HABARLAR

Çekseň zähmet — ýagar rehnet

«Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, çeken päk zähmetiň hözirini görmegiň lezzeti başgaça. Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginde 40 ýyla golaý kärendeçi bolup zähmet çeken Mährem Weljikow hem bu günki gün yhlasly zähmetiniň hözirini görüp bagtyýar durmuşda ýaşaýan kärendeçileriň biri. Ýakynda bu kärendeçi bilen duşuşyp söhbetdeş bolanymyzda, ol özüniň ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy. — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak, onda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly çykyşyny diňlemek meni diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Şeýle hem şu taryhy ýylda çeken zähmetime uly baha berlip, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanmagym meniň buýsançly başymy göge ýetirdi. Bu döwlet sylagy meni öňküden-de gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Şaly oragy gyzyşýar

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary şaly oragyny depginli alyp barýarlar. Welaýat boýunça ekilýän 8 müň 100 gektar şalynyň ählisi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky we «27-nji oktýabr» daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl bu daýhan birleşiklerinde şalynyň «müňbaş», «elenga», «Nöküs – 2» ýaly ýokary hasyl berýän sortlary ekildi. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, şu ýyl şaly ekilen meýdanlardan ýokary hasyla garaşylýar. S.A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde kärendeçileriň 432-si 4 müň 450 gektar meýdanda şalynyň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Şalyçylykda baý iş tejribe toplan Meretdurdy Amanow, Şatlyk Annaýew, Tawusjemal Baýmedowa,Wepa Öräýew ýaly kärendeçileriň kärende ýerinde bu ýyl hem şu gymmatly azyklyk ekiniň bereketli hasyly ýetişdirildi.

Güýzde üzüm baglarynda geçirilmeli agrotehniki çäreler

Güýz paslynda üzüm baglarynyň hasyly doly ýygnalandan soňra, üzüm agaçlaryna agrotehnikanyň talaplaryna görä mineral, ýerli dökünleri bermeli hem-de sürüm işlerini geçirmeli. Ýerli dökünlerden malyň çüýrän dersi iň peýdalysydyr. Ol her üç - dört ýyldan gektara 30 – 40 tonna, mineral dökünlerden 600 kilogram superfosfat, 100 kilogram hlorly kaliý, mundan başga-da mikrodökünlerden 3 ýyldan bir gezek 3 kilogram sink, 2 ýyldan 5 kilogram margens, her ýylda 1,5 – 2 kilogram bolar ýaly dökünleri sürümiň aşagyna dökmek maslahat berilýär. Sanalyp geçilen dökünler öz wagtynda we bellenen möçberde berlen ýagdaýynda hasyllylyk 200 – 250 sentnere ýetýär. Dökün berlen üzüm baglaryna yzgar suwuny bermek, üzüm düýplerindäki guran şahalary kesip aýryp, timarlamak işleri geçirilýär. Bu işleriň wagtynda geçirilmegi üzüm agajynyň ýokary hilli hasyl toplamagyna täsir edýär. Gyşda howanyň derejesi +0 gradusdan aşak düşen ýagdaýynda üzüm agajyny çyrpmak maslahat berilmeýär. Üzüm sortlarynyň ösüşi görnüşine we ýerli toprak-howa şertlerine görä, biri-birinden tapawutlanýarlar. Şol sebäpli olaryň çyrpylyşy-da birmeňzeş bolmaýar. Çalt ösýän üzümlerde galdyrylýan pyntyk sany 8 – 10 bogundan kesilýär. Emma haýal ösýän üzüm çybyklary 2– 3 bogundan çyrp

Traktoryň kämilleşdirilen tirkegi

Oba hojalygynda meýdan şertlerinde ýükler köplenç traktorlara tirkelýän tirkegler bilen daşalýar. Her bir tirkege kärendeçä gerek bolan tohum ýa-da mineral dökünler ýüklenip, ekin meýdanynyň golaýna eltilýär. Ýüklenýän ýükler ýükleýji enjamyň kömegi bilen tirkegiň kuzowyna guýulýar. Olary gerekli ýerinde düşürmek üçin traktorçy ýük daşaýan agregaty (traktory we birnäçe tirkegleri) saklaýar we traktordan düşüp, tirkegiň kuzowynyň yzky tarapyny açýar. Şonda ýüklenen ýük kuzowyň açylmagyny kynlaşdyrýar. Oba hojalyk agregatlarynda ýüze çykýan şeýle kynçylyklary aradan aýyrmak maksady bilen, uniwersitetimiziň oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak fakultetiniň mugallymlary talyplaryň gatnaşmagynda traktorlaryň yzyna tirkelýän tirkegleri kämilleşdirmek üçin ýörite iş tejribesini geçirdiler. Tirkegi kämilleşdirmek üçin galyňlygy 3 – 5 millimetr, ini 30 – 35 millimetr bolan polat zolaklar saýlanyp alyndy. Olaryň degişli ýerlerinden deşikleri deşip, okuň daşyndan aýlanar ýaly, tirkege dakyldy. Bu işleri her bir daýhan birleşigiň ýa-da etrap «Obahyzmat» kärhanasynyň ussahanasynda ýerine ýetirip bolýar. Kämilleşdirilen tirkegdäki ýüki düşürmek üçin traktorçy gidroulgamyň bölüji düwmesiniň kömegi bilen, onuň gidrosilindrine ulgamdaky suwuklygy ugrukdyr

Toklularyň ýüň örtüginiň reňki we ýüň önümliligi

Ýurdumyzyň dowardarçylyk pudagynda saryja tohumly goýunlara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu goýunlar et-ýag we ýüň ugurly guýrukman tohuma degişli bolup, çalt ýetişýändigi bilen tapawutlanýar. Olardan alynýan et-ýag ýokumlylygy we hümmetliligi bilen tapawutlanýar. Saryja goýunlarynyň ýokary tehnologik häsiýetlere eýe bolan ak reňkli, ýarym irimçik ýüňi türkmen halylaryny dokamakda möhüm çig mal hasaplanylýar. Çünki bu goýunlaryň ýüňüni senagat taýdan işläp, egirmek arkaly türkmen halylaryny dokamakda ulanylýan eriş, argaç we çitimlik ýüplükler alynýar. Saryja tohumly goýunlaryň guzulary doglanda goňur, ak-goňur we gara-goňur reňkli bolýar. Guzularyň şu reňki ilkinji gyrkyma çenli saklanýar. Sebäbi guzularyň 25 – 30 günlük döwründen başlap, ösýän ýüň süýümlerine reňk beriji pigmentleriň gelmegi kesilýär. 5 aýlyk döwründe ilkinji ýüň bolan baýzy ýüňüniň gyrkylyp alynýan möwsüminden başlap, olarda ak reňkli ýüň süýümleri ösüp ugraýar. Toklular ilkinji gezek gyrkylyp, baýzy ýüňi alnandan soň, olaryň düýrüm ýüňüniň süýümleri ak reňkli bolup, bütin kellesiniň we aýaklarynyň örtüji tüýleri öňki reňkinde (goňur, ak-goňur we gara-goňur) galýar.

Belent harmana goşant

Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň Derýa Orazow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 3-nji pagtaçylyk toparynyň pagtaçy kärendeçileri şu günler pagta ýygymyny üstünlikli dowam etdirýärler. Her bir ýyly uly üstünliklere besleýän toparyň kärendeçileri şu ýyl 110 gektar meýdana gowaça ekip, ondan bereketli hasyl almagy maksat edinýärler. Toparyň ýolbaşçysy Derýa Orazow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toparyň pagtaçylarynyň hasyly ýetişdirmekde, ony ýygnap almakda görkezýän ýokary netijeleri barada buýsanç bilen gürrüň berdi. Ol toparda kärendeçi maşgalalaryň 40-dan gowragynyň bardygyny, olaryň gündelik görkezýän netijeleriniň 2-2,5 göterime barabar bolýandygyny belledi. Tejribeli kärendeçiler Ýolaman Esenow, Daýanç Akyýew, Saparmyrat Rejebow dagylaryň pagta meýdanlaryndan ýygnalan pagtanyň belent harmana uly goşant bolandygyny buýsanç bilen aýtdy. Toparyň kärendeçileriniň yhlasly işlemekleri netijesinde ýygnalan hasyl 230 tonna golaýlapdyr. Ýygym möwsüminde gündelik 100-110 kilogram pagtany belent harmana goşmakda köpmüňçi ýygymçylar Güljahan Babaýewa, Kamar Ýazhanowa, Uzukjemal Ýatjanowa dagylaryň mynasyp paýlarynyň bardygyny aýratyn bellemelidiris.

Kadaly gögeriş gazanylýar

Kaka etrabynyň ak ekin ussatlary geljek ýylyň hasyly üçin 42 müň 400 gektar meýdanda güýzlük däne ekişini geçirmegi meýilleşdirip, häzirki günlerde oba hojalygyndaky möhüm çäräni agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Etrabyň «Türkmenistan», «Parahat», G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşikleri, «Edermen pagtaçy», «Ýaz meýdan», «Ýeke çeşme» daýhan hojalyklary bu işde görelde bolýarlar. Gögeriş suwuny tutmakda tapawutlanýanlaryň hatarynda «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygyny ilkinjileriň hatarynda agzamak bolar. Işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde irki ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş hem gazanylýar. Ösümlikleri goramak gullugynyň hünärmeni Perhat Orazow bolsa häzirki gyzgalaňly günlerde ekin meýdanlarynda bolup, ekine talabalaýyk ideg etmek, zyýankeşlerden goramak boýunça degerli maslahatlaryny berýär.

Şaly oragy dowam edýär

Şu günler welaýatymyzda şaly oragy guramaçylykly geçirilýär. Saýat etrabynyň zähmetsöýer babadaýhanlary hem bereketli meýdanlarda ýetişdirilen bol hasyly wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak işini güýçli depginde alyp barýarlar. Orak işleriniň ýokary hilli we talabalaýyk geçirilmeginde tejribeli kombaýnçylaryň hyzmatyna daýanylýar. Olaryň kömegi bilen her gün onlarça gektar meýdanyň hasyly üstünlikli ýygnalýar. Etrabymyzda üstümizdäki ýylda hem şalynyň ýokary hasyl berýän tohumlary ekildi we olara ideg işleri göwnejaý ýola goýuldy. Netijede etrabymyzyň şalyçy kärendeçileri şu möwsümde Watan harmanyna şalynyň 14592 tonnasyny tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Garaşylan netijä ýetmekde bolsa hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren tehnikalarynyň kömegi bilen işler gowşamaýan depginde dowam edýär.

Gyşyň gamy ýazdan, güýzden

Mary welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň etraplardaky «Maldar» maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlary tutanýerli zähmet çekýärler. Sähra merdanlary ene goýunlardan sagdyn guzy alyp, ýaş mallary össürime goýbermek babatda tagalla baryny edýärler. Çekilýän zähmet ýerine-de düşýär. Önümçilik birleşiginiň Sakarçäge etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary 2024-nji ýylyň owlak-guzy möwsüminde ene goýunlardan 63 müň 278 baş sagdyn guzy almagyň hötdesinden geldiler. Bu işde guwandyryjy netijeleri gazanan bu maldarçylyk hojalygynyň zähmet pälwanlary häzirki wagtda dowarlary Garagumuň öri meýdanlarynda bakýarlar. Çopanlar mallara zooweterinariýanyň talaplaryna laýyk ideg edip, dowarlaryň baş sanyny tükel saklamakda gaýratlylyk görkezýärler.

Bol hasylyň aladasy

Gökdepe etrabynyň oba zähmetkeşleri geljek ýylyň hasyly üçin 10 müň 100 gektarda güýzlük däne ekişini geçirmegi meýilleşdirip, häzirki günlerde möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda tutmak işine hem jogapkärli çemeleşilýär. Kadaly gögeriş gazanylan meýdanlaryň idegi birkemsiz ýetirilýär. Meýdan işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Bu zatlar geljekki bol hasylyň girewi bolup durýar. Jogapkärli günlerinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri oba zähmetkeşleri bilen iş üstünde duşuşyp, olaryň armalaryny ýetirýärler.