerde hem ösmek bilen, toprakdaky duzuň gurap, biziň dem alýan howamyza aralaşmagynyň öňüni alýar. Şeýle şorluklar bolsa Garagumda Amyderýanyň kenar ýakalarynda-da az däl. Bu agajy az-azdan bogup, mal agyly, kaşar üçin ulanypdyrlar. Hatda ak öýleriň daşyna örtülýän gamşyň arasyna-da ýylgynyň syrdam çybyklaryny goşup çykypdyrlar.

Ogurjaly – keýikler adasy

Ýurdumyzda Gyzyl kitaba girizilen seýrek duşýan keýikler goşatoýnaklylar toparynyň «Gazella» toparyna degişlidir. Keýikler owadanlygy, näzikligi, bedeniniň syratlylygy we sarçlygy bilen tapawutlanýarlar. Keýigiň bedeniniň uzynlygy 115 santimetre, beýikligi 75 santimetre, agramy bolsa 30 kilograma ýetýär. Keýik tekeleriniň gara reňkli, uzyn, egri, özi hem halkalar bilen örtülen owadan şahlary bolýar. Bedeniniň ýokary we gapdal taraplary çäge reňkli, aşak tarapy we aýaklarynyň iç taraplary ak reňklidir.

Aý­na ke­be­lek

Greta Ota dünýädäki iň geň galdyryjy we özboluşly kebelekleriň biri. Ol Amerika yklymynda has köp duş gelýär. Bu kebelegiň ganatlarynyň gyralary melewşe reňkde bolup, esasy bölegi reňksizdir. Bu täsin görnüş onuň ganat dokumalarynda ýörite nonostrukturalaryň bolmagy bilen düşündirilýär. Şeýdibem, ol şöhlelendirmäni ep-esli peseldýär. Kebelegiň ganatynyň täsin gurluşly bolmagy onuň haýsy gurşawdadygyna baglylykda, reňkini üýtgetmegine sebäp bolýar. Bu özboluşlylyk kebeleklere ösümlikler bilen garyşmaga we tebigy duşmanlaryndan gizlenmäge mümkinçilik berýär. Aýna kebelekler özünde zäherli alkaloidleri saklaýandygy üçin guşlar olary iýmeýärler.

Hoş­boý ys­ly la­wan­da

Lawanda (Lavandula) 45 – 120 santimetre çenli ösýän, ýakymly ysly ösümlikdir. Ol Afrika, Awstraliýa, Hindistan we ýewropa ýurtlarynda giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Lawandanyň hoşboý ysy onuň tebigy ýaglarynyň kömegi bilen emele gelýär. Bu ösümlik aromaterapiýada we kosmetikada giňden ulanylýar.

Gyş paslynda ýürekleri ýylatjak kitaplar

Gyş pasly nähili üýtgeşik pasyl. Ak gar tozgalaryndan başlap, ählije zat şeýle ajaýyp. Aýratynam, dekabr — üýtgeşik aý. Ýylyň bu aýynda hemmeler, hatda uly ýaşly adamlar hem gündelik durmuşymyzda täsinligiň bolup biljekdigine, arzyly arzuwlarynyň amala aşjakdygyna ynanaslary gelýär. Eger garaşylýan bolsa, diýmek, jadydyr täsinligem uzakda däldir. Gapymyzy kakjak bagt bolsa, eýýäm bosagamyza gelendir. Arçanyň aşagyna düzüljek sowgatlardyr süýjülikler bolsa, bu pursada bizdenem beter garaşýan bolsa gerek. Okalmaly kitaplaryň hem eýýäm öz tekjesinden gozganyp başlan bolmagy ahmal. Beýle bolsa, gyş paslynda, täze ýylyň öňüsyrasynda ýüreklere ýylylyk paýlajak, baýramçylygyň özboluşly jadysyny kalplara ýetirjek kitaplaryň sanawy bilen tanyşmaga taýýarmysyňyz?!