Tebigatyň zynaty

25 Aprel 2021
3342

Adam göwni mydama gülleriň gözelligine maýyldyr. Şonuň üçin hem güller biziň durmuşymyzda uly orun alýar. Ähli döwürlerde-de adamlar gülleri näzik duýgularyny beýan etmekde ulanypdyrlar. Her gülüň, onuň reňkiniň aňladýan manysy bolupdyr. Gyzyl bägül söýginiň nyşany bolsa, myhaklar hormaty aňladypdyr. Çopantelpek şatlygy aňlatsa, çigildem salyhatlylygyň, nerkes öwünjeňleriň, men-menleriň güli bolupdyr.

Gülleri ekinlerinde, howlusyndaky melleginde ýa-da öý şertlerinde ýörite gaplarda ekmek, şeýdip gül gözelligine ýakyn durmak adamlara mahsus ýagdaýdyr. Munuň üçin eýýäm gadym zamanlarda gülçüler seçgiçilik işlerini geçirip, ajaýyp gülleriň ýüzlerçe görnüşini döredipdirler. Bu işleriň netijesinde gülleriň keşbi has-da owadanlaşyp, köpdürli öwüşgin çaýylypdyr, olaryň bark urýan ysy bolsa seriňi howalandyrypdyr. Häzirki döwürde hem tekjeleri, penjireleriň öňi öý gülleriniň dürli görnüşleri bilen bezelen otaglaryň ýakymy has üýtgeşik bolup, gözüňi dokundyrýar.

Tatýana DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.