Şaly oragy dowam edýär

29 Oktýabr 2024
314

Şu günler welaýatymyzda şaly oragy guramaçylykly geçirilýär. Saýat etrabynyň zähmetsöýer babadaýhanlary hem bereketli meýdanlarda ýetişdirilen bol hasyly wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak işini güýçli depginde alyp barýarlar. Orak işleriniň ýokary hilli we talabalaýyk geçirilmeginde tejribeli kombaýnçylaryň hyzmatyna daýanylýar. Olaryň kömegi bilen her gün onlarça gektar meýdanyň hasyly üstünlikli ýygnalýar.

Etrabymyzda üstümizdäki ýylda hem şalynyň ýokary hasyl berýän tohumlary ekildi we olara ideg işleri göwnejaý ýola goýuldy. Netijede etrabymyzyň şalyçy kärendeçileri şu möwsümde Watan harmanyna şalynyň 14592 tonnasyny tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Garaşylan netijä ýetmekde bolsa hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren tehnikalarynyň kömegi bilen işler gowşamaýan depginde dowam edýär.

Ogulnur HAÝYDOWA,
«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.