Tebigat — bereket hazynasy

17 Fewral 2021
1753

Türkmen topragynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu meselelerde dünýä nusgalyk ýörelgä eýerýär we degişli edara-kärhanalaryň öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar. Olara laýyklykda möhüm resminamalar kabul edilýär. Şeýle resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy hem bar. Bu iri göwrümli maksatnama laýyklykda ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, täze tokaý zolaklaryny döretmek, şeýle-de howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykýan ýaramaz täsirleri kemeltmek bilen, ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda tutumly işler alnyp barylýar. Şeýle ählihalk işine Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri hem saldamly goşant goşýarlar. Biziň goraghananyň direktory Garýagdy Setdarow bilen söhbetdeşligimiz hem şeýle il-ýurt bähbitli işler hakynda boldy.

— Garýagdy Setdarowiç, goraghananyň biodürlüligi turuwbaşdan hemmeleri gyzyklandyrýan sowal...

Söhbetdeş bolan Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz.