HABARLAR

Baglar — zemin bezegi

Keremli topragymyzy bagy-bossanlyga büremek işine welaýat tokaý hojalygynyň bagbanlary işjeň gatnaşýarlar. Olar welaýatymyzyň etraplaryndaky nahalhanalarynda dürli agaçlaryň nahallaryny köpçülikleýin ösdürip ýetişdirýärler we olary edara-kärhanalara we raýatlara ýerleşdirýärler. — Şanly ýylymyzyň geçen döwründe hojalygymyz boýunça pürli, ýaprakly we miweli agaç nahallarynyň 445 müň düýbi ösdürilip ýetişdirildi. Bulardan başga-da üzümiň, bezeg agaçlarynyň, çöl ösümlikleriniň hem on müňlerçe düýbüni ýetişdirdik. Geljekki işlerimiz üçin agaçlaryň we çöl ösümlikleriniň tohumlaryny ýygnamak işlerini hem üstünlikli alyp barýarys — diýip, hojalygyň baş bagbany Rüstem Joraýew gürrüň berýär.

Goraghanalar barada täsin maglumatlar

Häzirki wagtda dünýäniň 120 döwletinde jemi 654 sany biosfera goraghanasy bar. Dünýäde ilkinji goraghana Beýik Britaniýanyň Günbatar Ýorkşir sebitinde 1821-nji ýylda tebigaty öwreniji Çarlz Uorterton tarapyndan öz seýilgähini bikanun awçylardan, ýagny, brakonýerlerden goramak maksady bilen döredilipdir.

Ary guşy

Ary guşy Merops (Meropicea) maşgalasyndan bolup, ol esasy iýmiti ary bolan guş görnüşlerine degişli. Bu guşlar Ýewropa we Afrika sebitlerinde giňden ýaýrandyr. Yssy yklymlary söýýän ary guşlary uçýan mör-möjekleri aňsatlyk bilen tapyp boljak suwly zolaklaryň ýakynlarynda ýaşaýarlar. Toprak oýuklarynda ýa-da gaýalaryň aralarynda höwürtge edýärler. Ary guşlary reňkli guşlaryň biri bolup, boýun bölegi ýaldyrawuk sary, kelle üst ýelekleri gyzyl ýa-da goňur, göwresiniň ýelekleri bolsa mawy ýa-da ýaşyl bolýar. Gözleriniň daş-töweregi sürme çalnan ýaly, gara reňkde bolýar. Guýruklarynyň we ganatlarynyň aşagy ak reňklidir. Hereket eden wagtlary gün şöhlesine ýaldyraýarlar. Bu guşlar göçýän guşlara degişlidirler.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Ýagýar ýagyş...

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024

De­kabr — gy­şyň buş­luk­çy­sy

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Pa­syl­lar aý­la­nyp, aý­lar do­lan­dy. He­mi­şe­ki­si ýa­ly şat­lyk-şow­hu­ny bi­len aja­ýyp gy­şyň owa­zy alys­lar­dan eşi­di­lip, her bir yn­sa­nyň ýü­re­gi­niň tö­rün­de şow­hun­ly gy­şyň gel­ýän­di­gi­niň buş­luk­çy­sy bol­dy. El­bet­de, gy­şyň iň ar­zy­ly pur­sa­dy bar­dyr. Şol pur­sa­da bü­tin adam­lar sabyr­syz­lyk bi­len garaş­ýar­lar. Ol dün­ýä­dä­ki iň uly baý­ram. Bu maş­ga­la­ny bir sa­çak­da do­gan-ga­ryn­daş­la­ry bi­len jem­le­ýän Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy. Gyş ge­len­de il­kin­ji no­bat­da hem­me­ler Tä­ze ýy­lyň ýa­kyn­lan­dy­gy­ny duý­ýarlar. Bu duý­gy­ny hem gy­şyň buş­luk­çy­sy bo­lan De­kabr aýy ber­ýär. De­kabr — gy­şyň il­kin­ji aýy. Oňa biz gy­şyň buş­luk­çy­sy di­ýip aý­dyp bi­le­ris.

Tebigatyň döreden «Eserleri»

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyza gelip gören syýahatçylar, gadymy topragymyzy ylmy taýdan öwrenen hünärmenler bu mekanyň «tebigatyň zehininden dörän» täsin eserlere baýdygyny aýdýarlar. Taýsyz gymmatlyk hökmünde garalmagy netijesinde asyrlaryň, hatda müňýyllyklaryň şaýady bolan täsinliklere bu günki gün Zeminiň alymlarynyň ünsi gönügýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen köpugurly gatnaşyklarynda tebigatyň goraglylygyna aýratyn orun degişli bolup durýar. Şeýle täsinlikler mekany Balkan welaýatynyň çäginde-de kän. Olaryň arasynda Akpatlawuk we Gökpatlawuk palçyk ýanardaglary aýratyn özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek bilen baglanyşykly işlere badalga berlendigi bu tebigy gymmatlyklarymyzyň ylmy taýdan hem ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň wekillerinden, biologiýa, geografiýa we geologiýa bilen baglanyşykly iş alyp barýan alymlardan, ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň işgärlerinden we Hazar deňzi institutynyň wekillerinden düzülen ýörite toparyň ol ýerlerde iş saparynda bolmaklary bu işiň ýakyn wagtlarda öz miwesini berjekdigine ynamy berkidýär. Alymlar Hazar deňziniň kenar sebitlerinde ýe

Ýaşaýşyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz dünýäniň medeni hazynasyna, ýaşaýyş pelsepesine mynasyp goşant goşan milletdir. Watana bolan söýgi, onuň tebigatyna bolan söýgüden başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda daşky gurşawy goramak we tebigata aýawly çemeleşmek, ýaşlaryň ekologiýa bilimini artdyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ekologik bilim bermek boýunça amala aşyrylýan işler BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan utgaşdyrylýar. ÝUNESKO-nyň tebigy ugur boýunça alyp barýan işleriniň hataryna «Adam we biosfera» maksatnamasy, şeýle-de bu ulgama bagly Konwensiýalar degişlidir. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan, şeýle-de geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa bilimini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Ekologik medeniýetiň esasy maksatlary jemgyýetiň, aýratyn-da, ýaş nesliň ekologik düşünjesini, terbiýesini kä

Bag ekmek — sogap iş

Biziň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa deňagramlylygyny saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu asylly işler halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilip, tebigatyň baýlyklaryny we gözelliklerini geljekki nesiller üçin gorap saklamakda uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen her ýyl miweli, saýaly we pürli agaçlar köpçülikleýin ekilýär. Bag ekişligi ýurdumyzyň ähli künjeginde ýokary guramaçylykly geçirilýär. Bu çärelere ildeşlerimiziň uludan-kiçisi uly ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem öz wagtynda alnyp barylýar.

Gözellikde guşlaryň seresi sülgün

Guşlar dünýäsinde Türkmenlerde täze bolan gyz perzende Sülgün diýip at dakmak öňdenem ýörgünli eken. Dogrusy, men şeýle adyň näme maksat bilen dakylýandygy barada şu wagta çenli çynlakaý oýlanmandyryn. Ýöne bir zat anyk. Hemmeler gyz perzendiň geljekde sülgün ýaly owadan bolmagyny isleýärler.