Aý­na ke­be­lek

19 Noýabr 2024
217

Greta Ota dünýädäki iň geň galdyryjy we özboluşly kebelekleriň biri. Ol Amerika yklymynda has köp duş gelýär. Bu kebelegiň ganatlarynyň gyralary melewşe reňkde bolup, esasy bölegi reňksizdir. Bu täsin görnüş onuň ganat dokumalarynda ýörite nonostrukturalaryň bolmagy bilen düşündirilýär. Şeýdibem, ol şöhlelendirmäni ep-esli peseldýär. Kebelegiň ganatynyň täsin gurluşly bolmagy onuň haýsy gurşawdadygyna baglylykda, reňkini üýtgetmegine sebäp bolýar. Bu özboluşlylyk kebeleklere ösümlikler bilen garyşmaga we tebigy duşmanlaryndan gizlenmäge mümkinçilik berýär. Aýna kebelekler özünde zäherli alkaloidleri saklaýandygy üçin guşlar olary iýmeýärler.

In­ter­net mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da taý­ýar­lan Aý­şat AL­LA­BER­DI­ÝE­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.