HABARLAR

Türkmenistan — bagy-bossan

Şäheriň gözelligi ugrunda Welaýat merkeziniň bag-seýilgäh ulgamynyň täze agaçlar, güller bilen üstüniň ýetirilmegine Daşoguzyň arassalaýyş we abadanlaşdyryş trestiniň zähmet topary uly goşant goşýar. Mysal üçin, geçen ýylyň güýz möwsüminde onuň hünärmenleri özleriniň garamagyndaky açyk görnüşli nahalhananyň çäginde hemişe ýaşyl öwsüp oturan pirikato gyrymsy bezeg agaçlarynyň nahallaryny ekdiler. Ol gyrkyp, dürli şekilleri ýasap bolýandygy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda şäheriň dürli künjeklerinde ondan ýasalan şekilleri görmek bolýar. Ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bu agaçlaryň sany has köpelse, onda onuň welaýat merkeziniň tokaý zolagynyň öňküden hem gözelleşmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir.

Dünýäniň gymmatbahaly daşlary

Biz dünýäniň iň gymmatbahaly daşy göwherdir diýip pikir edýäris. Emma ol beýle däl. Tebigatda göwher ýaly täsin, owadan, käte gymmatlygy boýunça ondan hem ýokary, ýöne seýrek duş gelýän minerallar hem bar. Adatça, olaryň gymmatlygy daşyň tebigylygy, seýrekligi, owadanlygy hem-de oňa bolan islegiň ýokarylygy bilen ölçenýär. Makalamyzda şol gymmatbahaly daşlaryň sanawyny bermegi makul hasap edýäris. Gyzyl almaz — almaz toparynyň örän gymmat görnüşi we dünýäde iň gymmat mineraldyr. Adamzat taryhynda bu mineralyň birnäçe görnüşleri tapylypdyr we olaryň köpüsi örän kiçi agramda bolupdyr (iň kiçisi 0,5 karatdan hem az). Gemmologiýa ylmynda almazyň bu görnüşiniň tebigy reňki goýy gyrmyzy diýlip hasap edilýär. Reňkli almazlaryň ýeke-täk mesgeni Argaýyl (Awstraliýa) almaz känleri bolup, ondan her ýylda sanalgyja möçberde daş alynýar. 0,1 karat agramda bolan bu mineralyň tebigy görnüşi, adatça, diňe auksionlara çykarylýar.

Sahypamyzyň myhmanlary

Deňiz pyşdyly tennisiň topy ýaly ululykdaky ýumurtgadan çykanyndan soňra, çägelikdäki hininden çykyp, deňze tarap süýşüp başlaýar. Ol suwa ýetýänçä, guş, leňňeç ýaly duşmanlaryndan goranmaga, tolkunlara özüni atanyndan soňra bolsa, beýleki deňiz jandarlaryndan gaçmaga mejbur bolýar. Olar ýumurtgadan çykan ugruna näme etmelidigini we haýsy tarapa ýöremelidigini gowy bilýärler.

Tebigat ýaşaýşyň çeşmesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy maddalary tygşytly ulanmak, suw serişdesini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, şahsyýetiň aň-düşünjesini we ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek, sporty ösdürmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda ekologiýa meseleleri global häsiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginden täze innowasion dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi talap edýär, sebäbi bu gün tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy, ösüşi, geljegi, ekologiýa gönüden-göni bagly bolup durýar. Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol

Tebigat — bereket hazynasy

Türkmen topragynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu meselelerde dünýä nusgalyk ýörelgä eýerýär we degişli edara-kärhanalaryň öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar. Olara laýyklykda möhüm resminamalar kabul edilýär. Şeýle resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy hem bar. Bu iri göwrümli maksatnama laýyklykda ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, täze tokaý zolaklaryny döretmek, şeýle-de howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykýan ýaramaz täsirleri kemeltmek bilen, ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda tutumly işler alnyp barylýar. Şeýle ählihalk işine Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri hem saldamly goşant goşýarlar. Biziň goraghananyň direktory Garýagdy Setdarow bilen söhbetdeşligimiz hem şeýle il-ýurt bähbitli işler hakynda boldy. — Garýagdy Setdarowiç, goraghananyň biodürlüligi turuwbaşdan hemmeleri gyzyklandyrýan sowal...

Suwy şypaly gowak

Köwata gowagy Aşgabatdan 100 kilometr günbatarda ýerleşýär. Gowagyň içindäki uly köl suwy suwa düşmek üçin ýaramlydyr. Köwata gowagynyň kölüniň uzynlygy 80 metre, ini 14 metrden 23 metre çenli bolup, iň çuň ýeri 16 metre ýetýär. Onuň suwunyň temperaturasy mydama 33—38 gradus ýylylykda saklanýar. Onuň suwy ynsan saglygy üçin peýdalydyr. Irki döwürlerden bäri adamlar bu ýerasty kölüň suwunyň adaty bolmadyk häsiýetlerini bilipdirler hem-de deri we iç kesellerini bejermäge gelipdirler. Onuň suwunyň düzüminde kükürtli wodorod, bejeriş häsiýeti ýokary bolan mikro we makroelementleriň onlarçasy bardyr. Has takygy, onuň suwunda 38 görnüşli himiki elementiň bardygy anyklanyldy. Olar içki we deri kesellerinden başga-da, guragyryny we merkezi degna ulgamyny bejermekde peýdalydyr. Ýöne ýürek gan-damar keselleri bolan we gan basyşy kadaly bolmadyk adamlar gowaga girmekden saklanmalydyrlar. Halk arasynda Köwata hakynda birnäçe rowaýatlar bar. Ýerasty gowagyň we kölüň bardygy baradaky ilkinji ylmy maglumat 1856-njy ýylda peýda boldy. Şondan bäri bu ýer adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Häzirki wagtda ol bütindünýä jahankeşdeleriniň üns merkezindedir.

Toprak hem-de ýer hakda

Gaty gatlak, Garagaty — sürülýän gatlagyň astyndaky dykyz gaty gatlak. Bu gatlak ýeriň çuň sürülmezliginiň netijesinde emele gelýär. Däneli ekinleriň we pagtanyň 70-80 göterime çemesi gaty gatlagy deşip ösüp bilmeýär. Netijede ösümlikleriň oňat ösüp bilmeýänligi üçin hasyllylygy-da pes bolýar. Gaýyr ýer — derýanyň ada taşlan ýerindäki ekerançylyk ýer. Onuň topragy küpürçäp duran ýumşak bolýar. Derýanyň ýakyndan akýanlygy üçin toprakdan yzgar çykyp durýar. Şonuň üçin oňa düme gawun-garpyz ekilýär.

Gyzylgum — gyzylly hum

Gyrkylyk yzly bu çöl hakynda oýlananyňda, seriňe hut şeýle pikir gelýär. Hakykatdan-da, Gyzylgumuň topragynyň asty-da, üsti-de baýlyklardan doly. Indi birnäçe ýyldan bäri çölümiziň göwsünden «mawy ýangyç» we «gara altyn» gazylyp alynýar. Türkmen tebigy gazy bolsa alysdaky Hytaýa akdyrylýar. Çölümiziň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän owadan we dürli-dürlüdir. Hawa, Gyzylgum çöl däldir, ol behişdiň bir parçasydyr. Onda bitýän ösümlikleriň ençemesiniň dermanlyk häsiýetleri bar. Olar hakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda giňişleýin maglumatlar berilýär. Şol sebäpli adamlar Gyzylgumy tebigy dermanhana hasaplap, onda ösýän şol ösümliklerden dertlerine dowa tapýarlar.

Çal möjekler

Möjekleriň agajet, syrdam, dykyz göwresi, inçe aýaklary bardyr. Inçeden gelen uzyn ýüzi, gyýak ýerleşen hyrsyz gözleri, ýere biraz ýetmän duran guýrugy, mydama diýen ýaly dik durýan gulaklary olary itlerden tapawutlandyrýar. Daşdan göräýmäge, olaryň hemmesi birmeňzeş çal bolup görünse-de, olaryň hersiniň ýaşaýan ýerlerine we ýylyň her paslyna baglylykda reňkleriniň, tüýleriniň uzynlygynyň tapawudy bolýar. Ýumşak, agymtyl tüýleriniň arasynda gara, ýogyn gyllaryň bolmagy ähli möjeklere mahsusdyr. Şonuň üçin olara çal möjekler diýilýär. Möjekler çöllerde, baýyrlarda, daglyk ýerlerde ýaşaýarlar, adamlardan gaça durýarlar. Olar çaýlaryň, jarlaryň içinde, urpak ýerlerde, daglyklarda özlerine süren edinýärler. Möjekler tomsuna ýeke, kähalatlarda iki-üç bolup, güýzüne we gyşyna bolsa tutuş maşgalalary bilen orda bolup aw edýärler. Aw awlanlarynda ordanyň ähli agzalary sazlaşykly hereket edýärler. Ýaş möjekler oljany dürli taraplaryndan ürküzip, belli bir ugra tarap gaçmaga mejbur edýärler. Uly möjekler bolsa gerek ýerinde bukulyp, çemine gelende, bat bilen oljanyň üstüne böküp, bokurdagyndan ýapyşýarlar we ony ýere ýykmak bilen bolýarlar.

Baglar gülledi

Golaýda gazetimiz bilen ýygy aragatnaşyk saklaýan kerkili bilim işgäri Ödegeldi Kulyýew redaksiýa jaň edip, etrapda baglaryň gülläp başlandygyny we tebigatyň täze keşbini surata düşürendigini habar berdi. Ol öňki ýyllarda, adatça, badamyň ir gülleýändigini, ýöne şu ýyl ilkinji bolup erigiň gülländigini hem sözüniň üstüne goşdy. Bu habar bereketli türkmen topragyna şahandaz bahar paslynyň golaýlap gelýändigine şaýatlyk edýär. Gyşyň soňky aýynda howanyň ýyly gelmegi tebigatyň ir janlanmagyna getirdi. Ýene-de sanlyja günlerden bolsa halk senenamamyz boýunça çarwa gyşy tamamlanyp, hut döwri başlanýar. Ol 21-nji fewraldan 22-nji marta çenli dowam eder. Bu döwür daýhanlaryň ýaz-meýdan işlerine gyssanmaly döwrüdir. Welaýatymyzyň babadaýhanlary häzirki günlerde ýeralmadyr beýleki gök ekinleriň ekişini guramaçylykly alyp barýarlar. Baglaryň güllemegi bolsa sygyr ýylynyň bereketli boljakdygynyň ýene bir subutnamasydyr.