Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşyldepe ýaýlasy datlydan tagamly ir-iýmişleriň mekanydyr. Bu ýeriň toprak-howa şertleri üzümiň ýokuma baý, bol hasylly görnüşlerini ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.
Etrabyň Ýaşyldepe geňeşliginiň ýaşaýjysy Annageldi Annaýew hem tejribeli daýhanlaryň biri hökmünde tanalýar. Ýaşlykdan oba hojalyk işlerinde taplanan Annageldi aganyň üzüm baglaryny ýetişdirmekde hem baý tejribesi bar. Ol köp ýyllap «Ýaşyldepe» daýhan birleşiginde kärendeçilik usulynda zähmet çekip, üzümden bol hasylyň alynmagyna goşant goşdy, bu asylly käriň ugur-ýollaryny oba ýaşlaryna hem öwretdi, birnäçe şägirtleri ýetişdirdi. 2019-njy ýylda daýhan birleşiginden 2,5 gektara barabar ýeri uzak möhletleýin kärendesine alyp, bu günki gün oňa yhlas-azabyny siňdirýän Annageldi aganyň zähmeti ýerine düşýär.