Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda zerur çäreleriň göwnejaý guralmagynyň netijesinde goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsi ýyl geldigiçe artýar. Mele suwly Amyderýanyň kenarlaryna uzalyp gidýän tokaýlyk meýdanynyň uly bölegi goraghananyň çäginde ýerleşýär.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda tokaýlyklaryň tutýan meýdanlaryny giňeltmek, olaryň goragyny we gözegçiligini güýçlendirmek hakda bellenilýär. Şol maksatnamadan ugur alyp, goraghananyň hünärmenleri tokaýlary aw awlamak, mal bakmak, miwe ýygnamak ýaly maksatly kanun bozujylardan goraýarlar. Derýanyň bol suwy, onuň kenaryndaky tokaýlyklar, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi tebigatyň ynsana beren peşgeşidir. Ýylyň yssy döwründe daglardaky garlaryň we buzlaryň çalt eremegi netijesinde güýçli daşgynlar döreýär. Bu tebigy hadysa tokaýlarda ýaşaýan haýwanlaryň ýaşaýyş şertlerini kynlaşdyrýar. Ýüze çykyp biläýjek şeýle kynçylyklaryň öňüni almak üçin goraghana işgärleri dürli çäreleri durmuşa geçirýärler. Olaryň tagallalary arkaly tokaý haýwanlarynyň ýaşaýşy üçin zerur bolan şertler döredilýär.