HABARLAR

«Arkadag» ýyldyzynyň şuglasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ata Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki halkara at-abraýynyň, şan-şöhratynyň günsaýyn ýokarlanýan, dabaralanýan ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýyldyzlar tebigaty boýunça bize ýakyn bolan Güne meňzeşdir. Olar gyzgyn gazlardan durýan we öz-özlerinden ýagtylanýan uly göwrümdäki asman jisimlerdir. Ýyldyzlar Gündenem has uzakda ýerleşýändigi üçin olar teleskopda ýylpyldaýan nokatlar ýaly bolup görünýärler.

Çomuçlar Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Tebigata söýgi türkmen halkynyň häsiýetiniň, ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Eziz çagalar, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir işler bagtyýar geljegiň hatyrasynadyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň özboluşly we örän baý tebigaty bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän çägeli sähralarymyz, tolkun atyp ýatan deňiz-derýalarymyz, bal suwly dag çeşmelerimiz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözellik berýär. Türkmen halky asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gorapdyr we tebigat täsinliklerini özüniň medeniýetine, däp-dessurlaryna ornaşdyrypdyr. Halkymyz el işlerinde, aýdym-sazlarynda ajaýyp tebigatymyzy suratlandyryp görkezmegi başarypdyr. Dünýä belli türkmen halylarynyň reňki dürli ösümliklerden alnypdyr, ýüzlerçe dermanlyk ösümlikleri halk lukmançylygynda ulanylypdyr. Şonuň üçin hem, türkmenlerde tebigata bolan aýratyn sarpa, hormat asyrlarboýy saklanyp galyp, nesillerimiziň aňyna ornaşypdyr.

Tebigatymyzy goralyň!

Ýagyşly köçe

Dünýäde özüniň täsinligi we ajaýyplygy bilen tapawutlanýan şäherler, binalar we köçeler diýseň kän. Ine, şolaryň biri hem, jahankeşdeleriň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri Dubaý şäheridir. Bu şäherde kenardan iki kilometr uzaklykdaky emeli adalaryň birinde 2023-nji ýylda emeli görnüşde hemişe ýagyş ýagýan köçe halka hyzmat edip başlady. Şäher ýaşaýjylaryny we myhmanlary haýrana goýýan köçäniň ýokarsy dürli reňkli saýawanlar bilen bezelen. bu ýerde ýöreýänler ýagşyň emeli görnüşde ýagýandygyny duýmaýarlar. Uzynlygy 1 kilometre barabar bolan köçede howanyň temperaturasy 27 gradus derejede saklanýar. Eger howa aşa gyzan ýagdaýynda göze görünmeýän turbalar arkaly ýagýan ýagşyň tempereturasy has hem peseldilýär.

Çynar — gözelligiň nyşany

Dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, ata Watanymyzda çynar agajy köpçülikleýin ösdürilýär. Goýry kölegeli, belent başly bu daragt berkligiň, owadanlygyň, uzak ýaşlylygyň nyşany hasaplanylýar. Şu häsiýetli aýratynlyklaryny nazarda tutmak bilen, ene-atalar yrym edip, täze dünýä inen gyz bäbejiklerine Çynar, Çynargül, Çynarbibi ýaly owadan atlary hem goýýarlar. Gadymy döwürlerden bäri arzylanyp gelýän bu agaçlar derýalaryň kenarlarynda, çeşmeleriň boýlarynda, daglaryň jülgelerinde, dag tokaýlyklarynda ösýärler. Adamlar olary ilatly ýerlerde hem köpçülikleýin oturdýarlar. Çynar agajy howany zyýanly gazlardan arassalamakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Suw howdanlarynyň golaýynda oturdylan çynarlar bolsa suwy gyzmakdan we aşa bugarmakdan goramakda ähmiýetlidir. Ýurdumyzda çynarlaryň şeýle peýdaly taraplary nazarda tutulyp, olardan gorag zolaklary hem döredilýär.

Ak leglek, gara leglek

Köýtendagyň haýwanat dünýäsi örän baýdyr. Olaryň arasynda seýrek duşýan guşlar hem bar. Olaryň biri-de gara leglekdir. Bu täsin guşlar gojaman dagymyzda mesgen tutunyp, onuň gözelligine gözellik goşýarlar. Leglekler uzyn injikliler maşgalasyna degişli bolup, olar özüne uruglaryň altysyny, görnüşleriň hem on ikisini birleşdirýärler. Biziň sebitimizde bolsa olaryň diňe iki görnüşi: ak we gara leglekler duş gelýärler. Olar özleriniň daşky keşpleri, ýelekleriniň reňkleri boýunça tapawutlanýarlar. Gara leglekler biziň goraghanamyzyň çäginde duş gelýärler. Olar ýitip gitmek howpy abanýan guşlar hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna hem girizildi.

Ganatly zebra balygy

Ýer ýüzünde ganatly zebra balygynyň 170-den gowrak görnüşi bolup, olar öz ölçegleri we reňkleri bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Bu balygyň hemme görnüşinde-de kükrek ýüzgüçleri bolýar. Ganatly zebra balyklarynyň bedeniniň uzynlygy, ortaça, 30 santimetre barabardyr. Ýöne bu balyklaryň Karib deňzinde duşýanlarynyň bedeniniň uzynlygynyň 55 santimetre ýetýändigi anyklanyldy. Bu balyklar ýüzgüçleriniň has gowy ösendigi sebäpli uly görünýärler. Onuň ýüzgüçleri guşuň ganatyna meňzeýär. Kellesinde köpsanly iňňe ösüntgileri bolýar. Ganatly zebra balygynyň ullakan gözleri bardyr. Olaryň ýüzgüçleri arkasynda ýerleşip, iki bölege bölünýär. Ýüzgüçleriň öňki bölegindäki ösüntgileri yzky bölegindäki ösüntgilere garanda, uzyn we ýiti bolup, şöhlä meňzeş şekili emele getirýär. Bu ösüntgileriň uçlarynda zäherli mäzler saklanýar. Olaryň jemi 18 sany zäherli ösüntgisi bolup, onuň 13-si arka böleginde, 3-si garnynda, galan 2-si bolsa guýrugyna ýakyn ýerleşendir. Bu ösüntgileriň täsin gurluşy bolup, olar uzaboýuna ýygyrtly bolýar. Bir ösüntgidäki zäheriň mukdary adam üçin howply däldir.

Ýapon bereskleti

Ýapon bereskleti köpýyllyk, hemişe gök öwüsýän gyrymsy agaçdyr. Ol dünýäniň köp ýurtlarynda landşafty bezemekde giňden peýdalanylýar. Beresklet ýylyň bütin dowamynda ýapragyny düşürmän saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Onuň ýapraklarynda doýgun ýaşyl reňk bilen açyk sary reňkiň sazlaşygy tebigatyň görküne görk goşýar. Tebigy ýagdaýda bu agajyň boýy 7-8 metrden geçmeýär. Ýöne owadan keşp emele getirmek maksady bilen gyrkym işleriniň geçirilmegi netijesinde onuň boýy 1-1,5 metre getirilýär. Ýapon bereskletiniň şahalary ýylda, ortaça, 20 santimetre çenli ösýär. Bu bezeg ösümligi otag şertlerinde-de owadanlyk hem-de howany arassalamak maksady bilen giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň ýaşyl hem-de sary reňkli ýapraklarynyň ölçegi 3 — 8 santimetr aralygynda bolup, gyralary diş-diş şekilli, süýri, galyň, üsti tekiz hem ýalpyldawukdyr. Bereskletiň açyk ýaşyl reňkli we sary tegmilli örän ownujak güljagazlary bolýar. Ösümligiň kiçijik şar şekilli miwesi sentýabr aýynda bişip ýetişýär hem-de oktýabr aýynyň ahyryna çenli baldaklarynda saklanýar. Mämişi we gülgüne reňklerdäki miweleriniň içinde kiçijik garamtyl tohumy bolýar. Tebigaty gözel görnüşe getirmek diňe bir bezeg ösümlikleriniň oturdylyşyna bagly bolman, eýsem, olaryň gunçalap, gül a

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwreliň!

Behişdi toprak Tebigat her bir ynsanyň gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak öýüdir. Hut şonuň üçin her birimiz öýümiz hasaplaýan tebigatymyza aýawly garamalydyrys. Ata Watanymyzyň hiç wagt gaýtalanmajak haýwanat hem-de ösümlik dünýäsini gorap saklamak, olara aýawly çemeleşmek hemişe wajyp meseleligine galýar. Munuň şeýledigine bu derwaýys meselä Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz iňňän uly üns berýärler. Şeýlelik bilen eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny goramak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak bilen bagly möhüm wezipeler öňde goýulýar.

Saryja tomus: Üçýyldyz döwri

Türkmen halkynyň irki döwürlerden bäri ýöredip gelýän Ýyldyz senenamasynyň döwürleri özboluşly howa aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ýyldyz senenamasynda «saryja tomus» ýa-da «tomus paslynyň örküji» diýen atlar bilen ýatlanylýan Üçýyldyz döwri bilen baglanyşykly maglumatlar has-da gyzykly. Bu barada öz habarçymyz Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat Medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary, mirasgär Çerkez ALLAJYKOWA ýüz tutdy. Şonda ol bu döwür baradaky pikirlerini, çaklamalaryny özüniň toplan baý durmuş tejribesine we ýylyň-ýylyna biri-biriniň üstüni ýetirip gelýän baý gözegçilik maglumatlaryna esaslanyp, şeýle gürrüň berdi: — Halkymyzda «saryja tomus» ýa-da «tomus paslynyň örküji» diýlip atlandyrylýan Üçýyldyz döwri bu paslyň iň petiş, iň yssy günlerini öz içine alýar. Üçýyldyz dymyk, petiş howaly, Gün şöhlesiniň ýiti günlerinde — iýul aýynyň 23-ine daňdan dogýar we bu döwür awgust aýynyň 12-sine çenli, Uly Köpek ýyldyzlar toparynyň iň ýagty ýyldyzy bolan Ýaldyragyň daňdanlar görünýän wagtyna çenli dowam edýär. Ol hem 12-nji awgusta, daňdan sagat dörde gabat gelýär.