HABARLAR

Iň uzyn palma agaçlary

Tebigatda duş gelýän geň-enaýy täsinlikleriň biri-de, Kolumbiýa döwletinde ýerleşýän Kokora jülgesiniň 1800 – 2400 metr beýiklikdäki daglyk ýerinde ösýän, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna giren palma (Ceroxylon quindiuense) agaçlarydyr. Bu palma agaçlary Kolumbiýa döwletiniň milliligi hasaplanylýar. Iň uzyn palma agajy başgaça «Kondioý mum örtülen palma» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi bu agajyň sütüni mum bölüp çykarýar we özüni zyýankeş mör-möjeklerden goraýar. Iň uzyn palma agaçlarynyň beýikligi 50 metre çenli ýetip, olar onlarça kilometr uzaklykdan hem görünýärler. Palmanyň sütüni silindr şekilli bolup, ýere golaý böleginiň göwrümi 50 santimetre ýetýär. Bu palma agaçlary tebigy şertlerde 120 ýyla çenli ýaşamaga ukyplydyrlar.

Togdary

Türkmen tebigatynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň biri hem togdarydyr. Togdary toklutaýlar maşgalasyna degişlidir. Bu guşlaryň göwresi sülgünden hindi towugynyň ululygyna çenli bolýar. Boýny we aýaklary uzyndyr. Kellesiniň, gursagynyň, ganatynyň öň taraplarynyň melemtil-çalrak, arkasynyň sarymtyl-mele, egrem-bugram çyzykly gara-ak ýelekleri bolýar. Depesinden, kellesiniň we boýnunyň yz tarapyndan döşlerine çenli sallanýan, uçlary şar gara, uzyn çalymtyl ak ýelekleri togdarylary aýratyn owadan we haýbatly görkezýärler. Togdary Türkmenistanyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň çöl ýerlerinde, Bötendag çöketliginde, goraghanalaryň aýratyn goralýan ýerlerinde duş gelýär. Ýöne olar ilatly ýerlerden gür çöpli, urpak ýerlerden, daglyklardan, jarlyklardan gaça durýarlar. Tekiz, gyr ýerlerde, alatakyrly düzlüklerde, ýowşanly ýa-da ýumşak otly baýyrlyklarda gezmegi halaýarlar. Howlukman, örän ätiýaçly gezýärler. Howp abanan ýagdaýynda örän çalt ylgap gaçýarlar. Uly togdarylar dürli gökje otlar, ösümlikleriň däneleri, meýdan otlarynyň tohumlary, şeýle-de mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Mäkiýan togdarynyň kürk bolýan döwri aprel aýynyň başlarynda başlanýar. Tekiz meýdanlarda ýowşandyr titir ýaly ösümlikleriň arasynda on-on bäş santimetrlik çuňlukda çuk

Ynsan bilen tebigat (Pel­se­pe dün­ýä­si)

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:«Te­bi­gat bi­ziň içi köz­li oja­gy­myz, rys­gal-be­re­ke­diň göz­ba­şy, gö­zel­lik çeş­me­si. Ba­ha­ryň aja­ýyp pur­sat­la­ryn­da türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­li­gi söz bi­len be­ýan eder­den has be­lent­de» Bagt­ly ýa­şa­ma­gyň hem-de te­bi­gat bi­len yla­la­şyk­da ýa­şa­ma­gyň iki­si-de bir zat.

Ýedi reňkli ýaý

Mähriban çagalar! Ýagyş ýagmagynyň yz ýany emele gelýän ýarym tegelek görnüşindäki dürli reňkli älemgoşary gören bolsaňyz gerek?! Bu täsin tebigy hadysa Gün şöhleleriniň ýagyş damjalarynda döwülmegi netijesinde emele gelýär. Aslynda, bize sary bolup görünýän hem bolsa, Gün şöhlesiniň reňki ak bolýar. Ak reňkde gyzyl, sary, ýaşyl ýaly beýleki ähli reňkler jemlenendir. Ýagyş damjasy ol reňkleri bölüp, bize aýratynlykda görkezýär. Ýagny ýagyş damjalarynyň tebigy optiki prizma öwrülmegi bilen döreýär. Älemgoşarda, adatça, ýedi reňk bolýar: gyzyl, narynç, sary, ýaşyl, mawy, goýy gök we benewşe. Onuň reňkleri hem köplenç şu tertipde bolýar. Älemgoşaryň çür depesi, ýagny egrelýän ýeriniň ortasy 42 gradus bolup, ol gyzyl reňk daş, benewşe reňk iç tarapda bolýar. Kähalatlarda merkezi burçy 50 gradus bolan ikinji älemgoşar hem peýda bolýar. Ýagny goşa älemgoşar emele gelip, onuň biri has gowşak görünýär, reňk tertibi beýlekisiniň tersine bolýar.

Höwesjeň bagbanlar

Adaty bolmadyk agaçlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan höwesjeň bagbanlaryň ençemesi Gubadag etrabynda hem bar. Olaryň yhlasy netijesinde, öňki döwürde bu sebit üçin häsiýetli bolmadyk unaby, garaburç, dub, injir, nar, hoz, pisse, zeýtun ýaly agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle bagbanlaryň biri hem etrabyň Baýdak obasynda ýaşaýan Soltan Ödekowdyr. Soltan aga indi ençeme ýyllardan bäri öz melleginde hoz agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Onuň melleginde uly ýaşly hozlaryň 18 — 20 düýbi bar. Olar her ýyl bereketli hasyl getirýär.

Tebigatyň täsinlikleri

HER BIRI ÖZ DEREJESINDE TEBIPRowaýatlara görä, Isgender Zülkarneýin atlylary bilen uzak ýol söküp, ýaz paslynyň ilkinji günlerinde güneşli Diýarda düşleýär. Şonda togdarylaryň, käkilikleriň, sülgünleriň, bedeneleriň täsin owazy, keýiklerdir gulanlar, dag goçy serkerdäni haýrana goýýar. Tebigatyň gözel görküne melul bolup oturan serkerde: «Bu ýerler gül-pürçüge, bagy-bossanlyga baý. Şeýle tebigatda ýaşaýan adamlaryň hem kalby şu güller ýaly açykdyr, arassadyr. Olar juda sadadyr. Adamlary-ha däl, eýsem tebigatyň baýlygy bolan gül-gülälekleri hem depelemäň, ýabany haýwanlary-da ürküzmäň! Şu ýerden yzymyza dolanalyň!» diýipdir. Şeýle gözel tebigatyň ösümlik dünýäsinden, derde derman howasyndan dem alýan haýwanat dünýäsi däl, eýsem, ynsanlar hem derdinden saplanýar.

Ekologiýa abadançylygy — saglygyň goraglylygy

Ilatyň saglygyny berkitmekde daşky gurşawy goramaga aýratyn orun degişlidir. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ekologiýa abadançylygyny gazanmak häzirki döwrüň umumadamzat meselesidir. Munuň oňyn çözgüdini tapmak, tebigat bilen ynsan durmuşynyň sazlaşykly gurşawyny emele getirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary hem içeri syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Ol Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Bu maksatlaryň ilkinjisi her bir adamyň sagdyn we tebigat bilen sazlaşykda, ekologiýa taýdan arassa, oňaýly daşky gurşawda ýaşamak hukugyny goramagy esasy ugur edinýär. Ekologiýa fiziologiýasynyň keselleriň öňüni almakda lukmançylygyň binýatlyk esasy bolup durýandygy nazara alnyp, ýurdumyzda tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň umumy sazlaşygy döredilýär. Daşky gurşawy goramak boýunça oňyn başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek, baglara ideg etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýakymly howa gurşawynyň döredilmegine ýardam edýär.

Tebigatyň zynaty

Adam göwni mydama gülleriň gözelligine maýyldyr. Şonuň üçin hem güller biziň durmuşymyzda uly orun alýar. Ähli döwürlerde-de adamlar gülleri näzik duýgularyny beýan etmekde ulanypdyrlar. Her gülüň, onuň reňkiniň aňladýan manysy bolupdyr. Gyzyl bägül söýginiň nyşany bolsa, myhaklar hormaty aňladypdyr. Çopantelpek şatlygy aňlatsa, çigildem salyhatlylygyň, nerkes öwünjeňleriň, men-menleriň güli bolupdyr. Gülleri ekinlerinde, howlusyndaky melleginde ýa-da öý şertlerinde ýörite gaplarda ekmek, şeýdip gül gözelligine ýakyn durmak adamlara mahsus ýagdaýdyr. Munuň üçin eýýäm gadym zamanlarda gülçüler seçgiçilik işlerini geçirip, ajaýyp gülleriň ýüzlerçe görnüşini döredipdirler. Bu işleriň netijesinde gülleriň keşbi has-da owadanlaşyp, köpdürli öwüşgin çaýylypdyr, olaryň bark urýan ysy bolsa seriňi howalandyrypdyr. Häzirki döwürde hem tekjeleri, penjireleriň öňi öý gülleriniň dürli görnüşleri bilen bezelen otaglaryň ýakymy has üýtgeşik bolup, gözüňi dokundyrýar.

Biler bolsaňyz...

Ýer ýüzünde gülleriň müňlerçe görnüşi adamlaryň göwnüni ganatlandyrýar, olaryň ýakymly ysy beýniňi sämedýär. Soňky döwürde adamlar gülleri köpeltmek bilen has içgin gyzyklanyp başladylar. Olar muny gülleriň göwün açyjy, ruhy lezzet beriji serişdedigi bilen düşündirýärler. Siz gülleriň her dürli ysyndan lezzet alansyňyz, ýöne şokolad ysyny berýän güli bilýärsiňizmi?! Şeýle gül bar, özem Meksikada kosmos maşgalasyna degişli. Şokolad ysly bu gülüň ýörgünli ady şokolad kosmosy, ol tebigy şertlerde ösýär. Sokoladyň ýakymly ysyny berýän bu gülüň uzynlygy ortaça 40—50 santimetre, ýapraklarynyň uzynlygy 7—15 santimetre ýetýär. Gülüň diametri 4,5 santimetrden geçmeýär. Gülüň reňki goýy gyzyldyr. Bu gülleriň ysy diňe adamlary däl, eýsem, haýwanlary we mör-möjekleri hem özüne maýyl edýär. Häzirki wagtda tebigatda gaty seýrek duş gelýän şokolad ysly gül medeni usulda has köp ösdürilip ýetişdirilýär. * * *

Reňkleriň täsiri

Adamlar dünýäni ýüz müň dürli reňkleri üçin söýýärler. Sebäbi reňkler biziň durmuşymyzy bezeýär, ömrümizi has-da gözelleşdirýär. Dünýädäki ähli zatlaryň öz reňki, öz sudury bar. Hatda şol bir zat hem birbada birnäçe öwüşginde bolup bilýär. Meselem, zenanlaryň iň söýýän gülleriniň biri bägülüň hem ak, gyzyl, sary, mämişi, gülgüne, hatda gök reňklisi hem bar. Reňkleriň köpdürlüligi dünýäni has täsin görnüşe getirýär. Adamzat hem tebigatdan reňkleri ulanmagy öwrenýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň yhlas bilen dokaýan halylarynyň nagyşlary, gölleri, şeýle hem el işlerinde tebigatda bar bolan gülleriň, maýsalaryň, deňiz-derýalaryň, dag-düzleriň, janly-jandarlaryň keşpleri we reňkleri ussatlyk bilen peýdalanylýar.