HABARLAR

Sa­ha­wat­ly top­ra­gyň was­py

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­nyň was­py­na öw­rü­len Ha­syl to­ýy ýe­tip gel­ýär. Gö­zel Di­ýa­ry­myz­da Ha­syl to­ýu­nyň döw­let de­re­je­sin­de giň­den bel­le­nil­me­gi bi­ziň her bi­ri­mi­zi çuň­ňur buý­san­ja bes­le­ýär. Çün­ki bu baý­ram türk­men hal­ky­nyň rys­gal-be­re­ke­di­niň, sa­çak­la­ry­my­zyň do­lu­ly­gy­nyň, bol­çu­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň öz­bo­luş­ly da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr.

Daýhan baýasa, ýurt baýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli asylly başlangyçlaryny, beýik işlerini mynasyp hem üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda obasenagat ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilip, uly ösüşler gazanylýar. Döwletimiz tarapyndan ýer, suw, dökün, tohum hem-de tehnika babatda döredilýän giň mümkinçiliklerden, döwrebap şertlerden netijeli peýdalanýan edermen daýhanlarymyz, oba hojalygy boýunça iş alyp barýan hususy düzümler ýylyň-ýylyna bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň, dürli görnüşli miweleriň, ir-iýmişleriň, gök-bakja önümleriniň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşant goşýarlar. Olar Hasyl toýuna hem mynasyp zähmet üstünlikleri bilen geldiler. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz her hepdede Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen geçirýän iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerinde oba hojalygy boýunça alnyp barylýan möwsümleýin işleriň, amala aşyrylýan özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtaýar

Uly baýrama zähmet sowgady

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçy daýhanlary Hasyl toýunyň bosagasynda şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda berjaý edip, bereket-bolçulygyň baýramyna uly zähmet sowgadyny taýýarladylar. Olar gowaça ekilen 7300 gektar meýdandan 15 müň tonnadan gowrak «ak altyn» öndürip, borçnamalaýyn tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şunda 500 tonnadan gowrak pagta hasyly bellenilen meýilnamadan artyk ýygnaldy. Zähmet ýeňşi merdana daýhanlaryň toý şatlygyny artdyryp, olary täze üstünliklere ruhlandyrdy. Hojalykda ýetişdirilen bol hasyly çalt hem ýitgisiz ýygnap almak boýunça şu ýyl taýýarlyk işleri ýokary derejede guraldy, ähli ulgamlaryň sazlaşykly hem-de utgaşykly hereketi göwnejaý ýola goýlup, gündelik zerur çäreler geçirildi. Ýygym möwsüminde dürli görnüşli tehnikalar, iş gurallary, ätiýaçlyk şaýlarydyr beýleki oba hojalyk enjamlary bilen doly üpjün edilen ýörite toparlaryň 40-sy döredildi. Olar pagta ýygymynyň bütin dowamynda tehniki-guramaçylyk işlerini alyp bardylar. Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde kärendeçileriň 1560-dan gowragy gowaçany ösdürip ýetişdirmekde netijeli zähmet çekýär. Olaryň aglabasy ýygymyň ilkinji günleri tabşyryklaýyn şertnamalaryny artygy bilen be

Bagy baryň — bary bar

Türkmeniň toý saçagyna almadyr nar, armytdyr garaly, üzüm ýaly miweler aýratyn gelşik berýär. Şeýle önümleriň terligi, göze ýakymlylygy, tagamynyň süýjüligi seni dessine özüne çekýär. Şonuň üçin olara bada-bat eliňi uzadanyňy duýman galýarsyň. Ine, şeýle behişdi önümler bilen Hasyl toýunyň saçaklaryny bezeýän lebaply bagbanlar hem bu baýrama mynasyp sowgatly geldiler. Olaryň jemi 50-ä golaý görnüşli miweleri, 12 görnüşli üzümleri bu gün halkyň saçagyny bezeýär. Baldan datly miweleri ýetişdirýän bagbanlaryň arasynda Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Mäşpaýa obasyndan Agamyrat Hatamow, Dänew etrabynyň Isbaz obasyndan «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Tursunbaý Ýusupow, Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherinden Akmyrat Töräýew dagy hem bar. Olar diňe bir miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek bilen çäklenmän, miweleri çaknyşdyrmak arkaly täze-täze sortlary döretmek işlerini-de alyp barýarlar. Bagbançylyk ugrundan Russiýa Federasiýasynda okap, ýokary bilim alan Akmyrat Töräýew daşary ýurtlarda bitýän miweleriň iň oňat görnüşlerini ýörite gidip getirip, ýurdumyzda ösdürip ýetişdirmek işini alyp barýar. Onuň Amerikanyň Kaliforniýa ştatyndan getiren «Awatar», «Nelloin» görnüşli içi çigitsiz üzüm, Italiýadan

Ýeralmanyň bol hasyly

Hasyl toýuny oba hojalygynyň ähli ugry boýunça guwandyryjy görkezijiler bilen garşylaýan hojalyklaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygy-da bar. Zähmetsöýer zenan Aýjahan Nuryýewanyň ýolbaşçylyk edýän bu daýhan hojalygynyň ýeralma öndürmekde gazanýan netijeleri has-da guwandyryjy. Ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümi bolan ýeralmanyň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna saldamly goşant goşýan hojalygyň zähmetkeş daýhanlarynyň bu ekini ösdürip ýetişdirmekde baý tejribesi bar. Olar hojalyga bölünip berlen ýerleriň bir böleginde ýeralma ýetişdirip, bol hasyl alyp gelýärler.

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Türkmen topragy — rysgal-döwletli toprak. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uludan bellenilýän Hasyl toýy bolsa sahawatly topragymyzyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini, egsilmez rysgaly alamatlandyrýar. Hasyl toýy — bütin halkyň toýy. Bu baýrama ähli oba hojalykçylarymyz bilen birlikde, ýaş daýhanlarymyz hem uly zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Belent maksatlara ýetmek üçin ýaşlar zähmeti özlerine hemişelik hemra edinmelidirler» diýen sargydyna eýerýän ýaşlarymyz türkmen topragyny bagt saçagyna deňäp, yhlasly zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan beýik işler, daýhanlara berilýän goldaw-hemaýatlar olaryň göwünlerini has-da galkyndyrýar. Ýaş zähmetkeşleriň ýürek buýsançlary bolsa belent äheňde ýaňlanýar.

Hususyýetçi daýhanlaryň üstünlikleri

Halkymyzyň baýlygyna deňelýän pagtany ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek milli ykdysadyýetiň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Bereketli güýz paslynda eziz Diýarymyzyň çar ýanynda ýaýylyp ýatan gowaçaly meýdanlarda pagta ýygymy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Güneşli ülkämizde pagta ösdürip ýetişdirmekde we ony gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri taýýarlamakda hususyýetçi daýhanlaryňdyr telekeçileriň hem mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda şu ýylyň hasylyndan başlap, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alnyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy edermen daýhanlary has-da öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ykdysadyýetiň dürli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalygynda-da netijeli zähmet çekýän hususyýetçileriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ajaýyp bina» we «Ak ýüpek» hojalyk jemgyýetleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanýan üstünlikleri hem bellenilmäge mynasypdyr.

Oba hojalyk pudagynda halkara tejribesi ulanylýar

Ýowar

Ekerançylyk sözleri

Küdüň — ýer sürlende meýdanda emele gelýän uly-uly kesekleri döwmek üçin, ujy tommaýly agaçdan ýasalan ýönekeý zähmet guraly. Çeper eserlerde «ýumrugy küdüň ýaly» diýen meňzetme köp ulanylýar. Depme — suwy pes ýerden beýik ýere çykarmak üçin ulanylýan, agaçdan ýasalan gural. Bu guraly aýagyň bilen depip herekete getirmeli.