HABARLAR

Il-ýurt bähbitli işiň öň hatarynda

Umumy öýümuz bolan tebigatyň ekologik deňagramlylygyny saklamakda tokaýlar möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda tokaýlary gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm işe welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri agzybirlik bilen gatnaşýarlar. — Biz döwlet Baştutanymyzyň bagçylygy ösdürmek, oba-şäherlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmek ugrundaky ählihalk hereketiniň öň hatarlarynda bolýarys. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gowy görkezijilere eýe bolduk — diýip, welaýat tokaý hojalygynyň baş bagbany Rüstem Joraýew höwes bilen gürrüň berýär.

Gyşyň örküji

Türkmen halkynyň milli senenamasynda uly çille döwri gyşyň örküji hasaplanylýar. Ol dekabr aýynyň 8-inden başlanyp, tä ýanwar aýynyň 17-sine çenli dowam edýär. «Çille» pars sözi bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Uly çille döwri 40 günläp dowam edip, sowuk, garly, çygly howasy bilen tapawutlanýar. Uly çille çopandyr çoluklar üçin iň jogapkärli döwürleriň biri hasaplanylýar. Olar mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Daýhanlarymyz bolsa täze hasylyň düýbüni tutmak ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Halkymyz gyşyň bu döwri bilen bagly birnäçe nakyllary hem döredipdirler. Olara «Çille gary ― ýeriň gany», «Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz», «Çillede ― çepek, jöwzada ― içmek» ýaly pähimler degişlidir. Şeýle-de halkymyzyň arasynda çille bilen bagly «Çille dolmak — gyş pasly tamamlanmak» diýen düşünje ýörgünlidir. Bular halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda tebigata, onda bolup geçýän hadysalara eden gözegçilikleriniň, durmuşy tejribeleriniň önümidir.

Hazar deňzi hakda

Hazar deňzi dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýapyk suw howdany bolsa-da, onda balyklaryň köp görnüşleri ýaşaýar. Ihtiologlaryň tassyklamalaryna görä, deňizde ýaşaýan balyklaryň görnüşleri 140-dan hem aşýar. Olaryň arasynda uzynlygy adaty otluçöpden geçmeýän kinniwan balyjyklar bilen birlikde uzynlygy birnäçe metre ýetýän uly balyklar hem bardyr. Munuň özi Hazaryň suwunyň duzlulyk derejesiniň dürlüdigi bilen düşündirilýär. Onuň demirgazyk bölegindäki, Wolga derýasynyň deňze guýýan ýerindäki suwunyň düzüminde duz ýok diýen ýalydyr. Akbalyk

Paratetis — iň uly köl

Paratetis Ýeriň taryhynda iň uly köl hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Niderlandlaryň Utreht uniwersitetiniň alymlary braziliýaly, russiýaly we germaniýaly kärdeşleri bilen iňňän gadymy döwürde bu kölüň 2,8 million inedördül kilometr meýdany eýeländigini anykladylar. Munuň özi häzirki Orta ýer deňziniň tutýan meýdanyndan hem uludyr. Mundan, takmynan, 11 million ýyldan hem ozal bu suw howdany günbatarda Alp daglaryna, gündogarda bolsa Türkmenistana çenli aralygy eýeläpdir. Ol özünde suwuň 1,77 million kub kilometrini jemläpdir. Munuň özi onda dünýäniň häzirkizaman kölleriniň ählisindäkiden, takmynan, 10 esseden köp suwuň jemlenendiginden habar berýär. Kölde haýwanlaryň äpet görnüşleri, şol sanda, murtly läheňler ýaşapdyr. Onuň kenaryndaky batgalyklar bolsa häzirki pillerden hem äpet holtumly deýnoteriýalaryň mesgeni bolupdyr. Bu suw howdany 350 müň ýylyň dowamynda kem-kemden gurap, meýdanynyň üçden iki bölegini ýitiripdir. Gara, Hazar we Aral deňizleri onuň galyndylarydyr. Kölüň ady gadymy Tetis ummany bilen baglanyşykly bolup, ol onuň bir bölegi hasaplanylýar. Köl Alp, Karpat daglarynyň we beýleki dag ulgamlarynyň döremegi bilen bu ummandan bölünip aýrylypdyr. Utreht uniwersitetiniň bu suw howdanynyň möçberini öwrenýän alymlary Paratetisiň ýok bolmag

Biler bolsaňyz...

Üzüm miladydan öňki 6000-nji ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. ***Banan miwe däl-de, ösümlikdir. ***Gülleýän ösümlikler 130 million ýyl ozal peýda bolupdyr.***Dünýäde 298 müň ösümlik görnüşiniň bardygy çak edilýär. ***Ösümlikleriň 70 müň töwerek görnüşi lukmançylykda ulanylýar. ***Dünýäde ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň 80 müň sanysyny iýip bolýar. ***XVII asyrdan ozal käşirleriň ählisi gyrmyzy reňkde ekeni.

Ýelda

Ýelda — güýz paslynyň ahyrky güni we gyşyň uly çillesiniň başlangyjy. Adatça, gyş paslynyň bu güni ýagyş-ýagmyryň kän ýagmagy bilen häsiýetlendirilýär. Muny nusgawy edebiýatymyzyň wekili Seýitmuhammet Saýadynyň şu setirleri hem tassyk edýär: Bolup ol gije göýä ki ýeldan,Howadan ýagdy ýagmyr misli neýsan.

Palmalar

Seýilgählerde ekilýän dürli agaçlardyr güller tebigatyň gözelligine görk goşýar. Ýurdumyzda beýleki agaçlar bilen bilelikde palma agaçlaryna hem aýratyn üns berilýändigini hem-de olaryň sanynyň artdyrylmagy üçin dürli görnüşleriniň ekilýändigini bellemek gerek. Aslynda palmalar tropiki we subtropiki etraplarda ösýän agaçlardyr. Bu agajyň esasy gelip çykan watany Hindi-Malaý we Gwineý-Brazil topraklary hasaplanylýar. Palmalar tebigatyň gözelligine özboluşly görk goşýan ajaýyp we özboluşly agaçlardyr. Bu agaç bezeg agajy bolmak bilen, islendik adamyň ünsüni özüne çekýär. Çünki olar özüniň daşky görnüşi we owadanlygy bilen beýleki agaç görnüşlerinden mese-mälim tapawutlanýarlar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +15... +20 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +8... +13 gradus maýyl bolar.

Garagum sährasy – gaýtalanmaýan gözelligiň mekany

Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp Garagum sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garagum sährasy türkmen kalbynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu sährada asyl durkunda saklanyp galan tebigatyň gadymy hem-de üýtgewsiz keşbi halk ýaşaýşynyň tebigy etnografiýasyny öwrenmekde we oňa akyl ýetirmekde juda möhümdir. Ýurdumyzyň umumy meýdanynyň üçden bir bölegine golaýyny, ýagny 350 müň inedördül metr töweregini tutýan Garagum sähramyz özüniň tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ol günortada Köpetdagyň dag etekleriniň, Garabiliň we Bathyzyň, demirgazykda Horezm golunyň, gündogarda Amyderýa jülgesiniň we günbatarda Gündogar Uzboýuň hanasynyň arasynda ýerleşýär. Garagum sährasynda ýaşan ata-babalarymyz hemişe tebigata paýhasly garamak bilen, ondan öz ýaşaýyş-durmuşy üçin iň bir zerur zatlary almagy başarypdyrlar. Ylaýta-da, olar özleriniň saglygyny hut Garagumuň tebigaty, ösümlik dünýäsiniň üsti bilen aýawly gorap saklapdyrlar. Mysal üçin, dana pederlerimiz tikenli göýüli, keýigoty ýaly içki beden agzalaryny, daşky bedeni kesellerden gorap saklamakda iň bir ýörgünli ulanylýan ö

Dagdan